2016-njy ýylyň 9-10-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Awstriýanyň Wena şäherinde iş saparynda boldular.
Agzalan saparyň dowamynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Lamberto Zannier, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş direktory Ýukiýa Amano, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory Li Ýong, Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakynda Şertnama boýunça Guramanyň Taýýarlaýjy komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo bilen duşuşyklar geçirildi.
Ýokarda agzalan halkara gurluşlaryň ýolbaşçylary bilen geçirlen gepleşikleriň dowamynda özaragatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegiň meselelerine seretdildi.
Saparyň dowamynda Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişer, Awstriýa Respublikasynyň Milli geňeşiniň ikinji prezidenti Karlhaýns Kopf, şeýle hem, Ýewropa, integrasiýa we daşary işleri boýunça Federal ministrliginiň Döwlet sekretary Mihael Linhart bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda geljekde syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.