9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentiniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli, doganlarça salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga  dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.  Şol gatnaşyklaryň esasyny Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň halklaryny birleşdirýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk  gatnaşyklary düzýär.    Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de netijeli häsiýetini belläp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar we geljek üçin meýilnamalar babatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin oňaýly şertleriň bardygy bellenildi.    Giň gerimli taslamasy durmuşa geçirilen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoly netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän bu üstaşyr-ulag geçelgesiniň ulanmaga berilmegi diňe sebitde däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.    Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde Hökümetara türkmen-gazak toparyna, şeýle hem bilelikdäki Işewürler geňeşine uly orun berilýär. Bu geňeşi döretmek hakynda Ylalaşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň  geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekildi.    Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň esasyny düzýän ynsanperwer ulgamyň möhümdigini bellemek bilen, bu ugurda netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek babatda pikirlerini beýan  etdiler. Munuň özi doganlyk goňşy halklaryň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklary bilen şertlendirilendir.    Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.    Türkmen döwletiniň Baştutany pursatdan peýdalanyp, gazak kärdeşine apreliň üçünji ongünlüginde Gazagystanda geçiriljek Prezident saýlawlarynda üstünlik gazanmagy arzuw etdi.    Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew  Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň geljekde hem hemmetaraplaýyn berkidiljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Aşgabatda raýat hukuklary boýunça seminar geçirildi

syrach