2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň bilelikde gurnamaklarynda «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli diplomatiýanyň dabaralanmagy» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Bu dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, hem-de instituta berkidilen mekdepleriň okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halypa mugallymlar we dabara gatnaşýan edaralaryň ýolbaşçylary ýörite gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Soňra Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli diplomatik ulgamynyň göreldeli işgärlerine Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gowşurylyş dabarasyna utgaşan baýramçylyk konsertinde Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň we intitutyň aýdymçy talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gülläp ösýän Bitarap Watanymyzyň waspy dürli dillerde ajaýyp owazlar bilen ýaňlandy.
Baýramçylyk dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim babatda alnyp barylýan syýasatyň pajarlap ösmeginiň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, ähli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
mfa.gov.tm