Ählumumy durnukly ösüşiň ekologiýa meselelerini çözmegiň bilelikdäki ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de işläp taýýarlamak maksady bilen geçirilen “Rio+20” Bütindünýä sammiti XXI asyrda halkara syýasatynyň ähmiýeti boýunça möhüm hem-de iri möçberli wakalaryň biri hökmünde taryha girer.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2009-njy ýylda kabul edilen çözgüdine laýyklykda geçirilen bu taryhy duşuşygyň gün tertibine girizilen daşky gurşawy goramagyň hem-de ekologiýa howpsuzlygyň möhüm meseleleri maslahatyň wekilçilikli düzümini öňünden kesgitledi, oňa dünýäniň ähli künjeklerinden Rio-de-Žaneýro gelen döwlet we hökümet baştutanlarynyň ýüzden gowragy, kyrk müňden gowrak adam, şol sanda dürli ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärleri, parlamentarileri, şeýle hem daşky gurşawy goramak babatda meşhur ekologlar we hünärmenler gatnaşdylar.
Şu günler Braziliýanyň bu iri şäheriniň dünýä metbugatynda has ýygy-ýygydan agzalmagy tötänleýin däldir. Maslahatda gozgalan giň möçberli ekologiýa meseleleri hem, olary çözmegiň has göwnejaý, döwrebap çözgütlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen täze başlangyçlar hem habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.
Baryp şu ýylyň mart aýynda giň möçberli maslahatyň internet-saýtynda biziň ýurdumyzyň ýörite sahypasynda resminama hökmünde türkmen Döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda Türkmenistanyň garaýşynyň” çap edilendigini belläp geçmek gerek.
Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn tekliplerine aýratyn üns berdiler, hormatly Prezidentimiziň çykyşy maslahata gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edildi hem-de dünýäniň habar beriş agentlikleriniň täzeliklerinde jikme-jik mysal getirildi.
Dogrusy, soňky ýyllaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýokary derejedäki duşuşyklarda öňe süren, soňra bolsa yzygiderli we gyşarnyksyz durmuşa geçirilýän ähli möhüm halkara başlangyçlary wajypdygy hem-de ýüze çykýan meseleleriň düýp mazmunyna täzeçe garaýşy beýan edýändigi üçin olaryň ýüze çykmagynyň sebäplerini düýpli öwrenmek hem-de ýagdaýyň ýitileşmeginiň öňüni almak boýunça jebis hereketleri işläp taýýarlamak arkaly dünýä bileleşiginde hemişe goldawa eýe bolýar.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli halkara maslahatlarynda eden çykyşlarynda ençeme gezek nygtaýşy ýaly, durnukly ösüş möhüm şertleriň jemine esaslanýar, olar ykdysady, durmuş we ekologiýa meseleleriniň bir bitewi toplumynyň çözgüdini özünde jemleýär.
BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muniň Bütindünýä sammitiň açylyş dabarasynda “Rio+20” maslahatynyň täze ugry kesgitlemäge özboluşly mümkinçilik bolup durýandygyny aýtmak bilen, köp babatda çalymdaş garaýşy aýdandygy guwançlydyr, hakykatdan hem bu maslahat adamlaryň rowaçlygynyň we abadançylygynyň durmuş hem-de ekologiýa taraplary bilen durnukly ösüşi hem-de ykdysady ösüşi utgaşdyryýar.
Şu günler dünýä ulgamynda peýda bolan habarlarda bellenip geçilişi ýaly, şol ugurlaryň her biri boýunça uly hem-de ýeterlik tejribä eýe bolan Türkmenistan öz kandidaturasyny 2013-2015-nji ýyllarda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna hödürläp, toplanan tejribäni halkara bileleşigi bilen, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzüminiň çäklerinde paýlaşmaga hemmetaraplaýyn taýýardygyny beýan etmek bilen durnukly ösüşiň umumy meselelerini çözmäge öz goşandyny goşmaga çalyşýar.
Ekologiýa syýasatyna jemgyýetiň ösüşini hem-de daşky gurşawy sazlamagy esas edip alan türkmen döwletiniň dünýäniň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hem-de talaplaryny nazara almak bilen, häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmek maksadyna eýerip, köptaraply gatnaşyklaryň netijeli nusgalaryny kemala getirmek boýunça tagallalary jebisleşdirmek ugrunda üýtgewsiz çykyş edýändigini bilermenler belläp geçýärler.
