Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty boldy. Oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary esasynda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň we kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň taslamalaryna garamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Bellenilişi ýaly, milli parlament ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwlet Baştutanymyzyň deputatdaryň öňünde goýan wezipelerine laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işleri alyp barýar. Ähli kanunçylyk taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleri, şeýle hem halkara-hukuk kadalary nazara alnyp işlenip taýýarlanylýar hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, syýasy, ruhy-medeni ösüş maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Mejlisiň garamagyna “Döwlet gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi. Pikir alyşmalaryň barşynda döwlet guramalaryna degişli teklipleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri amala aşyrýan döwlet düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde bu resminamanyň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Bu kanunçylyk taslamasy Türkmenistanda döwlet gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny, ýurdumyzyň raýatlarynyň döwlet gullugyna bolan hukuklaryny durmuşa geçirmegiň şertlerini we tertibini kesgitleýär. Ol döwlet gullugyna girişmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýar we ony alyp barmagy, tamamlamagy hem-de döwlet gullukçysynyň derejesini kesgitleýär.
Döwlet gullugyna ýüklenen esasy wezipeleriň hataryna döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, kadalaşdyryş-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak ýa-da seljermek, administratiw hyzmatlary ýola goýmak, döwlet gözegçiligini amala aşyrmak, döwlet eýeçiligini dolandyrmak we beýlekiler boýunça degişli teklipleri taýýarlamak girýär. Kanunçylyk taslamasynda wezipe borçlary, hünär derejesine bildirilýän talaplar, döwlet gullukçysynyň wezipe borçlary we beýleki düşünjeler kesgitlenendir.
“Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem maslahatyň garamagyna hödürlendi. Bu resminama Türkmenistanyň kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň üstüni ýetirmek bilen, döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine, işjeňlik sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu kanunçylyk nama ýurdumyzyň Konstitusiýasyna esaslanyp Türkmenistanyň “Parahorçulyga garşy göreş hakynda” Kanunyna we beýleki kadalaşdyryş hukuk namalaryna daýanýar hem-de döwlet gullukçylarynyň eýeleýän wezipesine garamazdan gulluk, hünär etikasynyň, özüňi alyp barmagyň esasy kadalaryny özünde jemleýär.
Deputatlaryň belleýişleri ýaly, täze Kanun döwlet gullukçysynyň abraýynyň ýokarlanmagyna, raýatlaryň döwlet guramalaryna bolan ynamynyň artmagyna gönükdirilendir. Ol öz bilimini, başarnygyny we tejribesini Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etmek borjy ýüklenen döwlet gullkçylarynyň hünär işiniň netijeli bolmagyny ugur edinýär.
“Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşyp, deputatlar bu Kanunyň Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup durýandygyny hem-de adamlaryň dine uýmak erkinlligini kepillendirýändigini bellediler. Ýurdumyzda her bir adamyň dini ynanjyna garamazdan deň derejeli hukuklar üpjün edilýär. Halkyň medeni we ruhy durmuşynda yslamyň taryhy taýdan eýeleýän ornuna ünsi çekip, maslahata gatnaşyjylar dine uýmaýan raýatlaryň we guramalaryň arasynda hem-de dürli dine uýýan raýatlaryň we dini guramalaryň arasynda özara ylalaşygy hem-de birek-birege sarpa goýmagy üpjün etmäge gönükdirilendigini belediler.
Soňra “Atmosfera howasyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşmaga hödürlendi. Bu resminamada atmosfera howasyny hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryndan goramagyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitlenýär. Şeýle hem ol ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işgleriň daşky gurşawa hem-de ilatyň saglygyna ýetirýän zyýanly täsiriniň öňüni almaga degişli meseleleri düzgünleşdirýär.
Deputatlar “Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, häzirki döwürde Aşgabadyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň täze taryhynyň, onuň döredijiligiň, ösüşiň we rowaçlyklaryň belentliklerine tarap ynamly gadamynyň, nurana geljeginiň aýdyň nyşany bolup durýandygyny nygtadylar. Ýurdumyzyň baş şäherinde diňe bir ykbal çözüji çözgütler hem-de jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň toplumy amala aşyrylmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna görelde bolup durýan netijeli işleriň yzy üzülmeýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alada etmegi netijesinde Aşgabat dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ak mermerli paýtagtymyzyň halkara derejesindäki syýasy, işewürlik, medeni we syýahatçylyk merkezi hökmündäki abraýy hem-de ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar.
