4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Mejlisi Täze Kanunlaryň we Kadalaşdyryjy – Hukuk Namalarynyň Birnäçesini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Mejlisi Täze Kanunlaryň we Kadalaşdyryjy – Hukuk Namalarynyň Birnäçesini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Onda birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmak üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Ilki bilen parlamentariler “Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglar boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamasyna garadylar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21-nji maýynda Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we Mary welaýatynyň 106-njy “Wekil” saýlaw okruglary boýunça ozal çykyp gidenleriň ornuna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň edara ediş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Şeýle hem maslahatyň gün tertibine laýyklykda deputatlaryň garamagyna “Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi.

Soňra alyjylar jemgyýetleriniň we olaryň birleşikleriniň döredilmeginiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslarynyň döredilmegini, alyjylar birleşmeleriniň işini kesgitleýän “Alyjylar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Kanun taslamasy milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi bilen baglylykda işlenip taýýarlanyldy. Ol ýurdumyzda söwda, taýýarlaýyş, önümçilik we önümleri ýerleşdirmek, şeýle hem şahsy kömekçi hojalyklary, halk senetkärligi ýaly hojalyk işleriniň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunlukda munuň özi ildatyň islegleriniň kanagatlandyrylmagyny we sarp edijileriň birnäçe harytlara hem-de hyzmatlara bolan gyzyklanmalarynyň berjaý edilmegini şertlendirer.

“Administratiw önümçilik hakynda”, “Hossarlyk we howandarlyk hakynda”, “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” kanunlaryň taslamalaryna garaldy.

Türkmenistanda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ekologiýa taýdan howply iş alyp barýan edaralar, kärhanalar, guramalar üçin hökmany ekologiýa ätiýaçlandyrmasy girizildi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna howanyň arassaçylygyna gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen täzeçil, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ekologiýa ülňülerine laýyklykda gurulýan zawodlar, fabrikler we beýleki desgalar olaryň daşky gurşawa zyýansyzlygy baradaky degişli ekologiýa barlagyny geçýärler.

Şunuň bilen baglylykda hojalyk we ýuridiki hem-de şahsy taraplaryň alyp barýan işinde ekologiýa howpsuzlygyny kadalaşdyrýan we adamlaryň, jemgyýetiň möhüm durmuş gyzyklanmalarynyň üpjün edlmegine, daşky gurşawyň antropogen we tebigy täsirleriň netijesinde döreýän howpdan goraglylygyna gönükdirilen täze Kanunyň aýratyn möhümdigi bellenildi.

“Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, parlamentariler ýurdumyzyň BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň doly hukukly agzasy bolmak bilen,, dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ägirt uly goşant goşýandygyny we bosgunlara kömek bermek, olaryň hukugyny goramak boýunça maksatnamalaýyn işleri we anyk çäreleri durmuşa geçirýändigini nygtadylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda käbir sebäplere we ýagdaýlara görä dogduk ýurtlaryny taşlamaga mejbur bolan müňlerçe adamlar ikinji watanyna eýe boldular.

Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksine”, Jenaýat Kodeksine, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Salgytlar Kodeksine, “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda”, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Migrasiýa hakynda”, “Geňeş hakynda” kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

Bäşinji çagyrylyşyň nobatdaky maslahatyna girizilen kanunçylyk namalaryň taslamalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugynyň Hataryna Işe Täze Kabul Edilen Harby Gullukçylar

syrach

Sebitlerde Oba Ýerlerini Gazlaşdyrmak Maksatnamasy Durmuşa Geçirilýär

turkmenhabargullugy

Üstünlik-Bu Özüňe Ynanmakdyr!