13.9 C
Aşkabat
23.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewiň hasabaty diňlenildi. Ol milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan hem-de milli goşunymyzyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna we harby gullukçylaryň hem-de olaryň gulluk, ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýanwar-aprel aýlarynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň netijeleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary boşatmak we harby gulluga nobatdaky çagyryş baradaky Permanynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, milli goşunymyzyň söweşjeň ukyplylygyny berkitmek meselelerine ägirt uly üns bermek bilen, Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine mundan beýläk-de üýtgewsiz ygrarly boljakdygyny belledi. Ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik däplerine esaslanýan  parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz harby bölümlerde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri mundan beýläk-de dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, esasy meseleleriň, hususan-da, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi we göwnejaý gulluk hem-de Watanymyzyň goragçylarynyň doly derejeli ýaşaýşy, dynç alşy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, döwrebap harby şäherçelerde serkerdeler we olaryň maşgalalary üçin täze amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerindäki ýagdaý, 2016-njy ýylyň dört aýynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler, şeýle hem gurluşygy dowam edýän desgalardaky, aýratyn-da, döwrebap serhet galalarynyň gurluşygyndaky işler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmeginde serhetçileriň ägirt uly goşandynyň bardygyny nygtap, goňşy döwletler we doganlyk halklar bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barmagyň halkymyzyň asylly ýörelgesidigini belledi. Belent Serkerdebaşymyz döwletimiziň mundan beýläk-de wajyp hem-de jogapkärli işi ýerine ýetirýän gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berjekdigini aýtdy. 

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işler , hususan-da, jemgyýetçilik tertibini saklamak we düzgün bozmalara gözegçilik etmek, şol  sanda ýurdumyzyň ulag ýollarynda sazlaşykly hereketi üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygy, hukuk tertibini üpjün etmek babatda içeri işler gulluklarynyň işgärleriniň durmuşa geçirýän çäreleriniň möhümdigini belläp, IIM-niň ýolbaşçysyna islendik görnüşdäki hukuk bozmalaryň öňüni almak, ýangyn döremek mümkinçilikleriniň öňüni almak, sürüjileriň we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek barada birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Baş prokuror A.Hallyýew şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ol döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygyň berk berjaý edilişine prokuratura edaralarynyň alyp barýan gözegçiligi we bu ugurda durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada habar berdi.

Milli Liderimiz öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, milli bähbidiň goragynda durýan prokuratura işgärleriniň öz borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirmelidiklerini, hereket edýän milli kanunçylygyň berjaý edilişine berk gözegçiligi ýola goýmalydygyny belledi. 

Soňra çykyş eden Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ulgamyň işini umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz işgärleri seçip almak işine jogapkärli çemeleşmegiň, ähli derejedäki işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky degişli resminama gol çekdi. 

Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysy D.Baýramow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde 2016-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, ministrligiň işgärleriniň ýurdumyzda howpsuzlygy üpjün etmek we durnuklylygy saklamak boýunça öňde durýan wezipeleriň jogapkärçiligine dogry düşünýändiklerini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz döwlet Garaşsyzlygynyň mukaddes sütünlerini berkitmek işinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň ähmiýetli orny barada aýdyp, ýurdumyzyň düýpli özgertmeler ýoly bilen üstünlikli ilerlemegini birnäçe esasy ýagdaýlaryň kesgitleýändigini aýratyn belledi. Ýurdumyzda parahatçylyk we asudalyk şolaryň möhümleridir. 

Soňra Döwlet  gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew degişli döwürde garamagyndaky düzümleriniň  işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler we geçirilen işler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz gümrük gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen, işgärleri seçip almagyň we ýerli-ýerinde goýmagyň, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ähli gümrük terminallarynda guramaçylykly işi üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegiň esasy wezipeler bolup durýandygyny aýtdy. 

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatowa söz berildi, ol  şu ýylyň dört aýynda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň alyp baran işleriniň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň gullugyň ähli bölümleriniň işi, öňdebaryjy dünýä we halkara tejribesini işjeň ornaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly  Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, migrasiýa gullugynyň iş usullaryny has-da kämilleşdirmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Gullugyň işi ýurdumyzyň alyp barýan “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge gönükdirilendir. 

Adalat ministri B.Muhammedowyň beren hasabatynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek  boýunça dört aýyň içinde  geçirilen işler beýan edildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkara hukugynyň kadalaryny düýpli öwrenmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz oňyn dünýä kanunçykaryjylyk tejribesiniň hem-de ýurdumyzyň yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk binýadynyň esasy ýörelgeleriniň sazlaşygy täze taryhy döwürde giň gerimli özgertmeleri we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmagyň esasy şerti bolup durýandygyny aýtdy.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň ajaýyp zähmet ýeňişleriniň ýurdumyzdaky parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň netijesidigini kanagatlanma bilen belläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň kadalaryna eýerjekdigini nygtady. Şol strategiýanyň esasynda duran parahatçylyk söýüjiligiň mizemez ýörelgelerinden ugur almak bilen, biziň döwletimiziň geljekde hem harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyryp, Watanymyzyň öňünde mukaddes borjuny ýerine ýetirýän harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hakynda alada etjekdigini belledi. 

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça  degişli çözgütler kabul edildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly  Güýçleriniň  Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, ýurdumyzda parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň dowamat dowam bolmagyny arzuw etdi. 

Degişli makalalar

«Türkmennebit» DK «Honghua International Co,. Ltd.» Kompaniýasyndan Buraw Turbalaryny Satyn Alar

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach