2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda tegelek stol geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt Maksatnamasynyň taslamasy duşuşygyň esasy temasy boldy. Kanunyň hökmürowanlygy we ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, şeýle-de statistiki maglumatlaryň hili ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda resminamanyň esasy bölümleri, soňky ýyllarda ýurdumyzyň gazanan ösüşleri, şeýle hem durnukly ösüşe ýardam etmekde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň orny barada aýratyn bellenip geçildi.
Türkmen tarapy ýokarda agzalan resminamalary taýýarlamakda işjeň gatnaşanlygy we bilelikdäki netijeli iş üçin minetdarlyk bildirip hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşine ygrarlydygyny belläp, BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary, edaralary we institutlary bilen meseleleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyny geljekde hem has-da işjeňleşdirmek boýunça meýlini aýan etdi.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri geljekki hyzmatdaşlyk resminamalaryny taýýarlamak boýunça geçiren ähmiýetli işleri üçin türkmen tarapyna uly minnetdarlyk bildirdiler hem-de durnukly ösüş maksatlaryny milli maksatnamalara girizmek boýunça işjeň gatnaşandygyny we möhüm çemeleşendigini aýratyn bellediler.
Maslahatyň ahyrynda taraplaryň wekilleri ulgamlaýyn işe hyjuwlydyklaryny bellediler we bu mejlis Türkmenistanyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn itergi berer diýip umyt etdiler. DIM