15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň agzalarynyň we ýurdumyzyň paýtagtynyň hem-de welaýat häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan il-ýurt bähbitli, giň gerimli milli maksatnamalaryň ileri tutulýan wezipeleri, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda wajyp oba hojalyk işi bolan galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly möçberli özgertmeler maksatnamalary welaýatlaryň, şäherleriň hem-de etraplaryň durmuş-ykdysady ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga we türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz bu wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýew bilen göni aragatnaşykda söhbetdeş boldy. Ol ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli milli maksatnamalaryň çäginde welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen giň gerime eýe bolan, galla oragy boýunça welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda aýgytlaýjy möwsümleriň biri bolan galla oragyny guramaçylykly we ýokary hilli alyp barmak, onuň haýal barýan käbir etraplarynda ýagdaýy içgin seljerip degişli çäreleri görmek, aýratyn-da kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly we bökdençsiz işini üpjün etmek, ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almak, gallaçylaryň armasyny ýetirip durmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini nygtap, bu babatda welaýat häkimine degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň käbir etraplarynda, hususan-da, Kaka etrabynda /häkimi M.Çarygulyýew/, Tejen etrabynda /häkimi J.Berkeliýew/, Altyn Asyr etrabynda /häkimi D.Annamuhammedow/ galla oragynyň depgininiň pes derejededigine ünsi çekip, ýagdaýy içgin seljermegi hem-de degişli çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra döwlet Baştutany Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow bilen göni aragatnaşyga çykdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, düýpli gurluşyk desgalarynda işleriň ýagdaýy, “Awazada” ýol-köpri gurluşygynyň barşy, olaryň ulanmaga berilmeginiň möhletleri bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem milletiň Lideri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomus dynç alyş möwsüminde halkymyzyň rahat dynç almagy, saglygyny berkitmegi bilen bagly geçirilýän işler hakynda sorady. Mundan başga-da döwlet Baştutany welaýatda gallaçy daýhanlaryň orak möwsüminde alyp barýan işleri, olaryň tehnika we beýleki zerur zatlar bilen üpjünçiligi, gallaçylaryň armasynyň ýetirilip durulmagy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň käbir etraplarynda, hususan-da, Etrek etrabynda /häkimi T.Rahmanow/, Esenguly etrabynda /häkimi N.Araztuwakow/, Magtymguly etrabynda /häkimi H.Ylýasow/ ýetişdirilen galla hasylyny ýygnap almakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigine ünsi çekip, ýagdaýy içgin seljermegi hem-de zerur çäreleri görüp, degişli netije çykarmagy häkimden talap etdi.

Soňra milletiň Lideri Daşoguz welaýaty bilen wideoşekilli göni aragatnaşyga çykdy. Welaýatyň häkimi M.Nurmämmedow döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda-da galla oragynyň giň gerime eýe bolandygy, daýhanlaryň öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada jikme-jik hasabat berdi. Şeýle hem häkim milli senenamamyzdaky ählihalk baýramçylyklarynyň biri bolan Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli welaýatda Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň täze döwrebap binasynyň dabaraly açylyşyna görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýat boýunça ýerine ýetirmeli meýilnamlaýyn işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli berjaý edilmegi boýunça ähli çäreleri görmegi, türkmen halkynyň örän baý milli mirasynyň mukaddes ojaklarynyň birine öwrüljek Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň täze binasynyň belent dabaralara beslenip açylmagy, onuň ählihalk baýsanjyna öwrülmegi boýunça häkime degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany wideoşekilli maslahatyň barşynda A.Abdyrahymowy Köneürgenç etrabynyň häkimi wezipesine bellemek baradaky Permana gol çekdi we oňa jogapkärli işinde üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlar bilen wideoşekilli göni aragatnaşygy dowam edip, Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz häkimden welaýatda alnyp barylýan işler, halkymyzyň ýokary derejeli ýaşaýşyna gönükdirilen möhüm ähmiýetli desgalarda gurluşyk işleriniň barşy, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda sorady.

Häkim öz hasabatynda öňi bilen sebitde gurulýan iri möçberli täze desgalarda işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça medeni-durmuş ähmiýetli desgalary bina etmeklige welaýatyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň çekilişi hakynda habar berdi. Şeýle hem häkim ählihalk işine öwrülen galla oragynyň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçiriljekdigine döwlet Baştutanyny ynandyrdy.

