8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Halyçylyk sungaty merdana halkymyzyň umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan deňsiz-taýsyz beýik goşandydyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň irginsiz yhlasy, tutanýerli zähmeti bilen döreýän örän nepis halylar halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhynyň göllere çitilen beýanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklaryny aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi we milli buýsanjymyz bolan gadymy halyçylyk sungatynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginde has aýdyň ýüze çykýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Miwegül Meredowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Baharly çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň halyçysy Jumadursun Weliýewna Mämmedowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Oguldurdy Orazdurdyýewna Ataýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Baýrambibi Baýesenowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Köneürgenç önümhanasynyň halyçysy Araztäç Aşyrowna Şyhyýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 1-nji önümhanasynyň halyçysy Kümüş Saparowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Hatyjagül Muhammetjumaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Mary haly önümhanasynyň halyçysy Enejan Babaýewna Durdyýewa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat Şäheri, 2015-nji ýylyň 28-nji maýy. 


Degişli makalalar

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Daşkentde «С5+1» Formatyndaky Ministrleriň Duşuşygyna Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

syrach

Paýtagtymyzda Täze Desgalaryň Açylyş Dabarasy Boldy

syrach