Türkmenistanyň Mejlisiniň Maslahaty.
Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahaty boldy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň möhüm ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldylar.
“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlenen taslamalaryň ilkinjisi boldy. Ol hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň, hödürlemegiň, ara alyp maslahatlaşmagyň, kabul etmegiň, bellige almagyň, herekete girizmegiň, üýtgetmegiň, hukuk namalarynyň hereketini bes etmegiň we togtatmagyň, şeýle hem olary çap etmegiň tertibini kesgitleýär.
“Türkmenistanyň “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly adyny döretmek hakynda”, Türkmenistanyň “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly adyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, sagdyn we ruhy taýdan kuwwatly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwrebap sport desgalarynyň hemmetaraplaýyn guralmagy, Umumymilli spartakiadanyň geçirilmeginiň däbe öwrülmegi, oňa müňlerçe türkmenistanlylaryň işjeň çekilmegi, sportuň dürli görnüşleriniň yzygiderli ösdürilmegi, ýurdumyzyň türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlaryndaky üstünlikli çykyşlary öňdengörüjilikli syýasatyň anyk netijeleri bolup durýar.
Ýaş, zehinli türgenleri goldamak we höweslendirmek, sport ulgamyny ýokary hünärli mugallymlar we türgenler bilen üpjün etmek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galan “Aşgabat 2017”-niň oýunlary türkmen sportunyň taryhynda hil taýdan täze tapgyry emele getirer. Aşgabatda şunuň ýaly giň möçberli ýaryşlaryň geçirilmegi, Türkmenistanyň dünýä olimpiýa hereketindäki abraýynyň berkidilmegini, ilat arasynda, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sportuň giňden wagyz edilmegini şertlendirer.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna “Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmak hakynda”, “Harby gullukçylaryň maddy jogapkärçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary hödürlendi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde yzygiderli belleýşi ýaly, Milli goşun ýurdumyzyň parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň bähbidine gulluk edýär we halkymyzyň abadan durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň sarsmaz binýady bolup durýar. Bu ýörelgeler Garaşsyz Türkmenistanyň döwletimiziň hemişelik bitaraplyk derejesine esaslanýan we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynda öz beýanyny tapdy.
Häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy netijesinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, olaryň işiniň kanunçylyk esaslary kämilleşdirilýär, harby gullukçylaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar. Harby gullukçylar oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär, olaryň maşgalalary üçin aňrybaş amatly şertler döredilýär, ýaş harby gullukçylary we esgerleri hünär taýdan taýýarlamagyň ulgamy kämilleşdirilýär. Milli goşun ýaş harby gullukçylar üçin edermenligiň, Watana söýginiň ruhunda gözel Diýarymyzyň goragçylaryny watansöýüjilik esasda terbiýelemegiň görelde mekdebi bolup durýar.
Soňra parlamentiň garamagyna “Haýyr-sahawat işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi. Döwletimiziň durmuş syýasatynyň we halkymyzyň ynsanperwer däpleriniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan bu kanunçylyk taslamasynda ýuridik we fiziki şahslara haýyr-sahawat işini amala aşyrmaga bolan hukuk göz öňünde tutulyp, şonda haýyr-sahawatçylar meýletinlik esasynda mätäç bolanlara kömek berip bilerler. Ynsanperwerlik kömegi muzdsuz ýa-da ýeňillikli şertlerde şahsy emläklerinden, pul serişdeleri, şahsy eýeçiligiň serişdeleri, hyzmatlar, ýerine ýetirilen iş görnüşinde berlip bilner.
Soňra “Ganyň donorlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Deputatlar çykyşlarynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Ony durmuşa geçirmegiň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykdy. Aşgabatda we welaýatlarda iň häzirki zaman lukmançylyk merkezleri guruldy. Onuň netijesinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymylar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan we ornaşdyrylan saglygy goraýyş ulgamynyň täze ugurlaryna laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň toplumlary kemala geldi.