Milli Liderimiz welaýatyň käbir etraplarynda, hususan-da, Sakar etrabynda /häkimi A.Artykow/, Hojambaz etrabynda /häkimi A.Hudaýgulyýew/, Magdanly şäherinde /häkimi J.Taganow/ galla oragynyň haýal barýandygyna ünsi çekip, ýagdaýy içgin seljermegi hem-de degişli çäreleri görmegi talap etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň häkimine ilkinji nobatda ýüze çykýan meseleleri öz wagtynda çözmegi, alnyp baýylýan ähli işleri halk hakyndaky alada, il-ulsumyzyň abadan, bolelin, ýokary derejeli ýaşaýşyna gönükdirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutany Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Häkim öz hasabatynda welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, galla oragynyň barşy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan möhüm desgalar, olaryň hili we möhletleriniň berjaý edilişi bilen içgin gyzyklandy hem-de bu babatda degişli görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyz boýunça giň gerime eýe bolan galla oragynyň welaýatda alnyp barlyşy, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli işlemegi üçin döredilýän şertler, ýetişdirilen galla hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almakda kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanmak, olaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany Mary welaýatynda galla oragynyň alnyp barlyşy boýunça häkimiň işine nägilelik bildirdi hem-de käbir etraplarda, hususan-da, Altyn sähra etrabynda /häkimi Ç.Aşyrow/, Baýramaly etrabynda /häkimi Ý.Bähbidow/, Garagum etrabynda /häkimi A.Salyhow/ galla oragynyň depgininiň pesdigine ünsi çekip, ýagdaýy içgin seljermegi we gysga wagtyň içinde degişli çäreleri görmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen gürrüňdeşlikden soň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk işlerine gözegçilik edýän orunbasary M.Akmämmedowy wideoşekilli göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer möhüm möwsüm bolan galla oragynyň barşy, oňa gatnaşýan tehnikalaryň möçberi, olara hyzmat etmek üçin ýöriteleşdirilen toparlarda işiň guralyşy barada jikme-jik hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk tehnikalarynyň, aýratyn-da, ýokary öndürijilikli “Jon Dir”, “Keýs”, “Klaas” kysymly kombaýnlaryň galla oragynda sazlaşykly işlemegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatlar boýunça galla oragynyň pes barýan, ady agzalan ýaňky etraplarynda ýagdaýy içgin seljerip, gysga wagtyň içinde degişldi çäreleri görmegi M.Akmämmedowdan talap etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli maslahata Türkmenistanyň dokma senagaty ministri A.Babaýewany çagyrdy. Ministr pudakda alnyp barylýan işler, dokma kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň gurluşygyny we enjamlaşdyrylyşyny dowam etdirmek, dokma önümçiliginiň eksport ugruny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Mundan hem başga ministr häzirki döwürde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ýüpekçilikde möhüm möwsüm bolan pile tabşyrmak işiniň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, pudakda alnyp barylýan işleriň depginini batlandyrmak, öndürilýän harytlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de dünýä bazarlaryna çykarylyşyny yzygiderli artdyrmak ulgamyň baş wezipesi bolmalydyr diýip aýtdy. Şeýle hem milletiň Lideri ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagy ugrunda netijeli işleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri B.Şamyradow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahatyň barşynda ministrligiň ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, täze ministrligiň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeli bolmagy ugrunda ulgamyň işgärleriniň ähli tagallalary etmelidigini, ýurtda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň iş şertleriniň gowulandyrylyşyna yzygiderli gözegçilik etmek täze döredilen ministrligiň baş maksady bolup durýar diýip bellemek bilen, milletiň Lideri bu il-ýurt bähbitli işleriň talaba laýyk ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň görülmeginiň zerurdygyny nygtady hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň başlygy Ý.Aşyrow bilen bolan gürrüňdeşligiň barşynda ýurdumyzda dowam edýän galla oragynyň depginleri bilen gyzyklandy. Assosiasiýanyň ýolbaşçysy häzirki döwürde orak möwsüminde işledilýän kuwwatly tehnikalaryň iş öndürijiligi barada durup geçip, tehnikalaryň döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça welaýatlaryň toprak-howa şertlerine görä bölünendigini, ýerlerde täze birnäçe kabul ediş merkezleriniň döredilendigini, birnäçe döwrebap elewatorlaryň öndürijilikli işleýändigini belledi. Şeýlelikde, gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň doly güýjünde işledilýändigini, orak möwsüminiň depginleriniň barha ýokarlanýandygyny habar berdi.