Öň habar berşimiz ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystanyň we Päkistanyň çäklerinde başlangyç böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin 45 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde serişdeleri bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi. Tebigy gazy ýanaşyk döwletlere ugratjak ulag ulgamynyň gurluşygy üçin serişdeler «Türkmengaz» Döwlet konserniniň taslama gatnaşyjy-agza döwletleriň arasynda baglaşylan maýa goýum Ylalaşygynyň çäklerinde bölünip berildi.
— Döwlet Baştutanynyň kabul eden Karary geçen hepdäniň iň möhüm wakalarynyň biridir. Biz, döwletara gaz geçirijisiniň gurluşykçylary hökmünde döwlet ýolbaşçysynyň bu başlangyjyny tüýs ýürekden goldaýarys. Türkmenistanyň bölüp beren ilkinji serişdeleri bu ägirt uly transmilli energetiki magistraly gurmaklygy çaltlandyrmakda möhüm rol oýnar — diýip, «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň dolandyryjysy Begenç Muhammedow nygtaýar.
— TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň baş potratçylary bolan biziň toparymyz bu energetiki taslamany durmuşa geçirmek üçin ähli zerur zatlary eder. Biziň trestimiziň üç sany gurluşyk-gurnama müdirlikleri ilkinji bolup TOPH-yň türkmen böleginiň gurluşygyna başlady. Biziň gurluşyk bölümlerimiz ýurdumyzyň çäginde eksport gaz geçirijileriniň ählisiniň diýen ýaly gurluşygyna gatnaşmak bilen, bu strategiki turba geçirijini gurmak üçin baý tejribe topladyrlar. Geçen ýylda konserniň brigadalary 800 kilometre barabar «Gündogar-Günbatar» sebit gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamladylar. Bu gaz geçiriji ýurdumyzyň köpsanly energetiki desgalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar, Ahal welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan gazy gaýtadan işleýän täze kärhanalar üçin çig mal çeşmesi bolup hyzmat eder— diýip, B.Muhammedow aýdýar.
Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň 214 kilometre uzaýan türkmen böleginde meýdan barlag işleri tamamlandy diýen ýaly. Bu döwletara gaz geçirijisiniň onlarça kilometre barabar böleginde «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň hünärmenleri, şol bir wagtda diametri 1420 millimetr bolan turbalary ýerleşdirýärler hem-de birnäçe tapgyrlarda olary kebşirleýärler. Taslamany durmuşa geçirilmek işine «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň kärhanalarynda başga-da, «Türkmennebitgazgurluşyk» DK-nyň ýene-de bäş sany tresti gatnaşar.
— Gurluşyk işlerini Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň ahyrynda doly tamamlamagy meýilleşdirýäris. Bu bolsa, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmeklige gönükdirilen Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda biziň goşjak goşandymyz bolar — diýip B.Muhammedow aýdýar.