Türkmenistanyň Ukrainadaky Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň jemleýji çäreleriniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň ukrain döredijilik toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Oňa Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň, ýurdumyzyň Baş milli muzeýiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň medeniýet işgärleri, Ukrainanyň iri döredijilik birleşmeleriniň baştutanlary, belli suratkeşleri, kompozitorlary, kinematografiýaçylary, ýazyjylary we terjimeçileri gatnaşdy. Duşuşyk Ukrainanyň Medeniýet ministrliginde tanyşdyryş esasynda we işjeň häsietde geçdi.
Çäräni Ukrainanyň medeniýet ministriniň orunbasary Timoweý Kohan açdy. Medeniýet ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň oňyn ösüşe eýedigini bellemek bilen, ol türkmen atly jigitleriniň Keiýewde bolan üstünlikli çykyşlaryny ýatlady we bu gezekki Medeniýet günleri sungat hem-de döredijilik gatnaşyklarynyň has-da giňelmegini şertlendirdi diýip belledi.
Çykyşda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain dilinde çap edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygy bellenildi. Çünki ylym we saglygy goraýyş, şeýle hem kitap neşir etmek, munuň özi jemgyýetiň medeniýetiniň örän giň düşünjeleriniň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Hut şonuň üçin hem döwlet Baştutanymyzyň bu düýpli işi diňe bir Ukrainanyň lukmançylyk ulgamynyň hünärmenleriniň däl, eýsem medeniýet işgärleriniň hem ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Kiýewde we Obuhow şäherinde ýatdan çykmajak çykyşlary guran türkmen artistleriniň muşdaklarynyň sany artdy. Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserlerinden we muzeý gymmatlyklaryndan düzülen sergi sungaty öwrenijiler, etnograflar we gündogary öwreniji alymlar, şeýle hem giň köpçülik tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Ukrain paýtagtynyň medeni we çeperçilik durmuşynyň baýdygyna garamazdan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäklerinde guralan çäreler gumanitar hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açmak bilen şanly wakalara öwrüldi. Türkmen sungatynyň oňa tomaşa edenlerde galdyran täsiri geljekki gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy we berkidilmegi üçin hyzmat eder.
Şu jähetden duşuşygyň barşynda gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Ukrainanyň döredijilik we jemgyýetçilik guramalarynyň özara gatnaşyklarynyň dereşjesinde ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda edebiýat, şekillendiriş sungaty, saz we kinematografiýa ýaly ugurlar hyzmatdaşlygyň möhüm ulgamlary hökmünde görkezildi.
Pikir alyşmalaryň barşynda türkmen sungat ussatlary Ukrainanyň medeniýet işgärlerine häzirki zaman Türkmenistanyň durmuşy, ýurtda döredilýän amatly şertler, ykdysady mümkinçilikler we milli medeniýetiň ösüşiniň ugurlary barada jikme-jik gürrüň berdiler. Soňky ýyllarda Türkmenistanda onlarça teatrlaryň, iri muzeýleriň we kitaphanalaryň, medeniýet merkezleriniň we bu ulgamlara degişli desgalary, şeýle hem paýtagtymyzda ajaýyp Medeniýet şäherçesiniň toplumynyň bina edilendigi bellenildi. Şol bir wagtyň özünde ýurtda otuzdan gowrak çagalar sungat mekdebi açyldy, zehinli ýaşlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Türkmenistanda halkara möçberindäki forumlar we festiwallar yzygiderli guralýar. Munuň özi ýurduň ösüş derejesiniň we onuň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galýandygyny alamatlandyrýar. Ýakynda Aşgabatda GDA agza ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII Forumy geçirildi. Marynyň 2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde iri bilelikdäki çäreleriň birnäçesi guraldy.
