2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda GDA-nyň baş binasynda,Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda, türkmeniň medeni we taryhy mirasynyň, amaly-haşam sungatynyň, döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada habar berýän suratlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi geçirildi.
Serginiň dabaraly açylyşynda GDA-nyň Yerine Yetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary S.N.Lebedew gutlag sözleri bilen çykyş edip, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň başlyklygynda, GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda özara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanjakdygyna ynam bildirdi.
Sergi baý mazmunly bolup, ol Watanymyzyň daşary ýurtlar bilen köptaraply hyzmatdaşlygyň okgunly alnyp barylýandygynyň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistana, halkymyzyň baý milli mirasyna, onuň ajaýyp medeniýetine we sungatyna bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň subutnamasy boldy.
Geçirilen sergiden soňra, GDA-nyň Yerine ýetiriji komitetiniň jogapkär işgärleriniň, GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik we Doly ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda kabul edişlik çäresi geçirildi we gatnaşyjylara türkmeniň milli tagamlary hödür-kerem edildi.
mfa.gov.tm