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin örän derwaýys bolan galla oragy möwsüminiň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmegi ugrunda ähli düzümleriň birleşen tagallasynyň, sazlaşykly işiniň zerurdygyny belläp, diňe bir tehnikalary paýlamakda däl, eýsem ekerançylygyň görnüşlerini ornaşdyrmakda hem welaýatlaryň toprak-howa şertleriniň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutany galla ösdürip ýetişdirmekde ýerli aýratynlyklaryň, milli ekerançylyk däpleriniň ylmy esasda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy we beýleki ähli pudaklarda bolşy ýaly, galla önümçiliginde hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly daýhançylyk ýörelgeleri bilen ylmyň gazananlarynyň sazlaşykly alnyp barylmalydygyny belledi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutany göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli maslahata “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy M.Kuraýewi çagyrdy. Ol öz hasabatynda pudakda ýerine ýetirilýän işler, dökün önümçiliginiň depginleri hem-de gurluşygy alnyp barylýan düýpli desgalarda ýerine ýetirilýän işler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň düzümlerinde alnyp barylýan işleri talaba laýyk guramakda kemçilikleriň bardygyny belläp, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, Konserniň alyp barýan işlerine gözegçiligi gowşadyp, kemçiliklere ýol berendigi üçin, konserniň başlygy M.Kuraýewe berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi talap etdi.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahatda “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy A.Derýaýew pudakda Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzyň nebitçileriniň alyp barýan işleri, nebit ýataklaryny burawlamakda we olary özleşdirmekde düzümde gazanylýan netijeler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarýakasyndaky ýalpaklykda ýerleşýän Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň üstünlikli özleşdirilýändigini kanagatlanma bilen belläp, nebitçileriň has çuň ýerden täze, ýokary önümli we nebitli gatlaklary ýüze çykaryp, “gara altynyň” güýçli akymyny alandyklary bilen gutlady we öz minnetdarlygyny nebitçilere ýetirmegi konserniň başlygyna tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutany pudakda alnyp barylýan döwrebap işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, bu ugurda türkmen nebitçilerine döwletimiziň mundan beýläk-de goldaw berjekdigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutany göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahata ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna we himiýa senagatyna gözegçilik edýän wise-premýer B.Hojamuhammedowy çagyrdy. Wise-premýer ulgamda alnyp barylýan işler, gazanylýan netijeler we bu pudakda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň döwrebap häsiýete eýe bolmalydygyny nygtap, bu ugurda bökdençliklere sebäp bolýan kemçilikleriň ýüze çykmazlygy ugrunda ähli tagallalary görmegi wise-premýerden berk talap etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly Jemagat hojalygy ministri A.Ýagşymämmedow bilen gürrüňdeş boldy. Ministr döwlet Baştutanyna öz ýolbaşçylyk edýän ulgamynyň üstüne ýüklenen wezipeler, hususan-da, paýtagtymyz Aşgabat şäheri boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidetimiz Watanymyzda berkarar bolan täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň bellenen milli maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň jemagat hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm wezipelere ünsi çekip, bu ulgamda işleri çaltlandyrmagy talap etdi. Şeýle hem döwlet Baştutany paýtagtymyz Aşgabatda jemagat hojalygy boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary derejede bolmalydygyny belläp, bu babatda ministre degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew bilen göni aragatnaşykda söhbetdeş boldy. Wideoşekilli maslahatda häkim döwlet Baştutanyna paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, hususan-da, uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler, şäheriň arassaçylygy, paýtagtymyzyň ulag ýollarynyň döwrebaplaşdyrylyşy we täzelerini gurmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtyň halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, bu ugurda alnyp barylýan gündelik işler, şeýle hem ak mermere beslenen Aşgabady täze Galkynyş eýýamynyň belent derejesinde abadanlaşdyrmak , bagy-bossanlyga beslemek, milli äheňlerde bezemek, paýtagtymyzyň şaýollaryndan başlap beýik binalaryna çenli häzirki zamanyň gazananlarynyň ýokary derejeleri bilen üpjün etmek meseleleri bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalaryň ýagdaýlary bilen içgin tanyşdy we degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli göni aragatnaşykda geçiren iş masalahatyny jemläp, onuň barşynda gozgalan meseleleriň ählisine, esasan hem galla oragynyň barşyna we iri gurluşyk desgalarda işleriň ýerine ýetirilişine degişli öňde goýlan wezipeleriň ilkinji nobatda ýerine ýetirilmelidigini aýratyn nygtady. Çünki olaryň berjaý edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan şu ýylynda halkymyz üçin uly sowgatdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutany bu işleri amala aşyrmakda ýolbaşçylara berk jan saglyk, abadançylyk we işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw edip, maslahaty tamamlady. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Berkarar Watanymyzyň Merdana Serhetçileri!

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-Gubernatoryna Gynanç Bildirdi