Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşyna, Watanymyzyň senenamasyndaky şanly wakalara hem-de ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem şenbe güni geçiriljek ählihalk ýowarynda bag ekiljek ýerleri taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan güýzlük bugdaý ekişiniň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu möhüm agrotehniki çäräni geçirmekde gowuşgynsyzlyga ýol berilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz aýratyn-da Ak bugdaý etrabynda (häkimi R.Gurtow), Derweze etrabynda (häkimi B.Mämmedow) we Baharly etrabynda (häkimi M.Porhanow) bugdaý ekişiniň talaba laýyk guralmandygyny belledi we onuň sebäplerini seljerip, ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, ýagny Kaka etrabynda (häkimi D.Hezretgulyýew), Ak bugdaý etrabynda (häkimi R.Gurtow) we Derweze etrabynda (häkimi B.Mämmedow) pagta ýygymynyň depginiň günüň talabyny ödemeýändigi sebäpli tankydy bellikler aýdyldy. Milli Liderimiz pagta ýygymynda yzagalaklyga ýol berilmeginiň sebäplerini seljermegi, ýygymyň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz güýzki bag ekmek möwsüminiň başlangyjyny alamatlandyrýan ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, şeýle hem şäherlerde, etraplarda we obalarda abadanlaşdyryş işleri ýerine ýetirmek boýunça häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda Garaşsyzlyk baýramyna oňat taýýarlyk görülmelidigi baradaky meselä ünsi çekip, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz A.Gurbanowy Ahal welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň oba hojalyk toplumynda, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim şenbe güni geçiriljek ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça işlenilip taýýarlanylan maksatnama barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň önjeýli zähmet çekmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi bu maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Magtymguly etrabynda (häkimi A.Muhammedow), Bereket etrabynda (häkimi N.Gylyjow) bugdaý ekişiniň guralyşyna ünsi çekip, onuň pes derejede alnyp barylmagynyň sebäplerini seljerip, ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bag ekmek möwsümine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň barşy hakynda habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň örän pesdigini aýdyp, oba hojalyk önüm öndürijileriniň öz üstlerine alan borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmegi üçin bar bolan ähli tehniki ätiýaçlyklary bir ýere jemlemegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda (häkimi B.Handurdyýew), Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda (häkimi R.Orazdurdyýew) we Ruhubelent etrabynda (häkimi B.Töräýew) bugdaý ekişiniň ýaramaz guralandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime bugdaý ekişiniň pes derejede guralmagynyň sebäplerini seljermegi hem-de ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ruhubelent etrabynda (häkimi B.Töräýew) we Boldumsaz etrabynda (häkimi B.Arazow) pagta ýygymyň pes derejede guralmagynyň sebäplerini seljermegi hem-de bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak üçin işleriň anyk meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty dowam edip, şanly seneleri, ozaly bilen ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyny baýram etmäge örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nobatdaky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häkim şanly senelere, şeýle hem ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Milli Liderimiz pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini, umuman, welaýatda oba hojalyk işlerini guramakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigini aýtdy. Ýerlerde, ozaly bilen, yza galynýan ýerlerde ýolbaşçylar bilen özara gatnaşyklary güýçlendirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigine garamazdan, depginler maksada laýyk däl diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hususan-da, welaýatyň Köýtendag etrabynda (häkimi A.Bäşimow), Birata etrabynda (häkimi Ç.Astanow) we Döwletli etrabynda (häkimi S.Akyýew) bugdaý ekişiniň ýaramaz guralandygygy sebäpli ekişiň depgini örän pes. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ýagdaýlaryň sebäplerini seljermegi hem-de emele gelen ýagdaýy düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, ýagny Birata etrabynda (häkimi Ç.Astanow), Atamyrat etrabynda (häkimi A.Garlyýew) we Köýtendag etrabynda (häkimi A.Bäşimow) pagta ýygymynyň talabalaýyk guralmandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pagta ýygymynyň bellenilen tertipden yza galmagynyň sebäplerini aradan aýyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk gününi we beýleki şanly seneleri dabaralandyrmak bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz güýzki köpçülikleýin bag ekmek işlerine guramaçylykly girişmek hem-de bar bolan baglary timarlamak, welaýatyň ilatly ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça meseleleri öz wagtynda çözmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim gönüden-göni milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, güýzki bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada aýtdy. Hasabatyň çäklerinde Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna ünsi çekip, Altyn sähra etrabynda (häkimi M.Gurbanmuhammedow), Murgap etrabynda (häkimi E.Esenow) we Garagum etrabynda (häkimi A.Salyhow) bugdaý ekişiniň depgininiň örän pesdigini aýtdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň birnäçe etraplarynda, aýratyn-da, Altyn sähra etrabynda (häkimi M.Gurbanmuhammedow), Garagum etrabynda (häkimi A.Salyhow) we Murgap etrabynda (häkimi E.Esenow) pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň pesdigini aýdyp, emele gelen ýagdaýyň sebäplerini seljermegi we möwsümleýin işleri bellenilen tertibe laýyklykda tamamlamak üçin ýygymyň depginini güýçlendirmek babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işlerine, bag ekiljek ýerleriň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanan çäreleri hem-de bu beýik baýramçylygy ýokary derejede geçirmek üçin ähli guramaçylyk işlerini ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilmegi bellenen çäreleri hem ýokary derejede guramak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz wideo aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda şu ýylyň 3-nji oktýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda geçirilmegi bellenen ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi barada habar aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň Ýurdumyzda 2015-nji ýylda bag ekmek hakyndaky degişli kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 3 million düýp bag nahallaryny, şol sanda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan 1,5 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Göz öňünde tutulan işlere laýyklykda, şu ýylyň ýazynda jemi 1 million 670 müň 839 düýp bag nahallary ekildi. Häzirki wagtda galan 1 million 329 müňden gowrak nahal ekmek meýilleşdirilýär. Şolardan 803,6 müň düýbe golaýy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan, 525,6 müňe golaý düýbi welaýat häkimlikleri tarapyndan ekiler. Wise-premýer şeýle hem bag nahallaryny ekmek üçin bölünip berlen ýer bölekleriniň çyzgysyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň hem-de welaýatlaryň ilatly ýerlerinde, ekarançylyk meýdanlarynyň töwereklerinde tokaý zolaklaryny döretmäge, dag arçalaryny, çöl sazaklaryny we kenarýaka tokaýlyklaryny dikeltmäge, şolaryň tohumlaryny taýýarlanmaga gönükdürilen Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň wajypdygyny belledi. Täze saýaly we miweli nahallaryň hem-de baglaryň beýleki görnüşlerini ekmek zerur diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz ekmek üçin taýýarlanan bag nahallarynyň görnüşleri bilen gyzyklanyp tut, serwi, akasiýa, arça, sosna ýaly agaçlaryň görnüşlerine ünsi çekdi hem-de olary ýer ýagdaýyna görä ekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bagy-bossanlyga büremäge degişli çäreleriň ählisini welaýatlaryň toprak-howa şertlerini nazarda tutmak arkaly ylmy esasda geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tokaýçylyk işlerini alyp barmak hem-de peýdalanylýan ösümlikleriň doly beýanyny we olary köpeltmegiň usullaryny nazara almak bilen ýaş bag nahallaryna ideg etmek boýunça her bir sebit üçin teklipleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.
Ykdysady we durmuş ulgamynda iri möçberli özgertmeler maksatnamalary adamlaryň durmuşynyň abadançylygynyň aýrylmaz şerti hökmünde ekologiýa düzüm bölegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr diýip, döwlet Başutanymyz belledi. Bereketli türkmen topragynyň her bir künjegi oňa aýawly garalmagyna mynasypdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de türkmenistanlylaryň sagdyn durmuşda ýaşamagy, türkmen tebigatynyň baýlyklaryny oýlanyşykly peýdalanmagy üpjün etmegiň ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadydygyny nygtady. Ählihalk ýowaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentmiz wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Daýhanlary häzirki zaman tehnikalary, suw, ýokary hilli tohum bilen üpjün edip, ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döwletiň zerur bolan hemme şertleri döredýändigini belläp, Türkmenistanyň Baştutany möhüm oba hojalyk çärelerini öz wagtynda tamamlamagy üpjün etmegi talap etdi.
Milli Liderimiz wideoşekilli iş maslahaty jemlemek bilen, ýolbaşçylaryň öňünde möhüm meseleleri kesgitläp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri alyp barmagy, bu ugurda ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi hem-de ýerlerde işleri degişli derejede ýola goýmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.