2017-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Italýan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diýego Ungaro bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüşini bellediler. Taraplaryň aýratyn ünsi syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny berkitmegiň, söwda-ykdysady özaragatnaşyklaryny giňeltmegiň meselelerine berildi.
Şeýle-de taraplar Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda halkara guramalarynyň, esasan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňetmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ulgamlaýyn esasda maslahatlaşmalary geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.
Energetika hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmakda gyzyklanmalaryny beýan etdiler.