Her bir adamyň saglygynyň goralmagyna we berkidilmegine, onuň uzak ýyllaryň dowamyndaky işjeň durmuşynyň goldanylmagyna gönükdirilen ykdysady, durmuş, medeni, ylmy, lukmançylyk we hukuk häsiýetine eýe bolan netijeli çäreler ilatyň saglygynyň goralmagyna bolan toplumlaýyn çemeleşmeleriň özenini düzýär. Bu ugurdaky, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap kanunçylyk biýnadyny döretmek babatdaky köptaraplaýyn we maksatnamalaýyn işler yzygiderli dowam edýär. Gan donorlygy ýaly möhüm ugruň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän täze Kanun munuň aýdyň subutnamasydyr.
“Muzeýler we muzeý işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, deputatlar milli taryhy öwrenmegiň, halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklaryny dünýäde wagyz etmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Bu ugurdaky işi üstünlikli ýerine ýetirmekde taryhyň gymmatlyklaryny saklaýan muzeýlere, ýurdumyzyň ylym we aň-bilim merkezlerine möhüm orun degişli bolup durýar.
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat ähmiýeti bolan taryhy-medeni ýadygärlikleriň köp sanlysy bar. Olara dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan uly üns berilýär. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň muzeýleriniň gymmatlyklarynyň üsti ýurdumyzyň çäginde tapylan arheologik täzelikler we täze maglumatlar bilen yzygiderli ýetirilýär. Işiň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde bu bahasyz gymmatlyklar ýurdumyzyň taryhy bilen gyzyklanyp, muzeýlere gelýän adamlar üçin doly elýeterli boldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, medeni ojaklar, milli habar beriş serişdeleri, muzeýler, teatrlar, kitaphanalar, ylmy merkezler halkymyzyň baý mirasyny giňden wagyz etmek bilen, türkmen halkynyň özboluşly sungatynyň, halk döredijiliginiň ajaýyplygyny açyp görkezýär we her bir raýat üçin milli hem-de dünýä medeniýetiniň gymmatlyklara bolan elýeterliligi üpjün edýär.
Şunuň bilen baglylykda, muzeý we muzeý işinde döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän, Türkmenistanda muzeýleriň döredilmegini we onuň işini, muzeýleriň işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk hem-de beýleki gatnaşyklary kadalaşdyrýan, şeýle hem muzeýlere gelýän adamlaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän bu Kanunynyň aýratyn ähmiýeti bardyr.
Deputatlar “Pagtaçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm wezipelere üns berdiler. “Ak altyn” önümçiligi we ony gaýtadan işlemek toplumyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen topragynda pagta ösdürip ýetişdirmegiň örän gadymy we baý tejribeleriniň bardygy bellenildi. Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça obasenagat toplumynda dürli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.
Şeýlelikde, pagtaçylyk pudagynda hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullary, täze tehnologiýalar, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmegiň öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, tohumçylyk pudagynyň işi kämilleşdirildi. Tiz ýetişýän, ýokary hasyllylygy we süýüminiň ýokary hili bilen tapawutlanýan täze sortlar döredilýär. Pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk serişdeleriň taýýarlygyna aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň eksport ulgamynyň möhüm ugry hem-de dokma pudagynyň kärhanalary üçin esasy serişdeler bolup durýan “ak altynyň” önümçilik möçberleriniň artmagynyň möhüm şertini emele getirýär. Pagta Türkmenistanyň belli harytlyk nyşany bolmak bilen, köpsanly dünýä döwletlerinde uly isleg bildirilýän haryda öwrüldi.
Şu günki ara alnyp maslahatlaşylan kanunçylyk taslamasy Türkmenistanda pagtaçylygyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de pagtanyň, pagta önümleriniň dolanyşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýar. Milli kanunçylygyň üstüni ýetiren bu taslama pagtaçylygyň bolşy ýaly, başga-da birnäçe garyşyk ulgamyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.
Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetme girizmek hakynda”, “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Döwlet gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Teatr we teatr işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda”, “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.
Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň “Mälikguly Berdimuhamedow” medalyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň Mejlisiniň käbir kararlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”, “Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky mejlisiniň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan goldaw tapdy we olar kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetiren möhüm hukuk resminamalaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe ilerletmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň oňyn çözgüdini üpjün etjekdiklerine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň gün tertibine laýyklykda, döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Milli Liderimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Ol maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda milli hem-de döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp düzmek, işgärleri taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň esasy maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly halkara tejribesini giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ykdysady ulgamyň guramalarynyň we bank edaralarynyň işiniň özgerdilmeginiň Türkmenistanyň gülläp ösmegi, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de onuň has-da durnukly ösmegi üçin berk esasyň döredilmegine gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz munuň ýurdumyzyň dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan, daşary döwletler, kompaniýalar hem-de maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň şertlerinde aýratyn-da möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Balkan welaýatynda Gyýanly şäherçesiniň golaýynda täze gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça taslamanyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Bu toplum 2 milliard kub metr tebigy gazy hem-de 117 müň tonna natriý hloridini gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Bu ýerde ýylda 390 müň tonna polipropilen, 200 müň tonna pes dykyzlykly çyzykly polietilen, 100 müň tonna poliwinilhlorid, 82 müň tonna kaustik soda, 10 müň tonna duz kislotasy hem-de 10 müň tonna suwuk hlor öndüriler.
Bu iri maýa goýum taslamasyny daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda halkara bäsleşigine gatnaşyjylar tarapyndan gelip gowşan teklipler seljerilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde duran wajyp wezipelere ünsi çekip, täze uglewodorod, şol sanda, Hazaryň kenarýakasyndaky türkmen böleginde uglewodorod känleri senagat taýdan özleşdirmek hem-de enjamlaşdyrmak, gazy gaýtadan işleýän pudagy ösdürmek, häzirki zaman gazhimiýa toplumlaryny gurmak boýunça işleriň işjeňleşdirmelidigini belledi.
Şu babatda döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtly maýadarlary çekmäge, nebitgaz ulgamynda uly tejribä hem-de öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy we daşky gurşaw üçin howpsuz tehnologiýalara eýe bolan iri halkara kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini aýratyn belledi. Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň hem-de maliýe düzümleriniň ýurdumyzda, şol sanda ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk, nebithimiýa, himiýa senagaty, ulag, elektroenergetika we birnäçe beýlekiler ýaly möhüm pudaklarda öňden bäri üstünlikli işleýändikleri nygtaldy.
Milli Liderimiz özara mümkinçiligiň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, senagat ulgamynda iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy nazara alnyp, has-da giňden peýdalanylyp bilinjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz tebigy gazy gaýtadan işlemek ulgamynda, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän gazhimiýa önümleriniň giň görnüşlerini çykarýan döwrebap önümçilikleri döretmekde özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalar ulgamynda uly tejribä eýe bolan Ýaponiýa bilen işewür aragatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini, şol tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýurdumyzyň uly ähmiýet berýändigini aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz energetika ulgamynda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýan täze maýa goýum taslamalarynyň düýpli ekologiýa barlagyny, tehniki-ykdysady taýdan baha berilmegini üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. 23-nji awgustda ähli welaýatlarda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi.
Şunuň bilen birlikde, gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi işleri tamamlanyp barýar, golaýlaşyp gelýän pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki pagta ýygym möwsüminiň wajypdygyny belläp, edermen pagtaçylarymyzyň şu ýyl hem milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Milli Liderimiz ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 30-njy awgustda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 6-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşulularymyzdan pagta ýygymyny «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýerler E.Orazgeldiýewiň hem-de M.Aýdogdyýewiň ünsüni obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe möhüm meselelere çekdi. Hususan-da, ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin ýer eýelerini mineral dökünler bilen doly üpjün etmek meselesine ünsi çekdi. Munuň özi oba hojalyk önümçiliginiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, öňde durýan meseleleriň öz wagtynda çözülmegine ýardam eder.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere obasenagat toplumyndaky özgertmelere, hususan-da, ýer kadastryny taýýarlamak işini çaltlandyrmak barada anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew
ýurdumyzyň dokma pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdi.
Wise-premýer ilaty dürli dokma önümleri bilen üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň dokma senagaty tarapyndan görülýän çäreler barada habar berdi.
