Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat döwründe amala aşyrylan işler hem-de ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýändigini belledi. Şol ýörelgeler bolsa üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinada öz beýanyny tapdy. Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralar üçin ýokary hünärli hünärmenleri seçip almagyň wajypdygyny aýtdy.
Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň üstüne ýüklenen jogapkärli wezipeler barada aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, bu edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler ministri I.Mulikow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de ykdysady häsiýetli kanun bozmalary ýüze çykarmak boýunça täze düzümleýin edaranyň işini talabalaýyk guramak babatda amala aşyrylan çäreler hasabatyň esasy meseleleriniň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu edaranyň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmek maksady bilen, täze usullary işjeň ornaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeleriniň düzgün bozmalaryň, ýol hadysalarynyň öňüni almakdan hem-de ýangyna garşy göreş çärelerini geçirmekden ybaratdygyny aýtdy. Milli Liderimiz ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek boýunça döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek üçin möhüm çäreleri kabul etmegiň wajypdygyny aýdyp, ministre bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Milli goşunymyzda ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz harby goranyş edaralarynyň birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, harby bölümleriň we birikmeleriň ählisinde düzgün-nyzamy pugtalandyrmak meselesini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Soňky ýyllarda harby edaralaryň ygtyýaryna iň öňdebaryjy tehnikalar gelip gowuşýar. Şu ýyl meýilleşdirilen okuw sapaklarynyň, taktiki türgenleşikleriň, goşunyň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýleki çäreleriň ählisiniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň durmuş üpjünçiligi meselelerine aýratyn ünsi çekip, goranmak ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew milli kazyýet ulgamyny, şol sanda onuň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri kämilleşdirmek babatda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzyň düýpli özgertmeler we okgunly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk şol özgertmeleriň ygtybarly binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş kazyýet işiniň kanunçylygy, adalatlylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmäge, düzgün bozmalara getirýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga gönükdirilendigini nygtady hem-de döwlet kadalaşdyrylyşynyň ähli ulgamlaryny özüne birleşdirýän döwlet goragynyň netijeli guraly hökmünde bu edaranyň ornuny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu düzümiň işgärleriniň kabul edilýän çözgütleri üçin jogapkärçiligine ünsi çekip, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary yzygiderli guramak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Baş prokuror B.Atdaýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýerine ýetiren işleri hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda prokuror barlaglaryny geçirmegiň işiň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kanunlaryň hökmürowanlygyny üpjün etmek, adamyň we raýatyň konstitusion hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak maksady bilen, bu düzümiň işgärleriniň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri birkemsiz hem-de ak ýürek bilen ýerine ýetirmelidigini nygtap, anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistanyň guryýer we deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler hasabat berdi.
Milli Liderimiz Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň kabul eden Harby doktrinasynyň goranyş häsiýetine eýedigini, munuň bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ýörelgelerine laýyk gelýändigini belledi. Biz mukaddes serhetlerimizi dostluk we doganlyk serhetleri hökmünde yglan edip, ähli ýurtlar, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu gullugyň esasy wezipesiniň Türkmenistanyň çäginiň bitewüligini hem-de ykdysady bähbitlerini goramakdan ybaratdygyny nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmegiň hem-de harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny aýdyp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow gullugyň ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de milli Liderimiziň düzümi täze tehnikalar bilen üpjün etmek we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ykdysady işjeňligiň ýokarlanandygyny hem-de halkara ýük daşamagyň möçberleriniň artandygyny nazara almak bilen, ýurdumyza getirilýän önümleriň içgin gözden geçirilmegini, olaryň hil babatda bellenen ülňülere doly laýyk gelmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermegiň, işde döwrebap usullary ulanmagyň möhümdigini belledi.
Adalat ministri B.Muhammedow ýanwar aýynda täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler hem-de yzygiderli guralýan raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň çäklerinde ilata hereket edýän kanunçylyk-hukuk namalaryny düşündirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekip, hukuk ulgamynda öňdebaryjy iş tejribesini öwrenmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ilata ýokary derejeli hukuk kömegini bermegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe edaranyň öňünde goýlan gaýragoýulmasyz wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Bu ulgamdaky döwlet syýasaty türkmenistanlylaryň bähbitlerini hem-de howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, olaryň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda hereket etmegi babatdaky hukuklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilendir. Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy oňyn dünýä tejribesini hem-de hereket edýän milli kanunçylygyň esasy ýörelgelerini netijeli ulanmagyň, kämil iş usullaryny tejribä ornaşdyrmagyň bu ulgamdaky wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny aýdyp, gullugyň düzümleýin edaralaryny dolandyrmak ulgamynda täze maglumat tehnologiýalaryny has işjeň ulanmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de oňyn halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde yglan etmek bilen, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň kepili bolan Milli goşunymyzyň ýokary goranyş ukybyny üpjün etmäge gönükdirilen Harby doktrinany durmuşa geçirýär.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda amala aşyrylýan özgertmeler hem şu maksatlara gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini belläp, harby özgertmeleriň durmuş meseleleriniň Hökümetiň hemişe üns merkezinde boljakdygyny nygtady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki möhüm meseleleriň hem birnäçesine garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ata Watanymyzy goramak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov.tm