Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary bellemek hakynda
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary 2019-njy ýylyň 31-nji martyna, ýekşenbe gününe bellemeli.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
G.Mämmedowa
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwary.
№ 116-VI.
turkmenistan.gov.tm