Türkmenistanyň ähli edara-kärhanalary we guramalary elektron resminama dolandyryş ulgamyna geçer we web-sahypalaryny döreder. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji fewralda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, her bir pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we kärhanalaryna, sebit we şäher häkimliklerine elektron resminama dolandyryş ulgamlarynyň işlemegini üpjün etmeli we internetde öz saýtlaryny açmaly.
Bu guramaçylyk kanuny görnüşine garamazdan, ähli edaralara, şeýle-de şahsy telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara – hususy telekeçilere hem degişlidir. Bu işler 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli doly ýerine ýetirilmeli. Ýagny, ýylyň dowamynda diýen ýaly ýurduň ähli guramalary sanly görnüşe geçer we onlaýn ýagdaýda elýeterli bolar.
Degişli işler Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň birinji tapgyrynda hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda kesgitlenen meseleleri çözmek üçin amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we möhüm pudaklaýyn edaralarynyň köp sanlysynyň öz internet saýtlary eýýäm bar. Elektron resminamalary dolandyryş ulgamynyň girizilmegi bilen bu web-sahypalar has işjeň täzelener we täze elektron hyzmatlaryny hödürlär. Ähli edara-kärhanalaryň internet ulgamyna geçmegi olar bilen ýurdumyzyň ilatynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda ykjam aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer we Türkmenistanyň täze sanly keşbini emele getirer.