Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň iki aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2016-njy ýylyň ilkinji iki aýynda alyp baran işleriniň netijelerine garaldy hem-de ýurdumyzda parahatçylygyň we durnuklylygyň esaslaryny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň täze Harby doktrinasy bilen baglylykda, kanunçylygy hem-de düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar harby ulgamy özgertmegiň barşy, özlerine ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň goranmak ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi hem-de olaryň ýaşaýyş-durmuşy we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem watançylyk terbiýeçilik işiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleri üçin Türkmenistanyň çäginde bar bolan taryhy ýadygärliklere, muzeýlere syýahat guralýar. Munuň özi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň möhüm wezipeleridigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň parahatçylykly we döredijilikli durmuşyny üpjün etmekde milli goşunyň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, döwletimiziň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň goranyş ukybyny güýçlendirmäge uly üns berjekdigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, işlenip taýýarlanan hem-de golaýda tassyklanan täze Harby doktrina hem şuňa gönükdirilendir. Bu doktrinada ýurdumyzyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarlydygyny nazara almak bilen, harby we hukuk goraýjy düzümleriň anyk wezipeleri kesgitlenilýär. Munuň özi bolsa türkmen halkynyň we tutuş sebitiň halklarynyň abadançylygynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň ýurdumyzyň çäginde bar bolan taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere gezelençleriniň guralmagy harby we hukuk goraýjy edaralarynda gulluk edýän ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizdigini üpjün etmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň diňe parahatçylyk söýüjilik we goranyş häsiýetine eýedigine ýene-de bir gezek ünsi çekip, serhet gullugynyň wajyp ornuny nygtady. Bu gullugyň üstüne ýurdumyzyň çäk-bitewüligini üpjün etmek we döwlet serhedini hüşgärlik bilen goramak wezipesi ýüklenilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, general-leýtenant M.Yslamowy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşatdy we degişli Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz General-maýor B.Gündogdyýewi Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy– Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleri serkerdeliginiň serkerdesi wezipesinden boşatdy we bu wezipä podpolkownik B.Annaýewi belledi.
Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň berk berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrýan prokuratura edaralarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy prokuratura edaralarynyň ýerine ýetirýän işleriniň möhümdigini nygtap, mundan beýläk hem milli kanunçylygyň berk berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrmagyň wajypdygyny hem-de eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň işini barlamalydygyny, her bir işe örän jogapkärli çemeleşmelidigini nygtady.
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri general-leýtenant G.Hojaberdiýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işler, milli howpsuzlygy üpjün etmek hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak maksady bilen, alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyndan saglyk ýagdaýy sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatmagy haýyş etdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli we ählumumy howpsuzlygyň bähbidine halkara bileleşigi tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesine ygrarly bolan özygtyýarly Türkmenistanyň özüniň parahatçylyk söýüji halkynyň asudalygy we abadançylygy barada ýadawsyz alada edilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz G.Hojaberdiýewiň haýyşyny kanagatlandyryp, ony eýeleýän wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamaga hem-de islendik düzgün bozmalaryň, şol sanda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga jogap berýän edaralaryň alyp barýan işi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, ýollarda sürüjiler we ýolagçylar üçin ähli amatlyklary döretmek, bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar.
Milli Liderimiz Içeri işler ministrliginiň tertip-düzgüni we jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmekde saldamly goşandyny belläp, içeri işler edaralarynyň döwletimizde we jemgyýetimizde tertip-düzgüni, ulaglaryň sazlaşygyny, ýangyn howpsuzlygynyň ýola goýulmagyny hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda hereket howpsuzlygyny, ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, paýtagtymyzda raýatlary ýazga ýa-da bellige almak boýunça geçirilýän işlere, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň şahsy düzüminiň gulluk borçlaryny ýerine ýetirişine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary Ý.Söýegowa berk käýinç yglan etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Polisiýanyň podpolkownigi A.Beknazarowy Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew hormatly Prezidentimiziň döwlet ösüşiniň möhüm ugurlaryny nazara almak bilen, milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleri babatda geçen iki aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň üstüne ýüklenen jogapkärçiligiň örän uludygyny belledi. Şunlukda, bu gullugyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy D.Baýramow hormatly Prezidentimize ýolbaşçylyk edýän edarasynda iki aýyň dowamynda geçirilen işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de gümrük nokatlaryny döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow polkownik D.Baýramowy Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy we polkownik M.Çakyýewi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow iki aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini hem-de umumy ykrar edilen halkara iş tejribesini ornaşdyrmak babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň dünýäniň köp ýurtlary bilen dostlukly we netijeli gatnaşyklaryny ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän migrasiýa gullugynyň amala aşyrýan köpugurly işiniň ähmiýeti barada aýdyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatowa käýinç yglan etdi.
Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow sagdyn durmuş ýörelgesini hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini işjeň wagyz etmegiň hasabyna neşekeşlik ýaly howply nogsanlyga garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna, neşekeşlige garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça geçirilýän giň möçberli işleriň örän wajypdygyny nygtap, abraýly halkara we sebit düzümleri bilen ysnyşykly işlemegiň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda neşekeşligiň ýüze çykmagyna garşy göreşi güýçlendirmek, saglyn durmuş kadalaryny üpjün etmek, ösüp gelýän ýaş nesil barada yzygiderli alada etmek, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine birleşdirilýändigi barada degişli resminama gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow milli Liderimiziň kanunçykaryjylyk ulgamynda başyny başlan özgertmeleriniň amala aşyrylyşynyň barşy hem-de döwletimiziň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge, ilatyň arasynda hukuk sowatlylygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Biziň kabul edýän Kanunlarymyzyň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň Konstitusiýasy täze döwrüň hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we dünýäniň oňyn tejribesiniň hem-de hereket edýän milli kanunçylygyň esasy ýörelgeleriniň seljerilmeginiň hukuk ulgamynda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli ýolbaşçylarynyň adyndan bu gulluklaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylar möhüm wezipeleri berjaý etmek ugrunda sazlaşykly işlejekdiklerini aýdyp, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etjekdiklerine kasam etdiler.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň parahatçylykly we döredijilikli durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça möhüm iş bilen meşgullanýan ähli düzümleriň işini utgaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina bilen baglylykda, döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bu düzümleriň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek barada alada etjekdigini aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna we ähli şahsy düzümine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.