Pikir, tejribe alyşmak arkaly biz birek-birek barada köp zatlary bilýäris we ruhy taýdan baýlaşýarys. Ine, şu pikir şu günki duşuşygyň esasyny düzdi. Onuň barşynda birnäçe möhüm teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi. Ukrainanyň döredijilik birleşmeleriniň baştutanlary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamyna berýän ägirt uly goldawyna haýran galýandyklaryny we döwlet Baştutanynyň möhüm medeni taslamalara howandarlyk edýändigini guwanç bilen bellediler. Döwlet Baştutanynyň şunuň ýaly üns bermegi netijesinde ýurtda medeniýetiň ösdürilmegine aýratyn ähmiet berilýr we ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Dünýäniň köp ýurtlarynda medeniýet ulgamyny maliýeleşdirmek ykdysady ýagdaýlardan daşda görülýän bolsa, Türkmenistanda bu maksat üçin ägirt uly döwlet serişdeleri goýberilýär. Munuň özi gyzykly hem-de peýdaly oý-pikirleriň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini şertlendirýän möhüm ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda häzirki döwürde türkmen medenieti täze serişdeleri we mümkinçilikleri gazanmak bilen, halkara giňişligine barha işjeň aralaşýar we daşary ýurtly döredijilik işgärleriniň ýokary gyzyklanmalaryna mynasyp bolýar.
Ukrain medeniýet işgärleri bu ulgamda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga işjeň gyzyklanma bildirmek bilen çäklenmän, eýsem türkmen kärdeşleri bilen bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýlelikde, ikitaraplaýyn teklip alyşmalaryň çäklerinde artistleriň gastrol çykyşlaryny, sergi çärelerini, okuw sagatlaryny guramagyň, konserwatoriýa ulgamy boýunça gatnaşyklary ýola goýmagyň, bilelikdäki sungat taslamalaryny we kino oýunlaryny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususanda, türkmen tarapy Ukrainada şu ýerde bilim alan suratkeşleriň eserleriniň sergisini guramak baradaky teklip bilen çykyş etdiler we ukrain suratkeşlerini “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelip görmäge çagyrdylar we ol ýerde halkara döredijilik binýadynyň kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Öz gezeginde Ukrainanyň medeniýet işgärleri türkmenistanlylary “Möwsümiň täze saz eserleri” ady bilen Kiýewde guralýan halkara festiwalyna we ýaş kinematografiýaçylarynyň diplom işleriniň görkeziliş çärelerine gatnaşmaga çagyrdylar. Şeýle hem edebi terjime, dil biliminiň barlaglary we terjimeçi hem-de edebiýatçy hünärmenleri taýýarlamak, şol sanda ukrain-türkolog talyplarynyň Türkmenistanda tejribe geçmegi, slowýan dillerini öwrenýän türkmen talyplarynyň bolsa Ukrainada tejribe geçmegi ýaly bilelikdäki işleri alyp barmak baradaky teklipler öňe sürüldi. 2014-nji ýylda Taras Şewçenkonyň 200 ýyllygy we Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy halkara derejesinde belleniljekdigi bilen baglylykda ýokarda agzalan ugurlaryň has-da derwaýyslygy äşgär bolýar.
Mähirli we birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşugyň barşynda medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi. Iki halklaryň medeni taryhyny öwrenmek, muzeý we kitaphana aragatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça bilelikdäki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky pikirler öňe sürildi.
Ukrainanyň ýazyjylar, kompozitorlar, kinematografiýaçylar, suratkeşler Milli birleşmeleriniň, döredijilik toparlarynyň baştutanlary, terjimeçiler we beýleki işgärler Türkmenistanyň milli medeniýetiniň umumadamzat gymmatlyklaryna, biziň ýurdumyzyň häzirkizaman medeni ulgamynyň kemala gelmeginde möhüm orny eýeleýän hoşniýetli ýörelgelere hemişe açykdygy bellenildi we biziň ýurdumyzyň aň-bilim hem-de ruhy baý mümkinçiligi bolan oňyn döwletdigi ykrar edildi.
