15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli ýörişi amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň barha gözelleşýän we işewürlik hem-de durmuş ulgamynyň merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan Çandybil şaýoluna geldi. Köpetdagyň gözel ýerleriniň biri bolan bu künjekde döwlet Baştutanymyzy Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy, şeýle hem Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça ýygyndy toparynyň agzalary garşyladylar. 

Bu ýerde ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy milli Liderimize şu ýylyň sentýabrynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçiriljek ählihalk çäresine uly taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi, onuň çäklerinde guralýan welosipedli ýörüşiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilişi barada hem aýdyldy. 

Şeýle hem milli Liderimiz 1-nji sentýabrda boljak köpçülikleýin welosipedli ýörüşiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, ýörüşi bökdençsiz geçirmek hem-de onuň dowamynda howpsuzlyk çärelerini ýola goýmak babatda Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörüşi guramak boýunça teklip edilýän ugurlaryň jikme-jik öwrenilmegi, olaryň dowamynda ýörüşi guraýanlar üçin zerur bolan degişli düzümiň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Çandybil şaýolundan Bitarap Türkmenistan şaýoluna, şeýle hem Çandybil şaýolundan Gökdere tarapa we şu ýerden paýtagtymyzyň gündogar künjegine tarap gidýän ugurlaryň welosipedli ýörişi geçirmek üçin oňaýly ugurlardygy tassyklandy. Hormatly Prezidentimiz bu ugurlaryň köpçülikleýin çäräniň ýokary derejede guralmagyny şertlendirýän ähli zerur mümkinçilikler bilen doly derejede üpjün edilmelidigini tabşyrdy. 

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde yzygiderli türgenleşik çärelerini alyp barýan Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň ýanyna bardy. Milli Liderimiz türgenler bilen gürrüňdeş bolup, olaryň türgenleşik işleri, welosipedçiler üçin döredilýän şertler we halkara ýaryşlaryna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirýän çäreler, türgenleriň sport lybaslarynyň bezeg aýratynlyklary bilen gyzyklandy. 

Welosipedçiler bu ýerde türgenleşik işlerini yzygiderli alyp barýandyklaryny bellemek bilen, göwnejaý türgenleşik işlerini geçirmek hem-de halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini nygtadylar we munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

Milli Liderimiz türgenleriň diňe bir sport ulgamynda alyp barýan işleri däl, eýsem, beýleki ugurlar bilen baglanyşykly meseleleri, welosipedleriň haýsy görnüşleriniň bäsleşik üçin has amatlydygy bilen içgin gyzyklandy. Türgenler döwlet Baştutanymyzyň sowallaryna höwes bilen jogap berdiler we sport welosipedleriniň görnüşleri, olaryň tapawudy, türgenleşik geçmek üçin Aşgabadyň günorta künjeginiň aýratynlyklary, şeýle hem bu ýerde her günde 70-100 kilometr aralykda ýol geçip, türgenleşýändikleri barada hormatly Prezidentimize gürrüň berdiler. 

“Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakyndaky” Kararyň kabul edilmegi netijesinde sportuň bu ugrunyň yzygiderli ösdürilmegi, oňa höwesek ýaşlaryň işjeň çekilmegi hem-de welosiped sporty bilen halkara ülňülerine laýyk derejede türgenleşik geçmek ugrunda maksatnamalaýyn çäreleriň işlenip taýýarlanylýandygyny bellemek bilen, welosipedçiler ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň has-da ösdüriljekdigine, 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Azia oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýynyň belentlige galmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar. 

Milli Liderimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň ýokary gazananlaryny ösdürmek, milletiň saglygynyň berkidilmegini üpjün edýän ähli zerur şertleri döretmek, beden taýdan sagdyn we ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyna ýüzlenip, welosipedçileriň üpjünçiligine, esasan-da, olaryň sport lybaslaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Çünki ýurdumyzyň sport abraýynyň belende galmagy ugrunda çykyş edýän türgenleriň lybaslary öňi bilen ykjam bolmalydyr, olarda häzirki zaman bezeg aýratynlyklary bilen milli öwüşginlerimiziň sazlaşygy emele gelmelidir. diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ugurda anyk we yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegi, sportuň bu görnüşiniň sazlaşykly ösdürilmegi hem-de welosiped sporty bilen giň köpçüligiň meşgullanmagynyň üpjün edilmegi ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de yzygiderli alada etjekdigini aýtdy. 

Soňra döwlet Baştutanymyz welosipedçileriň haýyşy boýunça olara goşulyp, paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Çandybil şaýoly bilen menzil aşdy. Milli Liderimiz ýol ugruna welosipedli ýörüşiň halkymyz üçin kada öwrülmeginiň we bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýandygyny belledi. 

Ýylyň bu paslynda paýtagtymyzyň säheriniň jana ýakymly şypasynyň bardygyny bellemeli. Soňky ýyllarda döwrebap binalary, aýdyň ýollary, göwnüňi göteriji seýilgäh zolaklary hem-de dag eteginiň ajaýyplygy bilen sazlaşygy emele getirýän bu künjegiň keşbi has-da gözelleşdi. Dag eteginiň sergin howasynda ynsan ruhuny göterýän ýakymly gudrat bar. 

