6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly ileri tutulýan wezipelere, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.

Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim häziki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçalaryň endigan gögeriş alan ýerlerinde ideg işleriniň barşy, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem galla oragyna we ýurdumyzda giňden bellenilýän Konstitusiýa hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigine häkimiň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna çenli az wagtyň galandygyny aýdyp, bu möwsüme  ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz galla orýan kombaýnlaryň, awtoulag serişdeleriniň, elawatorlaryň we ammarlaryň möwsüme doly taýýar edilmegini häkimden talap etdi. 

Döwlet Baştutanymyz obalary özgertmek boýunça milli maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagynyň möhüm wezipedigini aýratyn belledi hem-de häkime bu babatda görülýän çärelere toplumlaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomusky dynç alyş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň durnukly işini üpjün etmek maksady bilen olarda taýýarlyk işleriniň göwnejaý alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň  Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň mynasyp we  ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda  anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow çagyryldy. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, gurulýan desgalaryň öz wagtynda tabşyrylmagy ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatyň beýleki sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky möwsüme taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny, galla oragynda işlediljek tehnikalaryň, ýük awtoulaglarynyň we degişli desgalaryň taýýarlyk derejesi barada habar berdi. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkan welaýatynda guralmagy meýilleşdirilýän medeni çäreleriň maksatnamasy barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz agrotehniki çärelerе, ilkinji nobatda bolsa, galla oragyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly çärelere ünsi çekip, welaýatda bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň  örän guramaçylykly geçirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyny zerur derejede geçirmek üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň, ammarlaryň we elewatorlaryň möwsüme taýýarlanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz obany özgertmek boýunça milli maksatnamany toplumlaýyn durmuşa geçirmegiň, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň hem-de welaýatyň ykdysadyýetini pugtalandyrmagyň ilkinji nobatdaky meseleleriň hatarynda durýandygyny aýdyp, dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak we ýokary hilini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş möwsümine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň möhüm wezipedigini belledi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Türkmenistanyň  Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli göz öňünde tutulan baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ekerançylar üçin  örän jogapkärli döwür bolan gowaçalara edilýän ilkinji ideg işlerini guramaçylykly geçirmek, galla oragyna taýýarlyk görmek babatda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berildi. 

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu aýda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň  Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramyny dabaraly ýagdaýda belläp geçmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pagtaçy kärendeçiler üçin zerur şertleriň üpjün edilmegi, şeýle hem galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk  görmegi  gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Milli Liderimiz dürli maksatly binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň we olaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň zerurdygyny aýratyn belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri  berdi. 

Milli Liderimiz tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmegiň, welaýatyň çäginde bar bolan dynç alyş-sagaldyş merkezlerini möwsümi doly taýýar etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýetip gelýän baýramçylyklara taýýarlyk görmek meselesiniň üstünde durup geçdi hem-de Türkmenistanyň  Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkime anyk tabşyklary berdi.   

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz gezeginde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda hem-de maldarçylyk hojalyklarynda netijeliligi ýokarlandyrmak, gowaçalara we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

Mundan başga-da, ol şu ýyl welaýatda geçirilmegi meýilleşdirlýän Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri hem-de Türkmenistanyň  Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli işlenip taýýarlanan medeni maksatnama hakynda aýtdy.  
 
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip,  orak möwsümine guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly ähli çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini nygtady. 

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň welaýatyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen bir hatarda, sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny şertlendirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häkime welaýatda gurulýan desgalaryň, aýratyn-da, möhüm ähmiýetli binalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.  

Hormatly Prezidentimz Türkmenistanyň  Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmagyny üpjün etmek, welaýatda geçiriljek Medeniýet hepdeligine ykjam taýýarlyk görmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan ideg işleri we galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. 

Mundan başga-da, ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada aýtdy. Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň  Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, olaryň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň baş şertidigini nygtady. Milli Liderimiz örän jogapkärli möwsüm hasaplanýan galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça ähli zerur çäreleri görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.  

Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsümine häzirki döwürden örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň  Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guraljak  dabaralaryň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtady we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.  

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak, şol sanda  paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde gök zolaklary döretmek, arassaçylyk işlerini yzygiderli ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzda şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada habar berdi. 

Häkim  hasabatyň çäklerinde şanly seneler mynasybetli gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalar, hususan-da, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli bellenilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça amala aşyrylýan taýýarlyk işleri barada-da aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň  döwrebap keşbini kemala getirmäge hem-de ekologiýa derejesini gowulandyrmaga örän jogapkärçiliki we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi. Ak mermerli Aşgabatda abadanlaşdyryş we arassaçylyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň etraplarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen,  şäher içindäki ýollaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýagdaýy bilen içgin gyzyklanyp, bu ugurda degişli düzümler bilen sazlaşykly işleri ýola goýmagyň, abadanlaşdyryş işleriniň hiline ilkinji nobatda ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda şanly seneleri, şol sanda Aşgabat şäheriniň gününi mynasyp garşylamak boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi
 
Maslahatda şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda  hormatly Prezidentimiz Gürbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.  

Degişli makalalar

Bildiriş

Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

syrach

Täjigistanyň Prezidenti Resmi Sapar Bilen Türkmenistana Geldi

syrach