Hasabatyň çäklerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Aşgabada geljek hormatly myhmanlara niýetlenen sport lybaslaryny we sowgatlyk önümlerini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan ýurdumyzyň dokma senagatynyň Türkmenistanyň eksport ugurly ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Bu pudaga daşary ýurtly sarp edijileriň uly islegine eýe bolan, arassa pagtadan ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmagy höweslendirýän maýa serişdeleri gönükdirilýär.
Milli Liderimiz türkmen türgenleriniň sport lybaslary hem-de sowgatlyk önümler barada aýdyp, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň sport lybaslarynda peýdalanmagyň halkara derejesinde Diýarymyzyň abraýynyň artmagyna, gazanylýan üstünlikleriň mahabat edilmegine ýardam etjekdigini belledi.
— Daşary ýurtly myhmanlaryň ýurdumyz baradaky täsirleri olaryň türkmen halkynyň baý taryhyna we medeniýetine gyzyklanmasynyň çeperçilik çözgütlerine, özboluşlylygyna we döredijilik taýdan beýan edilmegine bagly bolar – diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Aşgabadyň ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerini hem-de ýollary, seýilgähleri abadanlaşdyrmak, şäheri bezemek we bagy-bossanlyga büremek, paýtagtymyzyň yşyklandyryşy hem-de beýleki inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, jemagat gulluklarynyň ählisiniň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere “Aşgabat 2017” oýunlarynyň öň ýanynda Aşgabadyň mundan beýläk-de abadanlaşdyrylmagyny, şäher hojalyklarynyň durnukly we bökdençsiz işlemegini yzygiderli berk gözegçilikde saklamak barada degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz sentýabrda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyzyň durmuşynda taryhy wakadygyny aýratyn belledi. Şoňa görä-de, paýtagtymyz köp sanly myhmanlary garşylamagy hem-de sebitde iň iri oýunlary ähli babatda iň ýokary derejede geçirmelidir diýip milli Liderimiz aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän söwda toplumynyň işi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň milli durmuş-ykdysady ösüş bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşyşy barada hasabat berdi.
Döwlet tarapyndan goldaw berilmegi hem-de ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugry hökmünde hususy ulgamyň ösdürilmegi boýunça görülýän çäreler netijesinde ýurdumyzyň kuwwaty yzygiderli artýar.
Hususy telekeçiligiň milli ykdysadyýetimizde, önümçilikde tutýan ornunyň artýandygyny göz öňünde tutup hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň eksportuny artdyrmak baradaky syýasatyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda iş alyp barýan hususy telekeçilere bellenilen tertipde şertnamalary baglaşmak esasynda azyk harytlarynyň içerki bazardan artýan bölegini daşary ýurtlara eksport etmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu başlangyjy makullap, bu meseleleriň üstünde kanunçylyk babatda işlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, eksport hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak bilen baglanyşykly syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmegiň, şol sanda içerki önümçiligi höweslendirmegiň we halkara söwdasynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň esasy ugurlaryny kesgitläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Her ýyl 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyzda hem-de tutuş Türkmenistan boýunça dabaraly çäreler, ylmy-amaly forumlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar guralar. Asylly däbe görä, bu baýramçylyga gabatlanylyp, täze desgalaryň birnäçesi ulanylmaga berler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Himiýa fakultetiniň, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň binalary bar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Aşgabat şäherinde 3 sany 600 orunlyk, 2 sany 720 orunlyk, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda 500 orunlyk orta mekdepler açylar.