“Ykdysady we durmuş meselelerini toplumlaýyn çözmäge esaslanýan strategiýa tebigata we onuň serişdelerine aýawly çemeleşmek bilen utgaşýar” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän syýasaty häzirki döwrüň görnükli syýasatçylarynyň we jemgyýetçilik işgärleriniň köpüsi oňyn häsiýetlendirýär. Şunda milli tebigaty goraýyş strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň BMG, Ýewropa Bileleşigi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy hem-de beýleki iri we abraýly halkara düzümleri hem-de guramalary bilen bilelikde ýakyn gatnaşykda amala aşyrylýan köptaraplaýyn konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň, bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň çäklerinde giň halkara hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýandygy bellenip geçilýär.
Häzirki zaman maglumatlar tehnologiýalary netijesinde köp sanly internet-saýtlar Bütindünýä sammitinde türkmen Lideriniň öňe süren başlangyçlaryna ünsi jemläp, taryha ser saldylar, şol başlangyçlaryň köpüsi häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirildi. Ilkinji nobatda ähli adamzat üçin möhüm bolan energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi barada gürrüň barýar, onuň çözülmegine Türkmenistan aýratyn ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Rio+20”maslahatynda nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyzyň tebigy gazyň ýüze çykarylan gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýändigini nazara alsaň, munuň özi kanunalaýyk ýygdaýdyr, ýangyç serişdelerini köp möçberde öndürýän we daşary ýurtlara iberýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň üstüne düşýän jogapkärçiligi örän berk duýýarys.
Şunuň bilen birlikde, milletiň Lideri ekologiýa howpsuzlygy meselesiniň hem möhüm bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi. “Biz energetika düzüminiň ösdürilmeginiň ekologiýa zyýan ýetirmeli däldigine ynanýarys. Bu çemeleşme Türkmenistanyň garaýşyny kesgitleýär. Şol garaýyş bolsa energetika howpsuzlygy meselelerinde halkara ylalaşygyny gözlemek zerurlygyndan ybaratdyr. Şunda ekologiýa meselesi esasy ugurlaryň biridir” diýip, döwlet Baştutany öz çykyşynda nygtap geçdi.
BMG-niň täzelikler merkezi öz resmi saýtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň howandarlygynda Sebitara energetika dialogyny döretmegi teklip edendigini, oňa Orta we Günorta Aziýanyň, Hazar we Gara deňiz sebitleriniň döwletleriniň, Russiýanyň , Hytaýyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Orta we Ýakyn Gündogaryň ýurtlarynyň, beýleki gyzyklanýan döwletleriň, şeýle hem kompaniýalaryň we halkara maliýe edaralarynyň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Orta Aziýada we Hazar deňzi sebitinde toplanan ekologiýa meseleleriniň giň toparyny, hususan-da, howanyň üýtgemegini nazara almak bilen, köptaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de bu ulgamda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýnça Sebitara merkezi döretmek arkaly bu ulgamda täsirli usullary kemala getirmäge girişmek barada türkmen tarapynyň teklibini aýdandygyny meşhur neşirleriň žurnalistleri belläp geçýärler, şol merkeziň işlemegi üçin Türkmenistan ähli zerur düzümleri bermäge taýýardyr.
Türkmen tarapynyň häzirki döwrüň giň möçberli ekologiýa meselelerini çözmäge çemeleşmegine oňyn baha bermek bilen, garaşsyz bilermenleriň köpüsi maslahatda gozgalan meseleleriň çäklerinde aýdylan beýleki möhüm başlangyçlara hem ýokary baha berdiler. Soňky ýyllaryň wakalaryny we Türkmenistan tarapyndan tutuş adamzady tolgundyrýan meseleleri çözmek boýunça görülýän çärelere üns berýänleriň hemmesi ilkinji nobatda iri suw howdanlary bolan Hazar deňziniň we Aralyň ekologiýasyna degişli başlangyçlar barada gürrüň barýandygyna düşünerler, ol häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň uly üns bermegini talap edýär.
Türkmen ýolbaşçysy kenarynda Azerbaýjan, Russiýa, Gazagystan, Eýran we Türkmennstan ýerleşýän Hazar deňziniň ekologiýasyna degişli meseleleri gozgady diýip, hususan-da, Trend agentligi habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti maslahatda çykyş etmek bilen, Hazar deňzi sebitiniň ýangyç serişdelerini çykarmagyň we daşamagyň iri dünýä merkezleriniň birine okgunly öwrülýändigini nygtady. “Biziň umumy wezipämiz ykdysady bähbitleri, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň anyk ýagdaýyny Hazaryň biologik köpdürlüligini aýawly saklamagyň zerurlygy bilen utgaşdyrmakdan, ekologiýa deňargamlylygynyň bozulmagyna ýol bermezlikden ybaratdyr” diýip, türkmen Lideri bellemek bilen, düýpli bilermenlik baha bermegi hem-de ýagdaýa yzygiderli gözegçiligi geçirmegiň zerurdygy hakynda aýtdy, şol çäreler barabar çözgütleri, şol sanda syýasy, hukuk häsiýetdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat eder.
Şeýlelikde, türkmen döwletiniň Baştutany Hazar sebitinde daşky gurşawy goramak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak üçin hemişelik esasda hereket edýän Hazar ekologiýa forumyny döretmek baradaky örän möhüm başlangyç bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň ygtybarly ekologiýa gorag ulgamyny döretmäge möhüm ähmiýet bermegi Hazaryň dünýä ummanynyň aýrybaşga, Ýer ýüzüniň iň uly içerki suw howdany hökmündäki, örän baý we köpdürli ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine eýe bolan tebigatyň hakyky dürdänesi hökmünde aýratyn derejesi bilen şertlendirilendir.
Käbir synçylaryň öz teswirlerinde belleýişleri ýaly, Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag ugrunda deňiz, howa, awtoulag ýollarynyň çatrygynda geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi, örän baý uglewodorod, balyk hem-de beýleki tebigy serişdelere eýe bolmagy, amatly howa şertleri Hazar sebitini batly deginlerde ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürdi. Bu bolsa mese-mälim görnüp duran bähbitlerden başga-da adamyň hojalyk işleri bilen baglanyşykly bolan çynlakaý ekologiýa meseleleriň hem döremegine getirýär.
Türkmenistan serhetüsti ekologiýa meselelerini çözmekde giň halkara hyzmatdaşlygynyň tarapdary bolup çykyş etmek bilen, 1998-nji ýylda döredilen we deňizýaka döwletleriň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň, şeýle hem iri hyzmatdaş halkara guramalarynyň – Global ekologiýa gaznasynyň (GEG), BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň (BMG ÖM), daşky gurşawy goramak boýunça BMG-nyň Maksatnamasynyň (ÝUNEP) we Bütindünýä bankynyň tagallalaryny birleşdiren Hazar ekologiýa maksatnamasyna (HEM) işjeň gatnaşýar.
Internet gazetlerde nygtalyşy ýaly, şu geçen ýyllarda HEM-iň çäklerinde Hazaryň gaýtalanmajak ekologiýa ulgamyny gorap saklamaga gönükdiren netijeli taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi. Hususan-da, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak boýunça hazarýaka döwletleriň ählisiniň hökümetleri tarapynyndan tassyklanylan Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) bu ugurda gazanylan örän uly sepgit boldy, ol konwensiýa 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi.
Köp sanly habar beriş serişdeleri heniz 2010-njy ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirilen hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň üçünji sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýygnananlaryň ünsüni ekologiýa meselelerine çekmek bilen, Hazar deňzinde alnyp barylýan işleriň dürli görnüşlerini kadalaşdyrmak boýunça täze bäş taraplaýyn hökümetara ylalaşyklaryň toplumyny taýýarlamaga girişmegiň möhümdigini, şunda hususanda, Hazar deňziniň bioserişdelerini gorap saklamak we netijeli peýdalanmak babatda adatdan daşary ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almakda hem-de olaryň netijelerini ýok etmekde hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny nygtady.
Ýokary derejedäki häzirki duşuşykda eden çykyşynda türkmen Lideri Orta Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşiniň Araly halas etmek işleri bilen baglanyşyklydygyny aýdyp, bu deňziň häzirki ekologiýa ýagdaýy ýüz müňlerçe adamlaryň durmuşyna we saglygyna ýaramaz täsir edýändigini, şeýle-de tutuş sebitdäki ykdysady, durmuş hem-de ekologiýa ýagdaýyna ýaramaz häsiýetini ýetirýändigini nygtady.
