2015-nji ýylyň 2-nji iýulynda Stokgolm şäherinde Türkmenistanyň we Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistanyň we Şwesiýa Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar amala aşyryldy. Şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarynda özara gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alyşyp, taraplar halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlygy giňeltmeklige ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirdiler. Ýewropa Bileleşigi -Türkmenistan formatynyň çägindäki gatnaşyklary giňeltmek gepleşikleriň aýratyn meselesi boldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar indiki ýylyň fewralynda bilelikdäki türkmen-şwed işewürler maslahatyny geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.