8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti dünýä alymlarynyň üns merkezinde

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Oguznama ýordumy—taryhy we medeni çeşme hökmünde» atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlaýar. Onuň guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty amala aşyrýar.

Halkara ylmy maslahatynyň Türkmenistanda ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň—Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda hem-de Türkmenistanyň bitaraplygynyň 15 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýändigini bellemek möhümdir. Bu şanly seneler türkmen döwletliliginiň täze taryhynyň başyny başlap, ýurdumyzyň taryh ylmyny ösdürmek üçin kesgitleýji boldular. Täze Galkynyş eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milletiň hakyky taryhyny, onuň taryhy-medeni mirasyny dikeltmek we öwrenmek üçin giň mümkinçilikler açyldy.

Geçmişi unudyp, täze dünýäni döredip bolmaýar, munuň şeýledigine adamlar ähli döwürlerde hem göz ýetirdiler. Döwlet Baştutany taryhçy alymlaryň ünsüni geçmişiň maddy we ruhy medeniýetini hemmetaraplaýyn ylmy taýdan barlamagyň zerurdygyna çekip, taryhy bilmegimiz häzirki döwre has aýdyň düşünmäge, taryhy nukdaýnazardan şu günki wakalara akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär diýip ençeme gezek nygtady.

Dünýäniň 30-a golaý ýurdundan giň halkara ylmy toparlaryň wekillerini birleşdiren ylmy maslahatyň temasy dünýä halklarynyň medeniýetini we edebiýatyny ösdürmäge öz täsirini ýetiren taryhy-edebi ýadygärlik bolup durýan Oguznamanyň ylmy taýdan çuňňur öwrenilmegine ýardam etjek maksatlaýyn ugruny şöhlelendirýär.

Maslahatyň bölümleriniň bäşisi boýunça geçirilýän işleriň barşynda oňa gatnaşyjylar Oguznama ýordumynyň we şygryýetiniň döreýşini, türkmen medeniýetiniň çeşmelerine düşünmekde edebi ýadygärligiň eýeleýän ornuny, türki dilli edebiýaty we türki dillerini ösdürmekde ähmiýetini öwrenmek bilen bagly möhüm meselelere gararlar. Baý taryhy çeşme, halk pähiminiň genji-hazynasy hökmünde Oguznamanyň terbiýeçilik ähmiýetiniň meseleleri hem alymlaryň üns merkezinde bolar. Elbetde, maslahat oňa gatnaşyjylara giňden pikir alyşmak mümkinçiligini döreder we gumanitar ulgamda halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmäge ýardam eder.

Maslahatyň medeni maksatnamasy hem baýdyr. Halkara ylmy toparlaryň wekilleri eýýäm türkmen paýtagtynyň gözel ýerleri bilen tanyşdylar. Türkmen halysynyň milli muzeýiniň hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň eksponatlaryny synladylar. Maslahata gatnaşyjylar şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Nusaý» döwlet taryhy—medeni goraghanasyna baryp gördüler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Toplumlaýyn Mineral Dökünleriň Önümçiligi Özleşdirilýär

turkmenhabargullugy

Nebit Promyseliniň Ýanynda Ýod Önümçiligi