2017-nji ýyldaky Bütindüýä gan donory gününiň „Gan tabşyryň. Ony häzir tabşyryň. Gany ýygy-ýygydan tabşyryň“ şygary näsaglaryň ömrüni halas etmekde donorlaryň ähmiýetine we ganyň ätiýaçda ýeterlik derejede bolmagyna ünsi çekýär.
Däp bolşy ýaly, Bütindüýä gan donory güni paýtagtymyzda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa medisina işgärlerinden başga-da, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Yzygiderli gan tabşyrýanlar çäräniň hormatly myhmanlarydy. Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat öýünde geçirilen gan tabşyrmak çäresine onlarça adam gatnaşdy.
Gan gullugy saglygy goraýyş ugamynyň netijeli işiniň möhüm bölümleriniň biridir. Bejeriş-keseliň öňüni alyş edaralary üçin gan we onuň düzüm böleklerini taýýarlamak hem-de olary näsaga goýbermek, gan dermanlaryny taýýarlamak we ulanmak Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keseller merkezleri müdirliginiň düzümine girýän Gan merkeziniň wezipesidir. Donorlaryň sanyny meýilleşdirmek we olary hasaba almak, olaryň lukmançylyk barlaglaryndan geçişiniň dogrylygyna gözegçilik, gan, onuň düzüm böleklerini we bellenen ölçegdäki uýan gan taýýarlamak, olar bilen bejeriş-keseliň öňüni alyş edaralaryny üpjün etmek, şeýle hem ätiýaçlyk eritrositar massasyny we gan düzümlerini taýýarlamak Merkeziň jogapkärçiligindäki işlerdir.
Merkeziň laboratoriýasynda donor ganlary çuňlaşdyrylyp barlanylýar, şeýle hem gan goýberlenden soň näsaglaryň halynyň agyrlaşan ýagdaýlary we olaryň öňüni almak boýunça çäreler seljerilýär. Merkezde welaýatlaryň we bejeriş-keseliň öňüni alyş edaralarynyň gan saklaýyş böümleriniň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar yzygiderli geçirilip durulýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda Donorlyk hakynda Kanun taslamasy taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 156-njy maddasyna laýyklykda donoryň gan tabşyran güni işden boşadylmagyna we mugt iýmitlenmäge, şeýle hem goşmaça dynç gününe haky bardyr.