Paýtagtymyzyň Çandybil şaýolundan sazlaşykly hereket edýän welosipedçileriň belent ruhy, olaryň döwrebap keşpleri dogup gelýän güne tarap barýan welosipedçileriň sportuň ýokary gazananlaryna tarap ynamly gadamlaryny alamatlanldyrýan görnüşi emele getirdi. 

Bu künjegiň howasynyň hoştaplygy, dag etekleriniň ajaýyp keşbi, dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan paýtagtymyzyň nurana keşbi ynsan ruhunyň has-da belende galmagyny şertlendirýär. Bu ýerlerden milli Liderimiziň tagallasy bilen ajaýyp görke giren Aşgabadyň keşbi has-da gözel görünýär. 

Bu görnüşler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, köpçülikleýin sportuň gerimini has-da giňeltmek we onuň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça döwlet derejesinde alada edilýändiginiň adýyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň yzygiderli nygtaýşy ýaly, sport çäreleriniň ynsan saglygyna täsiri ýokarydyr, bu bolsa nesillerimiziň sagdyn we ruhubelent, sazlaşykly ösmeginiň baş şertidir. 

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiren döwrebap sport toplumlary, köpugurly stadionlar halkymyzyň, esasan-da, ýaşlaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Olarda gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlary sportuň dürli görnuşleri bilen meşgullanýarlar. Munuň özi milli Liderimiziň asylly başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan aýdyň ýagdaýlardyr. 

Hormatly Prezidentimiz bilen bilelikde welosiped ýörüşini amala aşyran türgenler topary paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň deňinde saklandy. Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörüşiň Türkmenistanyň ilaty üçin yzygiderli çärä öwrülmelidigini, welaýatlardaky, şäherlerdäki we etraplardaky sport mekdeplerinde welosiped sportuny ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň anyk meýilnamasynyň düzülmelidigini belledi. 

Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri hormatly Prezidentimize sportuň bu ugruny ösdürmekde edýän tagallalary üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Soňra milli Liderimiz bu ýerde welosipedçileriň haýyşy boýunça türgenler bilen ýadygärlik surata düşdi we olara sport äleminde uly üstünlikler, belent abraý arzuw edip, bu ýerden ugrady. 

* * *

Şeýle hem şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary H.Muhammedow, S.Toýlyýew, B.Nurmyradowa, Ş.Durdylyýew we Türkmenistanyň Içeri işler ministri I.Mulikow gatnaşdylar. 

Maslahatyň barşynda şu ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan halkara çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglynyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Maslahata gatnaşyjylar şu ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän ählihalk çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli düzümlerde alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler. Esasan-da, bu çäräniň ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen başlanýandygyny aýtmak bilen, olar bu çäräniň işjeň häsiýete eýe bolmagy, onuň howpsuzlyk derejesi we çärä gatnaşyjylaryň üpjünçiligi boýunça düzümleriň işläp taýýarlan maksatnamasy bilen döwlet Baştutanymyzy tanyşdyrdylar. 

Bellenilişi ýaly, yglan edilen köpçülikleýin çärä taýýarlyk görmegiň barşynda her hepdäniň dynç günlerinde welosipedli ýörişi guramak halkymyz üçin asylly ýörelgä öwrüldi. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu çärä gatnaşyjylaryň üpjünçilik meselesi, olaryň welosipedli ýörişi amala aşyrýan ugurlarynyň kesgitlenmegi hem-de ýolugruna durmuş ulgamyna degişli düzümleriň üpjün edilmegi ugrunda ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanandygy habar berildi. 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň has-da berkarar bolmagy, köpçülikleýin sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegi bilen baglanyşykly çäreleriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýlelikde, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün edýän ýörite maksatnamalaýyn çäreler düzüldi. Oňa laýyklykda, welosipedli ýöriş hereket howpsuzlygynyň biraýlygy ýaly çäreleriň barşynda oňa gatnaşyjylaryň howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça ýörite iş meýilnama taýýarlanyldy. 

Biraýlygyň çäklerinde geçirilýän welosipedli ýörişiň kesgitlenen ugurlarynyň abadançylygy, bu ugurlarda hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini utgaşdyrýan ähli çäreleriň görlendigi hasabatlarda bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak meselesi bellenilen çäräniň esasyny düzýändigini bellemek bilen, oňa dahylly düzümleriň çäreleriň ýokary derejede geçirilmegine jogapkärli çemeleşmekleriniň zerurdygyny nygtady. 

Halkyň sagdynlygy, ýurdumyzyň berkararlygy, şeýle hem ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli bolmagy hem-de olaryň halkara ülňülerine laýyk gelmegi häzirki döwrüň möhüm talabydygyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu babatda hiç hili ownuk zadyň bolmaly däldigini aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bedenterbiýe -sagaldyş hereketiniň geriminiň has-da giňeldilmegi, onuň netijeli bolmagy ugrunda ähli tagallalaryň görülmegi, şeýle hem ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi, şäherlerde, obalarda, arassaçylygyň üpjün edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm ýörelgesine öwrülmelidir. 

