Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Häkim köpçülikleýin ýowara görülýän taýýarlyk işleri, Halkara Nowruz baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hakynda aýtdy.
Şeýle hem ol gowaça we beýleki ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek, gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, pagtaçylar üçin jogapkärli döwrüň başlanýandygyny, gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz beýleki oba hojalyk ekinleriniň öz wagtynda ekilmegini üpjün etmek barada tabşyryk berdi. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän ähli desgalaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede gurulmalydygyny, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň ýokary guramaçylyk ýagdaýyny üpjün etmek, ekilen baglara göwnejaý ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň talabalaýyk guralmagy babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz tomus paslynyň golaýlap gelýädigini, şoňa görä-de welaýatda çagalaryň we ulularyň sagyldyş-dynç alyş merkezlerinde abatlaýyş işlerini geçirmegi, täze gurulýan sagaldyş we dynç alyş merkezlerini ulanmaga bermek boýunça meýilnamalaryň düzülmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli edara kärhanalarynda Halkara Nowruz baýrmyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini aýtdy.
Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow gurluşygy alnyp barylýan iri desgalardaky işleriň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler, şeýle hem bag ekmek boýunça geçiriljek ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk barada aýtdy. Şeýle hem ol ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri hakynda habar berdi.
Hasabatyň çäklerinde welaýatda dürli maksatly binalaryň gurluşygy we ozal bar bolan binalary abatlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada aýdyldy. Hususan-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk çäreleri bilen baglanyşykly maglumatlar hasabatyň esasyny düzdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň, aýratyn-da, möhüm ähmiýetli binalaryň gurluşygynyň berk gözegçilikde saklanmagy tabşyryp, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, welaýatyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak barada anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda çagalaryň we ulularyň sagyldyş-dynç alyş merkezlerinde abatlaýyş işlerini ýokary derejede geçirmegi, olaryň täze gurulýanlaryny ulanmaga bermegiň anyk meýilnamasyny düzmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz welaýatyň obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän çärelere ünsi çekip, ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine guramaçylykly girişmek, bu möhüm çäräniň tutuş dowamynda ähli degişli işleri utgaşdyrmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz dynç alyş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda zerur işleriň geçirilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Halkara Nowruz baýramy mynasybetli ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmalydygyny tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, H.Goçmyradowy Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň barşyna gözegçiligi ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Häkim ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk görlüşi barada aýtmak bilen, welaýatyň etraplarynda we şäherlerinde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmaga görülýän taýýarlyk, Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän medeni çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagyny, pagtaçylary we beýleki kärendeçileri zerur serişdeler bilen üpjün edip, ekiş möwsümini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. Milli Liderimiz şeýle hem dürli maksatly binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň we olaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň zerurdygyny aýratyn belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ählihalk ýowary ýaly köpçülikleýin ekologiýa çäresiniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu çäräni guramaçylykly geçirmek, dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz tomus paslynyň golaýlap gelýändigini aýdyp, welaýatyň sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde möwsüme taýýarlyk işlerini ýokary derejede geçirmegi, olaryň täze gurulýanlarynyň öz möhletlerinde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz gezeginde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda we maldarçylyk hojalyklarynda ýaz-meýdan işlerine, owlak-guzy möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň senagat düzümini ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi.
Häkim gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmäge, gowaça ekişine guramaçylykly girişmäge, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak çäresine görülýän taýýarlyk barada aýtdy. Mundan başga-da, ol halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama hakynda habar berdi.
Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi welaýatyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen bir hatarda, sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny şertlendirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulýan desgalaryň, aýratyn-da, möhüm ähmiýeti bolan binalaryň gurluşygynyň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz tomus paslynyň golaýlap gelýändigini bellemek bilen, welaýatda çagalaryň we ulularyň sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde abatlaýyş işleriniň ýokary derejede geçirilmelidigini, olaryň gurluşygynyň yzygiderli dowam etmelidigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek, möwsümiň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmegi ugrunda agrotehniki çäreleri berk berjaý etmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz köpçülikleýin bag ekmek çärelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekdi. Hormatly Prezidentimiz Halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işleriň ýagdaýy, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň işiniň depginini güýçlendirmek babatda amala aşyrylýän çäreler hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim ýazky ekiş möwsümine guramaçylykly girişmek, köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny degişli derejede geçirmek babatda ýaýbaňlandyrylan çäreler hakynda aýratyn durup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, bu işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň oba hojalyk we maldarçylyk önümleriniň bolçulygynyň baş şertidigini nygtady. Milli Liderimiz daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan ýaz-meýdan işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalarda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurluşygynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň ozal bar bolanlaryny möwsüme ýokary derejede taýýarlanmagynyň döwrüň möhüm wezipesidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Halkara Nowruz baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çärelere örän guramaçylykly çemeleşilmelidigini, baýramçylygyň ýokary derejede geçirilmelidigini tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Häkim Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, şäheriň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek, şanly senelerimizi mynasyp garşylamak babatda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada durup geçdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzda ýakyn wagtlarda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň görnüşlerini görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz ak mermere beslenýän Aşgabadyň ähli babatda dünýäniň iň ösen şäherleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtap, paýtagtymyzy sazlaşykly ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz şäheri abadanlaşdyrmak, onuň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, jemagat hojalygynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geçirilmegi meýilleşdirilýän ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derjesini üpjün etmek, bar bolan bag nahallara göwnejaý ideg etmek, abadanlaşdyryş işlerini guramaçylykly alyp barmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz tomus paslynyň golaýlap gelýändigini aýdyp, şäherde sagaldyş-dynç alyş merkezlerini abatlamak işlerini ýokary derejede geçirmegi we möwsüme doly taýýarlamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy ösdürmek babatda öňdebaryjy tejribeleriň, kämil tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyny, şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň şäherlerinde we etraplarynda halkymyz üçin ýokary derejedäki amatlyklaryň yzygiderli üpjün edilmelidigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň ilatynyň Milli bahar baýramyny dabaraly belläp geçirmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2015-nji ýylyň 22-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta geçirilýändigi hakyndaky Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara ýurdumyzyň mundan beýläk-de abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen giň möçberli işlerde uly üstünlikler arzuw etdi.