2016-njy ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Buriýan bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy bilen hoşallygyny beýan edip, ikitaraplaýyn özaragatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Тürkmenistan – ÝB» Bilelikdäki komitetiniň işiniň kämilleşdirmegi we netijeliligini ýokarlandyrmagy nazara almak bilen, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar bellenildi.
Taraplar syýasy ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika we ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Gumanitar hyzmatdaşlygyna degişlilikde Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň kabul edilmegine öňyn baha berildi.
Taraplar Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryny geljekde işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýady emele getirmäge ýardam edýän syýasy geňeşmeleriň, işewür duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli esasda geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.
öňki habar