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezini işe girizmek hakyndaky» Kararyň taslamalaryny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylyna hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna hem-de täze desgalary ulanmaga bermek çärelerine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim we terbiýeçilik işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň döwrebap bilim almagy, gözýetimini giňeltmegi üçin ähli şertleri döretmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmegiň döwletimiziň hemişe üns merkezinde boljakdygyny nygtap, bu ulgama innowasion usullary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek boýunça netijeli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezini işe girizmek meselesi barada durup geçip, wise-premýere bu möhüm saglygy goraýyş desgasynyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz golaýlaşyp gelýän mukaddes Gurban baýramy barada durup geçip, onuň 2-nji sentýabrda başlanýandygyny, baýramçylygyň bir gününiň ýekşenbe gününe gabat gelýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli kanunçylyga laýyklykda, şu ýylyň 3-nji sentýabryndaky dynç gününi 5-nji sentýabra sişenbe gününe geçirmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow jemgyýetçilik ulaglarynda ornaşdyrylýan elektron töleg ulgamy barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, häzirki wagtda jemgyýetçilik ulagynda elektron tölegiň awtomatlaşdyrylan ulgamyny oturtmak boýunça degişli işler geçirilýär. Munuň özi ýolagçylar üçin hyzmatlaryň giň görnüşini amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Ýol üçin töleg elektron ulag kartlary hem-de töleg terminallaryna barmazdan bank töleg kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylyp bilner. Şu maksat bilen jemgyýetçilik ulaglarynda töleg kabul ediji enjam (walidator)—tölegi barlamak üçin niýetlenen enjam oturdylar. Kartlaryň hasabyny ýöriteleşdirilen satuw nokatlarynda dolduryp bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, çalt depginler bilen ösýän paýtagtymyzyň sazlaşykly durmuşynyň üpjün edilmeginiň ençeme şertlerden ybaratdygyny belledi. Şäher hojalygynyň ähli ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi, adamlar üçin amatly şertleriň döredilmegi hut şolara baglydyr. Jemgyýetçilik ulagynyň sazlaşykly hereketiniň guralmagy şeýle şertleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda ulag gatnawlarynyň artýan ýygylygyny nazara almak bilen, olary guramak we dolandyrmak işine döwrebap serişdeleriň hem-de usullaryň esasynda çemeleşmek zerur bolýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik ulagynda tölegiň elektron ulgamyny girizmek meselesine ünsi çekip, bu hyzmatyň sürüjiler üçin zerur hem-de peýdaly boljakdygyny belledi. Olar diňe öz gös-göni wezipe borçlary-awtobuslary dolandyrmak hem-de ýolagçylara medeniýetli hyzmat etmek bilen meşgullanyp bilerler. Mundan başga-da, hasaplaşyklaryň takyklygy we ýolagçy gatnadylyşyny hasaba almagy üpjün ediler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere jogapkärli çemeleşmegi tabşyryp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglylykda, işlenip taýýarlanylan täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.
Mejlisiň 26-njy awgustda geçiriljek nobatdaky maslahatynda döwletliligi has-da berkitmek, kanunylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak, durmuş-ykdysady meseleleri çözmek, medeni aň-bilim işlerini hem-de haýyr-sahawat işini kanunçylyk taýdan üpjün etmek bilen bagly kanunçylyk taslamalarynyň birnäçesine garamak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz jemgyýetiň durmuşynyň möhüm ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýet, ylym we medeniýet ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmek babatda görülýän çäreleriň möhümdigini belläp, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny geçirmek bilen bagly meselelere degip geçmek bilen, onuň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) boýunça ylmy-usulyýet merkezini açmak barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, abraýly halkara düzümleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň BMG-niň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Bütindünýä sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hususan-da, Türkmenistan ähli 17 Durnukly Ösüş Maksatlaryna we olardan gelip çykýan 148 wezipeleri, şeýle hem bu Maksatlary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin 193 görkezijileri resmi taýdan kabul eden Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda ilkinji döwletleriň biridir. Bu bolsa ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş babatda gün tertibini ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşýandygyna şaýatlyk edýär.
