Gözelligiň, mähribanlygyň nusgasy, ar-namysyň tugy hasaplanýan gelin-gyzlarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent hormata eýedir. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy bilen Halkara zenanlar gününiň döwlet derejesinde uludan baýram edilmegi bagtyýarlyk döwrümizden bagt tapan mähriban ak saçly enelerimize we gelin-gyzlarymyza goýulýan belent sarpaň nyşanydyr. Şu günler ata Watanymyzyň ähli edara-kärhanalarynda, şeýle hem ýokary we orta okuw mekdeplerinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan toýdur baýramlar uly dabara beslenýär.
Şatlyk-şowhuna beslenen şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda geçirilip, ol Gullugymyzyň hatarynda zähmet çekýän zenan işgärler üçin ajaýyp sowgat boldy. Gullugymyzyň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly baýramçylykda türkmen zenanlarynyň gözelligini, söýgüsini we baky juwanlygyny wasp edýän ajaýyp çykyşlar, aýdymdyr-sazlar ýaňlandy. Şowhunly çykyşlarda mähriban enelerimiziň, uýalarymyzyň, edepli gyz-gelinlerimiziň gözelligi, mähribanlygy, asyllylygy, öý-ojaga ygrarlylygy belentden wasp edildi.
Täsirli dabara zenanlarymyza uly hormat goýulmagynyň, türkmen jemgyýetiniň bitewüliginiň hem-de sazlaşykly ösüşiniň daýanjy hasaplanýan maşgala ojagynyň agzybirligini, abadançylygyny we mizemezligini aýawly saklaýan enelerimiziň, gyz-gelinlerimiziň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabyndan ýerine ýetirilen çykyşlar dabarada has-da täsirli boldy.
Baýramçylyk çäresiniň dowamynda Gullugymyzyň zenan işgärlerine Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary we gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Gullugymyzyň harby gullukçylary tarapyndan ýerine ýetirilen ene mukaddesligini, zenan gözelligini, söýgüsini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar, okalan şygyrlar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň zenan harby gullukçylary ýurdumyzda ajaýyp özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, türkmen zenanlarynyň abadan durmuşy we dürli ugurlarda zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleriň döredilýändigi, ýaş nesil barada alada edilýändigi we halkymyzyň ruhy ahlak gymmatlyklarynyň baýlaşdyrylýandygy üçin hormatly Belent Serkerdabaşymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy