«Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnaly nobatdaky sanynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda bolup geçen
esasy wakalara seljerme synyny berýär, bu wakalar «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary ýylynda bolup geçdi.
Iri desgalaryň açylmagy, giň gerimli senagat taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, senagat düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň yzygiderli durmuşa
geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Hünärmenler, döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, maliýe-ykdysady edaralaryň, salgyt we ätiýaçlandyryş düzümleriniň, banklaryň
we hususy kompaniýalaryň işgärleri, syýasatşynaslar we bilermenler üçin niýetlenen türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde iki
aýda bir gezek neşir edilýän žurnal ýurdumyzyň we daşary ýurt okyjylarynyň giň toplumyny milli ykdysadyýetimiziň
üstünlikleri hem-de ýeten sepgitleri, kuwwaty we ösüşi bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan esaslandyrylan neşir ylmy bileleşigiň, ykdysatçy-bilermenleriň
hem-de döwlet dolandyryş işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, beýleki bilermenleriň teswirlemelerini
çap edýär, olaryň ylmy taýdan esaslandyrylan garaýyşlary tejribä, bu ugurdaky düýpli bilimlere, milli Liderimiziň öňde
goýan wezipeleriniň oňyn çözülmegi babatynda jogapkärli çemeleşmelere esaslanýar.
Žurnalyň täze sany “Hemişelik Bitaraplyk — durnukly ösüşiň girewi” atly makala bilen açylýar. Bu makalada döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň tapgyrlary BMG bilen
hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan möhüm wakalaryň mysalynda, türkmen ykdysadyýetiniň dünýä hojalyk ulgamyna
goşulyşmagynyň mysalynda beýan edilýär.
“Türkmenistanda döwlet — hususy hyzmatdaşlyk” atly makala hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldaw berýän
telekeçiligiň ösdürilmegine bagyşlanýar, şunda gymmatly kagyzlaryň bazaryny kemala getirmek, döwlet emlägini
hususylaşdyrmak, erkin ykdysady zolaklaryny döretmek meselelerine-de garalýar.
Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ugrunda sebit düzümleri we maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.
Merkezi Aziýa Sebit ykdysady hyzmatdaşlygy maksatnamasy Aziýanyň ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir,
Merkezi Aziýa döwletlerine ulag, söwda we energetika ulgamynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde ýardam bermek
onuň esasy wezipesi bolup durýar. Bu ulgamlar biziň ýurdumyz üçin hem ileri tutulýan ugurlardyr. Bu mesele aýratyn makalada
beýan edilýär, şonda bu ugurda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň anyk mysallary getirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlaryny
kesgitlemegiň esasynda işlenip taýýarlanylan 2019-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakyndaky makala okyjylary baş
maliýe resminamasynyň esasy ugurlary, düzgünleri hem-de önümçilik we durmuş-medeni ulgamynyň dürli pudaklaryny
maliýeleşdirmegiň möçberleri bilen tanyşdyrýar.
“Durnukly ykdysady ösüşiň möhüm şerti” atly makala Türkmenistanyň innowasiýa häsiýetli ýokary tehnologiýaly sanly
ykdysadyýetiniň kemala getirilmegine bagyşlanýar. Mundan başga-da, žurnalyň täze sanynda ýurdumyzda globallaşmak
şertlerinde buhgalterçilik hasaba alnyşyny kämilleşdirmek meseleleri boýunça düşündiriş makalalary ýerleşdirilýär, munuň
özi maliýe hasabatlylygynyň halkara ölçegleriniň ornaşdyrylmagyny talap edýär.
Türkmenistanyň dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän himiýa önümlerini iberýän iri döwlet hökmündäki ornunyň
pugtalandyrylmagy baradaky makalada Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherindäki “Garabogazkarbamid”
zawody barada gürrüň berilýär.
“Süýşürintgiler ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlary maliýeleşdirmegiň çeşmesi hökmünde” atly makalada bank işini we
karzlaşdyrmagy ösdürmek meseleleri seljerilýär. Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz porty hem-de ýurdumyzyň iri
ulag-logistika merkezi hökmündäki ähmiýeti hakynda söhbet açylýan “Halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň
ähli ýurtlary üçin strategik ähmiýetli desgadyr” atly makala hem okyjylarda uly gyzyklanma döreder.
Žurnalyň “Sebitleýin syýasat” atly makalalar toplumynda bu gezek senagaty diwersifikasiýalaşdyrmagyň we düzümleri
ösdürmegiň meseleleri boýunça Balkan welaýatynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berilýär. Žurnalyň bu gezekki sany
“Durnukly ösüş maksatlary —–daşary syýasatyň binýatlaýyn ýörelgeleri” atly hem-de köpçülikleýin hyzmatlar ulgamynda
matematiki modelleşdirmegiň usullary barada söhbet açýan makalalar bilen jemlenilýär, bu makalalar ýaş maliýeçileriň, bu
ugurda okaýan talyplaryň hem-de hyzmatlar ulgamynda işleýän guramalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň ünsüni çeker.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ylym we bilim ýurdumyzda esasy önümçilik güýjüne
öwrülýär, halk hojalyk toplumynyň innowasiýa ýoluna yzygiderli geçirilmegi, serişdeleri tygşytlaýjy hem-de tebigaty goraýyş
çäreleri, hususy işewürlik başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagy Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün edýär, munuň
özi “Maliýe we ykdysadyýet” žurnalynyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar.
Çeşme: TDH