Döwlet derejesinde meýilleşdirilen bu asylly çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki günlerde her hepdäniň ýekşenbe günlerinde welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň sanynyň barha artýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, hormatly Prezidentimiz ýörişiň kesgitlenen ugurlarynda degerli çäreleriň yzygiderli geçirilmelidigini aýtdy. 

Şeýle hem milli Liderimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň üpjünçilik derejesine ünsi çekip, olaryň döwrebap lybaslar we beýleki serişdeler mümkinçiligine hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini aýtdy we birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişiň sagdyn durmuş ýörelgesiniň ykrar edilmeginde möhüm ornunyň bardygyny we onuň “Sagdyn bedende –sagdyn ruh” diýen asylly şygara doly laýyk gelýändigini nygtady. Milli Liderimiz türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden wagyz edilmegi, ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, nesillerimiziň sporta giňden çekilmegi boýunça maksada laýyk işleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda maslahata gatnaşyjylara gözegçilik edýän pudaklarynda degişli çäreleri guramagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň sportuň ösdürilmegi, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmegi barada ägirt uly tagallalary edýändigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdiriljekdigini belledi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişi guramak üçin saýlanyp alnan ugurlar boýunça welosiped sürmek üçin ýokary derejeli amatlyklaryň bardygyny belledi we welosiped ýörişine gatnaşyjylar üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy. 

Milli Liderimiz öňde boljak çäreleriň guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, munuň üçin bolsa, hereket howpsuzlygynyň anyk ýola goýulmagy babatda ýörite düzülen maksatnama laýyklykda zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hususan-da, Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän çäreleriň gerimini we ähmiýetini nazara almak bilen, geljek aýda geçiriljek uly çärä adamlaryň köpsanlysyny çekmek üçin eýýäm häzirden oňa ýerlerde Mejlisiň deputatlaryny giňden çekmegiň gerekdigini aýtdy. Biz ilat arasynda işjeň wagyz-nesihat işlerini geçirmek arkaly bu peýdaly çärä has köpçülikleýin, guramaçylykly häsiýeti çaýmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde yzygiderli wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň möhümdigini aýtdy. 

Türkmenistanyň Içeri işler ministri I.Mulikowa welosiped ýörişine gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, şunuň bilen baglylykda, tälimçileri oňat taýýarlamak hem-de tigirli ýöreljek ýollara degişli gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy. 

Ählihalk çäresini guramak, şol sanda welosipedli ýörişe gatnaşyjylary ygtybarly we oňaýly welosipedler, sport egin-eşikleri bilen üpjün etmek, ähli ýerlerde teşneligiňi gandyrýan suwlaryň söwdasyny ýola goýmak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Muhammedowa birnäçe görkezmeler berildi. 

Wise-premýer S.Toýlyýewe ýokary okuw mekdebiň talyplary bilen degişli işleri geçirmek, sowatly tälimçileri taýýarlamak hem-de döwlet sport komitetiniň işine berk gözegçilik etmek tabşyryldy. Bu komitet, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň edara kärhanalary möhüm sport çäresiniň guramaçylykly geçirilmegini utgaşykly alyp barmalydyr. Ol ýerde lukmanlaryň nobatçylygy ýola goýulmalydyr. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýol hereketiniň howpsuzlygynyň öňde boljak bir aýlygy baradaky habarlar bilen degişli derejede üpjün etmegiň hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini we sport bilen, şol sanda welosiped sporty bilen işjeň meşgullanmagy wagyz etmek boýunça işleriň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady. 

Ähli halk welosipedli ýörüşine gatnaşyjylaryň hereketiniň doly howpsuzlygyny üpjün etmegiň gürrüňsiz möhümdigini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Durdylyýewe hemme ýollaryň ýagdaýyny düýpli gözden geçirmegi tabşyrdy. Olaryň hili geçirilýän çäräniň ýokary derejesine laýyk gelmelidir. Şunda ýollaryň üçüsiniň taýýarlygyny üpjün etmek tabşyryldy—olaryň ikisi boýunça sagdyn durmuş ýörelgelerini köp sanly söýýänler we onuň tarapdarlary, birinden bolsa hünärli türgenler geçerler. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary H.Muhammedowa we S.Toýlyýewe aýratyn tabşyryklar berildi. Olaryň üstüne Türkmen paýtagtyna gelýän wekiliýetleri garşylamak we mynasyp kabul etmek jogapkärçiligi ýüklenildi. Olara aýratyn üns berilmelidir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, olara ýurdumyz, halkymyz, esasan-da ýaş nesiller üçin uly ähmiýeti boljak çäreleri guramaçylykly geçirmekde, onuň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

AFK-nyň täze ýaryşlary geçiriler.

syrach

Katar Döwletiniň Emiriniň wekiliniň sapary

syrach

«Aşgabadyň» futbolçylary ýeňiş gazandylar

syrach