Şu gün agşam “Ukrain öýünde” atly Kiýewiň merkezindäki işewürlik we medeni hyzmatdaşlyk Milli merekezinde Türkmenstanyň Ukrainadaky Medeniýet günleriniň ýapylyk dabarasy boldy. Onda türkmen we ukrain sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda gala konsert geçirildi.
Çykyşlarda biziň ýurdumyzyň milli sungaty bilen duşuşyga gatnaşyjylaryň adyndan türkmenistanlylara hoşallyk sözleri aýdyldy. Türkmenistan we Ukraina nesilden-nesle geçýän medeni gymmatlyklary gorap saklamak bilen, iki halkyň ruhy ýakynlygynyň, köptaraply döwletara hyzmatdaşlygynyň binýadynyň beýanyna öwrülen dostluk gatnaşyklaryny dowam edýärler diýip bellenildi.
Soňra sahnada Milli medeniet merkeziniň “Altyn asyr” orkestriniň we şöhratly “Serpaý” folklor toparynyň, estarda hem-de opera aýdymçylarynyň, belli bagşylaryň we sazandalaryň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra türkmen owazlary bilen ukrain heňleriniň sazlaşygynda iki halklaryň milli dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar dostlugyň we doganlygyň mizemez nyşanyny alamatlandyrdy.
Şowhunly guralan baýramçylyk konçert maksatnamasy asylly ýörelgeleri birleşdirýän we ruhuňy göterýän hem-de ynamyňy pugtalandyrýan sungatyň beýik güýjüne bolan hormatyň nyşanyna öwrüldi. Tomaşaçylar özleriniň el çarpyşmalary, şowhunlary we gutlaglary bilen türkmen artistlerini köp wagtlap sahnadan goýbermediler. Konsertiň tamamlanmagy aýralyk pursatyny alamatlandyrman, eýsem ol täze şatlykly açyşlara, täsirlere we söýgä umyt baglady.
Şeýle hem şu gün Kiýew şäheriniň Taryh muzeýinde türkmen amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi öz işini tamamlady. Sergide owadan milli lybaslar, gadymy zergärçilik bezegleri, halk çeper senetkärçiliginiň iň gowy nusgalary we ýurdumyzyň Baş milli muzeýiniň gaznasyndaky saz gurallary, şeýle hem Türkmenistan baradaky suratlar hem-de wideo şekiller görkezildi.
Sergä Ukrainanyň habar beriş serişdeleriniň, neşir we elektron ulgamlarynyň wekilleri aýratyn üns berdiler. Olar bu çärä giňişleýin makalalary we habarlary bagyşladylar. Makalalaryň awtorlarlarynyň halk döredijiliginiň baýlygyny, däp-dessurlaryň gözelligini, gadymy milli sungatyň aýratynlyklaryny has çuňlugy bilen okyjylaryň aňyna ýetirmek üçin yhlas edendikleri äşgär duýulýar. Şeýle hem olar türkmen medeniýetiniň taryhy kökleri, onuň baý mirasy barada beýan etdiler.
SergideKiýewdpe okaýan türkmen talyplary höwes bilen milli medenietimiz, taryhy gymmatlyklarymyz barada gurruň berdiler. Olar bu ýere gelýänlere senetkärçilik önümleri, bezeg şaýlary, nepis nagyşlar ýa-da milli lybaslar, her bir nagşyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler. Sergä tomaşa edenler maşgala, toý we beýleki dessurlaryň milli aýratynlyklaryna üns berdiler.
Munuň özi biziň mirasymyzyň diňe bir muzeý ýygyndylarynda ýa-da taryhy gymmatlyklarda aýawly saklanýandygyny aňlatman, eýsem ýaş nesillere, türkmen halkynyň dostluk, hoşniýetli gatnaşyk ýaly oňyn we ajaýyp däplerini dowam etdirijilere geçirilýändigini aňladýar. Türkmenistanyň ukrain topragynda geçirilen Medeniýet günleri oňa gatnaşyjylara milletiň kalbynyň mährini we ruhy taýdan baýlaşdyryjy güýjüni eçildi.