14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine resmi

Ozal habar berlişi ýaly, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Hamad Bin Halifa Al-Taniniň çagyrmagy boýunça 2010-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine resmi sapary başlandy.

Dostluk we doly özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda döwletleriň Baştutanlary türkmen-katar gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň toplumy, özara gyzyklanma döredýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen-katar gatnaşyklarynyň kökleri gadymyýete uzap gidýär, iki halkyň taryhy-medeni we ruhy umumylygy bolsa dostluk gatnaşyklaryny, ynanyşmagy we özara düşünişmegi berkitmek üçin ygtybarly kepil bolup durýar.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösýändiginden kanagatlanma bildirdiler, syýasy gatnaşygy çuňlaşdyrmaga, dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de deňhukukly hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kegitlediler.

Iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky syýasy gatnaşygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigini bellediler. Şunuň bilen baglanyşykly, taraplar ikitaraplaýyn görnüşde hem, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hem arkalaşykly hereket etmäge özleriniň çalyşýandyklaryny beýan etdiler.

Taraplar iki ýurduň ykdysadyýetleriniň dürli ugurlarynda türkmen-katar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin mümkinçiligiň bardygyny nygtadylar. Nebitgaz, nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudaklarynda, söwda ulgamynda, gurluşyk pudagynda, dokma senagatynda, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň barşynda ýangyç-energetika serişdelerini iri dünýä eksportýorlary bolan Türkmenistan we Katar düýpli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýär diýlip bellenildi. Hususan-da, bu ulgamda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge energetika boýunça bilelikdäki türkmen-katar iş towary, şonuň ýalyda ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň döredilmegi täze itergi berer. Olary döretmek barada ýokary derejede geçirilen häzirki gepleşikleriň barşynda öňe sürlen teklip taraplaryň özara düşünişmegine we goldawyna eýe boldy. Ýokarda agzalan toparyň düzüminde nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri boýunça bilelikdäki düzümi döretmek meýli iki döwletiň ýangyç-energetika ulgamy boýynça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan we Katar Döwleti zerur hukuk we guramaçylyk şertlerini döretmek we zerur goldawy bermek arkaly iki döwletiň kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň söwda-ykdysady işini amala aşyrmagyna mundan beýläk-de ýardam bermegi göz öňünde tutýarlar.

Saparyň barşynda dürli ugurlarda türkmen-katar gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ikitaraplaýyn resmi namalara gol çekilmegi uzak geljek üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygy depginli ösdürmek üçin berk esasy döredýär.

Şunuň bilen baglanyşykly, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmek boýunça işi güýçlendirmegiň zerurdygy, hem-de ony kämilleşdirmegiň maksadalaýykdygy bellendi.

Möhüm halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşylanda sebitleýin hem-de halkara möçberlerinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň ikitaraplaýyn çalyşýandygy bellendi. Şunuň bilen baglanyşykly, Taraplar dünýä bileleşiginiň öňünde durýan syýasy, ykdysady we ýaşaýyş-durmuş wezipelerini çözmäge niýetlenen köp taraply halkara guramasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm hyzmatyny bellediler.

Esasy halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelmegi we meňzeşligi iki ýurduň syýasy derejede mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmegi üçin binýat bolup durýar. Muňa iki döwletiň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň hemişelik hereket edýän mehanizminiň döredilmegi ýardam eder.

Taraplar terrorçylyga, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de häzirki döwrüň beýleki wehimlerine we howplaryna garşy göreşde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny ykrar etdiler.

Döwletleriň Baştutanlary bilim, ylym, medeniýet, sungat, syýahatçylyk, sport babatda aragatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we bu ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanýandygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglanyşykly, Türkmenistan bilen Katar Döwleti iki ýurduň halklarynyň arasyndaky ruhy we ynsanperwer aragatnaşyklary pugtalandyrmaga eýerýändiklerini beýan edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Hamad Bin Halifa Al-Tana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we ony islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar döwletine resmi sapary dowam edýär.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Liwiýada täze hökümet guruldy.

syrach

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk Etmeginiň Çäklerinde Çäreleriň Meýilnamasy Tassyklanyldy

Ynsanperwerligiň Aýdyň Nusgasy