9.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisi

Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Irden döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine gelip gondy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşylaýarlar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berýär.

Bu ýerde milli Liderimiz Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň floty bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde goşunlaryň beýleki kysymlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň Harby Deňiz Güýçleriniň hem maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli täzelenilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de gös-göni ýolbaşçylygynda döredilen Harby Deňiz Güýçleri hormatly Prezidentimiziň degişli ugruň ösdürilmegine berýän uly ünsüniň aýdyň subutnamasydyr.

Soňky ýyllarda Milli goşunymyzyň harby-deňiz kuwwaty goşunyň bu kysymynyň ygtyýaryna gelip gowşan döwrebap tehnikalaryň hem-de dürli nusgaly we maksatly harby gämileriň hasabyna ep-esli berkedi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Harby Deňiz Güýçleriniň gämileri bilen tanşyp, Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň deňiz kenarlarynyň ygtybarly goralýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzyň Harby Deňiz Güýçleriniň ýokary goranyş ukyplylygy hem-de söweşjeň kuwwaty olaryň şahsy düzüminiň belent ruhuny artdyrmaga gönükdirilendir.

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk deňzi hökmünde Hazaryň derejesini hemmetaraplaýyn berkitmegiň zerurdygyny aýtmak bilen, milli Liderimiz deňiz we gury ýer serhetlerinde parahatçylygy we asudalygy saklamagyň mukaddes borç bolup durýandygyny belledi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, harby birikmelerde şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işler, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Möhletleýin gullugy geçmek üçin ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýan raýatlarymyzy harby gulluga ýazky çagyryş möwsüminiň barşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz bu düzümiň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belläp, Ýaragly Güýçlerimiziň harby we ýörite tehnikalaryň täze görnüşleri bilen üpjün edilmegini milli goranyş babatda möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, harby gullukçylaryň söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyna üns berildi.

Harby okuw mekdeplerinde syýasy-terbiýeçilik, bilim, ylym-tehniki işleri utgaşdyrmagyň möhümdigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz goranmak ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew çykyş edip, degişli döwür üçin garamagyndaky düzümleriň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem jemgyýetçilik tertibini saklamak hem-de düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, şol sanda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow IIM-niň işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekip, durnuklylygy üpjün etmekde, raýatlarymyzyň kanuny hukuklaryny goramakda bu edaranyň ähmiýetli ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ministrligiň ulgamyna girýän gulluklarda işleriň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek barada görkezme berildi.

Paýtagtymyzda, şeýle hem ähli welaýatlarda ulag hereketini kadalaşdyrmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz bu ugurda, şeýle hem ýangyna garşy howpsuzlyk babatda degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Jemgyýetçilik tertibini goramagyň hem-de ýerlerde degişli düzümleriň işini kämilleşdirmegiň üpjün edilmegine täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak babatda IIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş. Durdyýew Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak boýunça degişli döwürde geçirilen işler, serhet birikmeleriniň binalaryny we desgalaryny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, gullugyň işine öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmen serhetçileri Watanymyzyň we halkymyzyň öňündäki mukaddes borçlaryny ýerine ýetirmekde görelde bolup, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk serhetleri bolan döwletimizde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde ygtybarly galkan bolmalydyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz serhetçileriň gulluk we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, gullugyň öňünde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň işine, ýurdumyzda kanunçylygyň hem-de hukuk tertibiniň berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça ýanwar — aprel aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwletimizde kanunlaryň berk hem-de gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýän bu hukuk goraýjy düzüme ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny berkitmek, jemgyýetde adalatlylygy üpjün etmek işinde uly orun degişlidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Raýatlarymyzyň konstitusion hukuklaryny goramak ulgamyň işgärleriniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz türkmenistanlylaryň hukuk medeniýetini, sowatlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleri yzygiderli geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa edaranyň düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň konstitusion gurluşyny pugtalandyrmak, jemgyýetde asuda we durnukly durmuşy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak işinde beýleki harby we hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly işlemegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, degişli ugra öňdebaryjy tejribäniň yzygiderli ornaşdyrylmagy, täze tehnologik işleriň öwrenilmegi hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde olaryň başarnykly ulanylmagy möhüm talaplaryň hatarynda görkezildi. Şunda döwlet Baştutanymyz ministrligiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň syýasy taýýarlygyny kämilleşdirmek bilen bagly tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem kazyýet işlerine hem-de arz-şikaýatlara seredilende kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmek boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamyň işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini belläp, degişli düzümiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Her bir işe seredilende türkmenistanlylaryň hukuklary we azatlyklary takyk we gyşarnyksyz berjaý edilmelidir diýip, milli Liderimiz kazyýet önümçilik işiniň milli kanunçylygyň hem-de halkara hukugynyň hereket edýän kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagy barada anyk görkezmeleri berdi.

Kazyýet mejlisleriniň degişli derejede geçirilmeginiň üpjün edilmegine aýratyn ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Adalat ministri B.Muhammedow kanunçylygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bu kanunçylyk täze taryhy döwrüň wezipelerini hem-de belent maksatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli kanunçylyk binýadynyň üstüni täze, döwrüň ruhuna kybap gelýän, kadalaşdyryjy namalar bilen ýerine ýetirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şol namalary takyk işläp taýýarlamak Mejlis hem-de beýleki düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylmalydyr.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew edaranyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işler hem-de işgärleriň netijeli işlemegini we olaryň maşgala agzalarynyň amatly durmuşyny üpjün etmek üçin görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Soňky ýyllarda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere laýyklykda gullugyň öňünde durýan wezipeler täze ähmiýete eýe bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Gümrük gullugynyň üstüne daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etmek, Watanymyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmek, degişli ugurda kanunçylygy berjaý etmek ýaly wezipeler ýüklenendir diýip, milli Liderimiz gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça ýanwar — aprel aýlarynda geçirilen işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa meselelerini düzgünleşdirmek, bu ugurda ýurdumyzyň milli bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek boýunça döwlet edaralarynyň we beýleki ýuridiki şahslaryň işlerini utgaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar diýip belledi.

Ilki bolup, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda gözegçilik edýän edaralarynda geçirilen işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem harby işgärleriň hünär derejesini artdyrmak maksady bilen, amala aşyrylan anyk çäreler hasabatyň esasyny düzdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny, çäk bitewiligini berkitmek, ykdysady bähbitlerini goramak, ählumumy howplaryň aralaşmagynyň öňüni almak işleriniň esasy wezipeleriň hatarynda durýandygyny aýtdy.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli amala aşyrmak bilen, Garaşsyz, Bitarap döwletimiz geljekde hem goşunlaryň ähli kysymlarynyň öňdebaryjy tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegine uly üns berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz mejlisiň netijelerini jemläp, bu ugurda geçirilýän özgertmeler bilen bir hatarda döwletimiziň geljekde hem harby gullukçylaryň we maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada etjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli düzümleri ösdürmek boýunça kesgitlenen ähli meýilnamalaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini üns merkezinde saklamak tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri, mähriban halkymyza bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri, mähriban halkymyza bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi. TDH

google de Türkmenistan habar Turkmenistan habar

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Paýtagtymyzyň Sport Merkezlerinde Türgenleşik Geçdi

Hasyl Toýy-2018 Fotosurtalary

Türkmenistanyň Dermanlyk Ösümlikleri

syrach