8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat Wekillerine Ýüzlenmesi

Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri! Gadyrly dostlar! Hanymlar we jenaplar!

Ozaly bilen Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine, bu ýurduň wekiliýetiniň ähli agzalaryna görkezilen myhmansöýerlik hem-de däp bolan özara ynam, açyklyk we düşünişmek ýagdaýynda geçirilen netijeli gepleşikler üçin çuňňur minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Biz şu gün türkmen-sloweniýa hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugry boýunça ikitarpalaýyn möhüm resminamalaryň toplumyna gol çekdik.

Gepleşiklerde özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarymyzyň meňzeşdigini ýa-da hakykat ýüzünde gabat gelýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Munuň özi elbetde Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň mundan beýläk-de dünýä derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy üçin ýene bir möhüm şertdir. Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça bilelikde hereket etmäge uly gyzyklanma bildirýärler.

Ählumumy we sebit derejesinde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, ynam we özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge ýardam bermäge iki tarapyň hem taýýardygy tassyklanyldy. 

Döwletleriň ikisi hem tutuş ýer ýüzünde strategiki durnuklylygy we howpsuzlygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýärler. Munuň özi dünýäniň birnäçe sebitlerinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlary nazara alanyňda örän möhümdir. Jenap Prezident bilen pikir alyşmalaryň barşynda biz ähli halkara jedelli meseleleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylyk, syýasy ýollar arkaly, halkara hukugynyň kadalarynyň we BMG-niň Düzgünnamasynyň yzygiderli ýerine ýetirilmegi esasynda çözülmegine ygrarlydygymyzy tassykladyk.

Köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy. 

Biz şu gün şeýle hem söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine garadyk we bu ugurda uly mümkinçilikleriň bardygy barada bir pikire geldik hem-de iki tarapyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmaga taýýardygymyzy beýan edýäris. Bu ugurda telekeçilik düzümleriniň alyp barýan işleri bilelikdäki tagallalaryň möhüm bölegi bolmalydyr. 

Biz Sloweniýany Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar babatynda möhüm hyzmatdaş hasap edýäris we dogry bellenilip geçilişi ýaly bu gatnaşyklar soňky döwürde uly ösüşe eýe boldy. Şunda biz energetika ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýäris. Gepleşikleriň barşynda, dünýä ykdysadyýetiniň energiýa serişdelerine bolan isleglerini hasaba almak bilen, energiýa howpsuzlygy hem-de durnukly energetika meseleleri boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyna esaslanýan çemeleşmeleriň meňzeşdigini ýene bir gezek tassykladyk. 

Biz energetika howpsuzlygy diýip öz energiýa serişdelerimiziň ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge düşünýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz energiýa serişdelerini hut günbatar ugry boýunça ibermegiň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýär we biz bu taslamany amala aşyrmakda Sloweniýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. 

Gepleşikleriň barşynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Biziň ýurtlarymyz üçin bu ugurda Gündogar-Günbatar  ugry boýunça Günorta we Gündogar Ýewropa çykmaga,  Ortaýer sebitinden Ýakyn Gündogaryň we Günorta Aziýanyň giň bazarlaryna çykyp, Ýewraziýa ulag-üstaşyr geçelgelerine işjeň goşulyşmak üçin uly mümkinçilikler açylýar. Biz deňizde ýükleri gatnatmak ulgamynda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin taraplaryň mümkinçiliklerini içgin öwrenmek barada ylalaşdyk. Şunda Türkmenistan Sloweniýa möhüm hyzmatdaşlaryň biri, şol sanda  Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar babatynda wajyp hyzmatdaş hökmünde garaýar. 

Medeniýet babatda gatnaşyklaryň ähmiýetine uly üns bermek bilen bir hatarda biz  iki  ýurduň halklaryny Türkmenistanyň hem, Sloweniýanyň hem bu ulgamda ýeten derejeleri bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki  çäreleri guramaga ýardam etmek barada ylalaşdyk. Şeýle hem ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny içgin ara alyp maslahatlaşdyk. 

Türkmenistan we Sloweniýa Respublikasy özara gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynam ýörelgeleri esasynda ýola goýýar. Şu günki gepleşikler iki ýurduň bu esasy binýatlyk ýörelgelere ygrarlydygyny tassyklady. 

Biz saparyň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirýäris. Hormatly Prezident jenap Borut Pahora açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikler üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirmek isleýärin, Sloweniýanyň dostlukly ähli halkyna parahatçylyk, abadançylyk we döredijilikli zähmetde uly üstünlikler arzuw edýärin. Diňläniňiz üçin sag boluň. 

*** 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň habarçynyň beren sowalyna jogaby: 
 
– Hormatly jenap Prezident! Siz ýaňy çykyşyňyzda “Energiýa serişdelerini diwersifikasiýa etmek Türkmenistanyň energetika strategiýasyny möhüm bölegi bolup durýar” diýip aýtdyňyz. Siziň Alyhezretiňiz, Siz bu barada has giňişleýin aýdaýsaňyz? 

– Energetika, ýangyç serişdeleri bilen baglanyşykly diwersifikasiýa bir tarapdan syýasat bilen, beýleki tarapdan bolsa ykdysadyýet bilen baglanyşyklydyr. Türkmensitan bitarap ýurtdyr we şundan ugur almak bilen Türkmenistan häzirki wagtda diňe bir sebitde ýa-da goňşy ýurtlar bilen däl-de, eýsem tutuş dünýäde parahatçylyksöýüji açyk gapylar syýasatyny alyp barýar, muňa diwersifikasiýa sýasaty diýen düşünjä göz ýetirip bolýan siziň ajaýyp ýurduňyza şu gezekki saparmyz hem şaýatlyk edýär. 

Beýleki bir tarapdan Türkmenistanyň gaz gorlaryna örän baý ýurtdygyny bellemek isleýärin. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäklerinde ägirt uly ýangyç serişdeleriniň gorlary ýerleşýär we men şeýle mysaly getirip biljek: biz soňky gezek audit geçirenimizde oňa köp sanly kompaniýalar gatnaşdy, biz Türkmenstanda bar bolan ýangyç serişdeleriniň gorlarynyň häzirki möçberlerini açyk öwrenip, bu barada anyk maglumatlar almak üçin  halkara bäsleşigini yglan etdik. Şonda “Gaffney, Cline and Associates” britan kompaniýasy üstün çykdy. Bu kompaniýa audit geçirdi we men bir mysal getirmek isleýärin. Bu “Galkynyş” gaz ýatagydyr. Onuň gorlary 26,2 trillion kub metr gaza deňdir. 

Bu ägirt uly möçberdir. Türkmenistan halkara derejesinde öndürijä we üstaşyr geçirijä hem-de sarp edijä bagly bolan energetika howpsuzlygy bilen baglanyşykly başlangyçlary öňe sürýär. Muňa nyrhlaryň nebit bilen baglanyşykly umumydünýä derejesinden ugur alynýan nyrhlar girýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Hytaýa, Eýrana, Russiýa gaz iberýär, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar we şu ýyl ýene-de halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça baştutan – konsorsiumyň, baş potratçynyň seçilip alynjakdygyny ynam bilen aýdyp bilerin, olar bu taslamany amala aşyrarlar. 

Häzirki wagtda Türkmenistan Ýewropa ugruna gyzyklanma bildirýär. Ýaňy-ýykynda öz ýurtlarynda energetika meselelerine gözegçilik edýän Türkmenstanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň wekilleriniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi, onda türkmen tebigy gazyny, meniň eýýäm belläp geçişim ýaly, günbatar ugry boýunça, ýagny Ýewropa tarapa ibermek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygy baradaky pikire gelindi. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Dokuzynjy Tapgyryň Çäginde Iki Duşuşyk Geçirildi

Prezidentimiz Buýruga Gol Çekdi

syrach