12-nji maýda Awstriýa Respublikasynyň paýtagtynda ýokary derejedäki türkmen-awstriýa gepleşikleri geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün agşam resmi sapar bilen Wena ugrady.
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji maýda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň 2008-nji ýylyň noýabrynda bolan we türkmen-awstriýa döwletara gatnaşyyklarynyň taryhynda täze tapgyry alamatlandyran resmi sapary hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşini şertlendirdi. Iki ýurduň uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändigi Awstriýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana bolan jogap resmi saparynyň barşynda ýene bir gezek tassyklanyldy.
Şu gezekki ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni- ynsanperwerlik ulgamlarynda, şeýle hem halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirlýän käbir möhüm meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde bilelikde hereket edmegiň geljegi pikir alyşmalaryň aýratyn meselesi bolar, Awstriýa 1995-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr.
Öňde boljak gepleşikleriň barşynda ýangyç-energetika ulagmynda hyzmatdaşlyk etmek meselesiniň ara alyp maslahatlaşyljak möhüm ugurlaryň biri bolup durýandygy tötänleýin däldir, munuň özi Türkmenistanyň ägirt uly ýangyç gorlaryna eýe bolmagy bilen hem, Ýewropa Bileleşiginde türkmen gazyna bolan islegiň barha artýandygy bilen hem şertlendirilendir. Türkmenistan ählumumy bähbitler üçin giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugruna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, öz energiýa çerişdelerini dünýä bazaryna, şol sanda Ýewropa bazaryna köpugurly ýol bilen ibermek barada oňyn syýasaty alyp barýar we halkara gazgeçirijilerini gurmak boýunça iri göwrümli taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak barada gowy tejribe toplady.
Häzirki wagtda Awstriýa Ýewropanyň iň ösen döwletleriniň hataryna girdi we ilatyň durmuş derejesi boýunça Ýewropa Bileleşiginde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu ýokary derejede ösen senagat-oba hojalyk ýurdy uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Şu ýylyň fewral aýynda Aşgabatda bilelikdäki Türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu topar, şeýle hem syýasy geňeşmeler hem-de işewürlik maslahatlary hyzmatdaşlygyň geljeginiň giň ugurlaryny açmaga, ony hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge ýardam edýär.
Ikitaraplaýyn işewürlik maslahatlary bilen birlikde möhüm ähmiýetli medeni çäreler hem guralýar, olaryň hatarynda türkmen paýtagtynda geçirilen Wena balyny görkezmek bolar, bu çäre 2008-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wena ilkinji resmi saparynyň öň ýanynda döredilen Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň başlangyjy boýunça geçirildi. Geçen ýyllaryň dowamynda bu jemgyýetiň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi, hususan-da, Ýewropa okyjylaryna Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti, ýurdumyzyň şu güni, ykdysady, serişdeler we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän Internet-saýt açyldy, türkmen artistleriniň Awstriýanyň paýtagtynyň iň gowy konsert zallarynda çykyşlary yzygiderli ýagdaýda guraldy, dürli tanyşdyryş çäreleri, döredijilik duşuşyklary we medeni çäreleri geçirildi.
Öňde boljak ýokary derejedäki türkmen-awstriýa duşuşyklarynyň jemleri boýunça iki ýurduň hem-de dostlukly halklaryň milli bähbitlerine we olaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine laýyk gelýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýady üpjün etmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn möhüm resminamalara gol çekiler.