“Türkmenistan Araly halas etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklip edýär” diýip, Russiýanyň Nowosti habarlar agentligi belleýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Baştutany durnukly ösüş boýunça BMG-nyň Maslahatynda çykyş etmek bilen, Araly halas etmegiň örän çylşyrymly meseledigine, şu meseläni çözmezden bolsa Orta Aziýanyň durnukly ösüşini göz öňüne getirmegiň kyndygyny aýratyn belledi. Şunda türkmen Lideri Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň, Orta Aziýa döwletleriniň milli derejede görkezýän tagallalarynyň ýeterlik däldigini hem-de dünýä bileleşiginiň goldawyny tapap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda BMG-nyň işiniň aýratyn ugry hökmünde bu iri halkara guramasynyň Aral üçin Ýörite maksatnamasyny kabul etmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga haýal etmän girişilmeginiň teklip edilendigini, şol maksatnamada bolsa bu sebitde dörän ýagdaýy durnuklaşdyrmak hem-de gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalary göz öňünde tutulsa maksada laýyk boljakdygy bellenildi diýip, makalada aýdylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ekologiýa taýdan abadançylygyň üpjün edilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde öňe sürmek bilen, daşky gurşawy goramaga içgin üns berýär. Bu bolsa şol sanda biologiýa köpdürliligi, tebigy serişdeleriň aýawly peýdalanylmagyny, innowasion “ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny we beýlekileri öz içine alýar. Bu barada ýazmak bilen, meşhur neşirleriň köpüsi Türkmenistan ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary derejesini görkezmek bilen (muňa 2011-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşiniň 14 göterimden hem geçendigi şaýatlyk edýär) daşky gurşawa ýetirilýän zyýany has azaltmaga mümkinçilik berýän önümçiligiň häzirki zaman ulgamlaryny we usullaryny giňden ornaşdyrýar, senagat we durmuş desgalarynyň düzümlerini emele getirýär. Zyýanly gazlaryň galyndylarynyň daşky gurşawa goýberilmegini azaltmak boýunça, halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa häzirki zaman serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary, ozaly bilen bolsa milli ykdysadyýetiň esasy pudaklary bolan nebitgaz, energetika hem-de ulag ulgamlarynda ulanmak usulyna geçýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň işlenip taýýarlanmagy hem dünýä metbugatynyň üns merkezinde boldy, bu strategiýa durnukly ösüş boýunça BMG-nyň maslahatynyň öň ýanynda tassyklanyldy.
Soňky günlerde peýda bolan habarlarda bellenilişi ýaly, bu resminama taýýarlanylanda BMG-nyň Ösüş maksatnamasy, şeýle hem ýurduň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen ysnyşykly işlenildi. Ol daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa täsiriniň öňüni almak we azaltmak bilen baglanyşykly işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça Türkmenistanyň halkara-hukuk resminamalarynyň ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen taýýarlanyldy.
Bütindünýä sammitinde eden çykyşy ýygnananlaryň tarapyndan aýratyn ruhubelentlik bilen kabul edilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýyşy ýaly, bu strategiýa ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösüşini ileri tutmagy, ýurduň durmuş üpjünçiliginiň ähli düzümleriniň kadaly işlemeginiň binýatlyk şerti hökmünde “ýaşyl” ykdysadyýetiň ösdürilmegi üçin şertleri döretmegi göz öňünde tutmak bilen, umumy işe uly goşant bolar hem-de halkara derejesinde öwrenmek üçin hem peýdalanylyp bilner.
Geçen asyryň iň uly möhüm halkara duşuşyklarynyň biri bolan Ýer ýüzüniň Sammitinden ýa-da BMG-nyň daşky gurşaw we ösüş boýunça maslahatyndan ýigrimi ýyldan soň geçirilen “Rio+20” bütindünýä maslahatynyň ägirt uly ähmiýeti barada aýtmak bilen, daşary ýurt habar beriş serişdeleri şu geçen ýyllaryň içinde dünýä bileleşiginiň ykdysady ösüşiň, durmuş abadançylygynyň hem-de daşky gurşawy goramak meseleleriniň bir bitewilikde biri-birinden aýryp bolmaýan görnüşde seredilmegine talap edýändigine mese-mälim göz ýetirendigini belleýärler. Halkara synçylary türkmen Lideriniň aýdan sözlerine salgylanmak bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň, biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgeleriniň içki döwlet we jemgyýetçilik gurluş pelsepesiniň pugta durmuş ugruna esaslanýandygyny hem-de tutuşlygyna durnukly ösüşiň Maksatlaryna laýyk gelýändigini belleýärler.
“Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Rio+20” Maslahatyny durnukly ösüşi ilerletmek boýunça ählumumy tagallalarda örän uly waka hökmünde garaýandygy, onuň netijelerine bolsa häzirki zaman siwilizasiýasynyň keşbini we mazmunyny kesgitlemäge gönükdirilen işleriň ugruny görkezýän waka hökmünde garaýandygyny beýan etdi” diýip dünýä metbugaty okyýjylara habar berýär.
Şeýlelikde türkmen Lideri halkara dialogyny goldap çykyş etmek bilen, özara tejribe alyşmakda hem-de dünýä bileleşiginiň ählumumy abadançylygyň we özgerişlikleriň, halklaryň bagtly geljeginiň hatyrasyna dünýä bileleşiginiň bilelikdäki maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça açyk meýdança öwrülen Bütindünýä sammitiniň ägirt uly ähmiýetini ýene bir gezek nygtady.
referans: www.turkmenistan.gov.tm