Şeýle hem Mejlisiň maslahatynyň barşynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Söwda işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, çykyp geplänler häzirki döwürde Türkmenistanda içerki bazary dürli görnüşli harytlaryň we önümleriň bolçudygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny nygtadylar. Halkyň sarp edýän harytlaryny we azyk önümlerini öndürmegi artdyrmak bilen bir hatarda, dokma we azyk senagatlary pudaklarynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar, hyzmat hem-de söwda ulgamlarynyň ösdürilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanda söwda işini alyp barmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän hem-de onuň döwlet kadalaşdyrylyşyny, şol sanda lomaý, bölek söwdanyň, jemgyýetçilik iýmitiniň işini kämilleşdirýän Kanunyň möhümdigi bellenildi.
“Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy maslahata gatnaşyjylar tarapyndan netijeli esasda ara alnyp maslahatlaşyldy. Deputatlaryň belleýişleri ýaly, eneligi we çagalygy goramak, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn hem-de sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurldarynyň birine öwrüldi. Bu ýörelge “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda, maşgala, enelere, çagalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça giň möçberli durmuş, ykdysady we hukuk çärelerinde öz beýanyny tapdy. Türkmenistan BMG-niň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny tassyklap, ýaşajyk raýatlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini mälim etdi we bu babatda uly üstünlikleri gazandy. Hususan-da, bu Kanun eneligiň we çagalygyň goraglylygyny üpjün etmek boýunça döwlet kepilliklerini kesgitleýär we ol çaganyň esasy hukuklarynyň biri bolan ��” beden we ruhy saglygynyň emele gelmeginiň şerti hökmünde ene süýdi bilen iýmitlendirilmäge bolan hukugynyň berjaý edilmegini öňe sürýär.
Soňra “Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Bu Kanun ýokarda agzalan wirus sebäpli döreýän keseliň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleriň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.
“Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga girişmek bilen, deputatlar ýurdumyzda 2016-njy ýylyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilmeginde bu Kanunyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, türkmen halkynyň mirasy örän beýik hem-de köp görnüşlidir. Ol şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eserlerini, paýtagtymyzyň döwlet muzeýlerinde we welaýatlaryň muzeýlerinde aýawly saklanýan bahasyz gymmatlyklary özünde jemleýär. Köpasyrlar mundan ozal gülläp ösen medeniýeti, netijeli söwdasy we ajaýyp senetkärçiligi bolan şäherleriň taryhy ýadygärlikleri arheologik açyşlara garaşýar.
Täze Kanun milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, goramak, olary döredijilikli meýdalanmak, wagyz etmek, äkitmek we getirmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýar hem-de türkmen halkynyň özboluşly ruhu-medeni gymmatlyklaryny goramagyň, ösdürmegiň hukuklaryny üpjün edýär. Taryhda adam eli bilen döredilen, şol sanda etniki, arheologik, taryhy, çeperçilik, ylmy, tehniki we dini gatnaşyklar babatda ägirt uly medeni gymmatlygy bolan senetleriň, ajaýyp eserleriň goragyny üpjün etmäge gönükdirilen bu kadalaşdyryş-hukuk namasy halkara medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine-de gönükdirilendir.
Maslahatyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan kanunçylyk taslamalarynyň hatarynda “Mahabat hakynda”, “Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary bar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Aziada-2017-niň paýtagtymyzda geçirilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyny şertlendirer. Çünki bu giň möçberli çäre dürli ugurlardaky halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär, dostluk we işewür hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, sebitde we tutuş dünýäde ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýagdaýynyň emele gelmegine oňyn täsirini ýetirýär, şeýle hem milli ykdysadyýetimizi, medeni durmuşymyzy we syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge ýardam berýär.
Aşgabatda geçiriljek bäsleşikler Aziýa oýunlarynyň tapgyrynda Aziýa ýurtlarynyň, Milli Olimpiýa komitetleriniň 45, şeýle hem Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň 17 wekiliýetlerini bir ýere jemlär. Dünýäniň 62 döwletinden 5 müňden gowrak türgenler sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşerler. Biziň ýurdumyza geljek müňlerçe adamlar, şol sanda žurnalistler, sportuň janköýerleri ýokary ruhuň, ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy bolan Türkmenistan bilen tanşarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-niň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda ägirt uly işler alnyp barylýar, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak işlerine giň gerim berildi. Paýtagtymyzda dürli desgalary özünde jemleýän Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy ýurdumyzyň dünýä derejesindäki belentliklerine tarap ynamly gadamyny alamatlandyrýar. Ýene-de bir ýyldan bu şäherçe Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän merkezine öwrüler.
Şeýle hem deputatlar Türkmenistanyň “Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Döwlet nyşanlary barada Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de olaryň birini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmek girizmek hakynda”, “Daýhan hojalygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Geňeş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.
“Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy maslahatyň gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň birine öwrüldi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň 13-nji maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny biragyzdan goldap we kabul edip, milli parlamentiň deputatlary bu möhüm resminamalaryň Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirjekdigine, ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durmuş-ykdysady hem-de demokratik ösüşleriň ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli hereket etmegini şertlendirjekdigine ynam bildirdiler.
soňky habar