2017-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Ankara şäherinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny geçirdi.
Gül goýmak dabarasyna Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Gül goýmak dabarasyndan soňra ýygnanlaryň öňünde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Işan Amanlyýew, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň wekilleri we käbir türkmen talyplary çykyş edip, bu baýramçylygyň ähmiýeti barada belläp geçdiler.