8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 
Ý.E.Kakaýew hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ýagşygeldi Elýasowiç Kakaýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2015-nji ýylyň 6-njy noýabry.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
B.G.Hojamuhammedow hakynda

Baýmyrat Geldimyradowiç Hojamuhammedowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2015-nji ýylyň 6-njy noýabry.

***

Resmi habarlar 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ýusup Rozymuhammedowiç Mukymow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Dünýägözel Çaryýarowna Nurmedowa Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ejegül Annamyradowna Mämmedowa Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Seçildi Ýollyýewna Kuwwatowa  Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

*** 

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň baştutany saýlanmagy bilen baglylykda, “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamak we ony ýokary hilli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernine geçirijiligi ýylda 33 milliard kub metr bolan “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginiň we onuň ýerüsti kömekçi ulgamlarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary gurmak işlerini, tölegleri Gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitlemegiň tertibine laýyklykda hakyky çykdajylar boýunça tölemek şertinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň serişdeleriniň hem-de çekilen serişdeleriň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy. 

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak hem-de desgalary 2018-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 

*** 

“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara  ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan dostlukly hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Owganystan Yslam Respublikasynyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen elektrik energiýasyny 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli Atamyrat (Türkmenistan) — Andhoý (Owganystan) ugry boýunça Owganystan Yslam Respublikasyna ibermek barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. 

*** 

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri talaba laýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda; 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Şamuhammet Durdylyýew Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri; 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Satlyk Baýjanowiç Satlykow Balkan welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary  Esenmyrat Orazgeldiýew Daşoguz welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow Lebap welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Maýsa Meredowna Ýazmuhammedowa Mary welaýaty boýunça jogapkär edilip bellenildi. 

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, saglygy goraýyş ulgamyny halkara kadalaryna laýyklykda has-da ösdürmek, bitewi öňüni alyş ulgamyny döretmek, saglygy goraýşy dolandyrmagy kämilleşdirmek, raýatlaryň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak boýunça zerur çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de saglygy goraýyş babatda köpulgamlaýyn pudagara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara topary döredildi. Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara topary hakyndaky Düzgünnama we bu toparyň düzümi tassyklanyldy. 

Welaýatlaryň häkimliklerine bir aý möhletde öz tabynlygyndaky çäklerde Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparlaryny döretmek we olar hakyndaky   düzgünnamalary işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak tabşyryldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 1 aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 

*** 

Zähmet borçlaryny ýerine ýetirende işgäriň saglygyna zeper ýetmegi ýa-da onuň aradan çykmagy bilen baglanyşykly zyýanyň (zeleliň) iş beriji tarapyndan öweziniň dolunmagynyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 219-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,  zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly işgäriň saglygyna zeper ýetirilmegi ýa-da onuň aradan çykmagy bilen baglanyşykly zyýanyň (zeleliň) iş beriji tarapyndan öwezini dolmagyň tertibi we möhletleri tassyklanyldy. 

*** 

“Notariat we notarial işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döwlet pajynyň möçberlerini kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet pajy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň  2009-njy ýylyň 25-nji iýunynda çykaran 10495-nji kararyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” Karara gol çekdi. 

Karar 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär. 

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň haryt öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän önümleriniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  “Türkmenistanyň çäklerine getirilýän guş ýumurtgasy üçin gümrük pajyny bellemek hakyndaky” Karara gol çekdi. 

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 

Karar 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär. 

*** 

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, “Türkmenpagta” döwlet konsernine 2015-nji ýylyň hasylyndan öndürilen pagta süýüminiň konserne degişli möçberinden nah pagta süýüminiň  80 müň tonnasyny, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlyk gorundan 2016-njy ýylyň hasylyndan öndüriljek nah pagta süýüminiň 59 müň tonnasyny we ýüpek pagta süýüminiň 1 müň tonnasyny senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Türkmenistanyň  Dokma senagaty ministrligine degişli nyrhlardan ýerlemäge ygtyýar berildi. 

*** 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongressler merkeziniň we  sport toplumynyň binalaryny talabalaýyk dolandyrmak we ýokary derejede ulanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine öz garamagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongressler merkeziniň we sport toplumynyň binalaryny dolandyrmak müdiriýetini edara görnüşli tarap hökmünde döretmek tabşyryldy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongressler merkeziniň we sport toplumynyň binalaryny dolandyrmak müdiriýetine bellenen tertipde tölegli hyzmatlary ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongressler merkeziniň we sport toplumynyň binalaryny dolandyrmak müdiriýeti hakyndaky Düzgünnamany taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy. 

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Mergen Nurberdiýewiç Gaýypnazarow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongressler merkeziniň we sport toplumynyň binalaryny dolandyrmak müdiriýetiniň  başlygy wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti  Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Mämmedow Akmyrat Baýramgeldiýewiçe käýinç yglan edildi. 

***

Türkmenistanyň Prezidenti  Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy  Amangeldiýew Dädebaý Saparowiçe käýinç yglan edildi. 

Degişli makalalar

Marsda ýaşamak pikiri hytaýlylaryň ünsüni özüne çekdi.

syrach

Indi Demir Ýol Peteklerini Poçta Bölümlerinden Hem Satyn Alyp Bolýar

turkmenhabargullugy

Biometriki maglumatly pasport.

syrach