Öz nobatynda, munuň özi ylmy-usulyýet binýadynyň döredilmeginiň zerurdygyny şertlendirýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň hem-de BMG-niň düzüm birlikleriniň gatnaşmagynda bu Merkezi döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýörite duşuşyklary we maslahatlary gurady we geçirdi. Şunuň netijesinde Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň esasy wezipeleri, şol sanda DÖM bilen baglanyşykly okuw meýilnamalaryny taýýarlamak, şu ugur boýunça bilim bermek, ylmy-barlag işlerini geçirmek hem-de maglumat derejesini ýokarlandyrmak, durnukly ösüş boýunça hünärmenleriň gatnaşmagynda okuw sapaklaryny we iş maslahatlaryny guramak Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça ýurdumyzyň degişli edaralary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna DÖM boýunça ylmy-usulyýet merkezini açmak baradaky teklip hem-de degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürjekdigine we öz üstüne alan borçnamalaryny, şol sanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini iş ýüzünde görkezýändigini belledi. Ýurdumyz özüniň parahatçylyk döredijilik kuwwatyny umumy abadançylygyň hyzmatynda goýmaga çalşyp, anyk başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. Şol başlangyçlar halkara bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga degişli Kararnamalaryň iki gezek kabul edilmegi bu başlangyçlaryň derwaýysdygyna şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezini açmak hakyndaky teklibi makullap we degişli Karara gol çekip, onuň işiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu işe Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Alymlar geňeşi we professor mugallymlar düzümi hem çekilmelidir.
Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Niýazliýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew sentýabr aýynda geçiriljek medeni Çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.
Dürli medeni çäreleri geçirmegiň uly maksatnamasynyň taýýarlanylandygy bellenildi. Olaryň hatarynda 17-nji sentýabrda badalga aljak “Aşgabat 2017” oýunlary mynasybetli geçiriljek çärelere aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Gurban baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri, Aşgabatda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere “Aşgabat 2017-niň” çäklerinde ýurdumyzda geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň we medeni-köpçülikleýin çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz çäreleriň ählisiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny şöhlelendirmelidigini hem-de halkymyzyň myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda geçirilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz öňümizdäki baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, oňa gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, 7-nji sentýabrda, ýagny V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galanda bu möhüm waka bagyşlanan ýene-de ençeme çäreleri geçirmelidigini belledi. Şol gün «Galkynyş» gaz käninde Aziadanyň mukaddes ody ýakylar we Aşgabada, V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşyna getiriler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, şol gün irden Aziýa oýunlaryna gatnaşjak türgenler bilen duşuşyp, olara bu ýaryşlarda üstünlikleri arzuw ederis diýip belledi.
Şol ýerde Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän, dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň hem-de paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki sportuň suw görnüşleri merkeziniň bu kitaba girizilendigi hakyndaky güwänamalaryň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar.
Umuman, biziň hemmämiz şol güne gowy taýýarlyk görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de 15-nji sentýabrda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň dabaraly açylyşyna taýýarlygyň baş gözden geçirilişiniň geçiriljekdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmek, maşgala agzalarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Belent Serkerdebaşymyzyň “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralara ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýratyn bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwründe paýtagtymyzda asudalygyň hem-de howpsuzlygyň, jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmeginiň degişli düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryna girýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak iri sport çäresine gatnaşyjylary hem-de hormatly myhmanlary kabul etmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.
Durmuş-Ykdysady Meseleleri we Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Işleri Wideoşekilli Iş Maslahatyna Girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, öňde boljak şanly senelere, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri girizildi.
Welaýatlaryň häkimleri häzirki döwürde sebitlerde alyn barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmäge görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem welaýatlaryň ilatynyň durmuş ulgamyny ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan giň möçberli işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Bilimler we talyp ýaşlar gününi mynasyp derejede dabaralandyrmaga görülýän taýýarlyk işleri hem-de şanly seneler mynasybetli işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama, ony ýerine ýetirmegiň ugurlary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalygynda möhüm hasaplanylýan güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, ekişde ähli degişli tehnikalaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň we ekişiň depginlerini güýçlendirmegiň, gowaçalara ideg etmek işlerini agrotehniki kadalara laýyk derejede alyp barmagyň möhümdigini aýratyn belledi we bu babatda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy häkimlerden berk talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işlerine ünsi çekip, onuň ýokary derejede we bellenilen möhletlerde geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmegini häkimlerden talap etdi. Ýygym möwsüminde işledilmegi meýilleşdirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň ähli görnüşleriniň ýokary derejede taýýarlanmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, hususan-da, ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek, welaýatlaryň ilatlarynyň durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny, gyşky ýyladyş möwsümine, şeýle hem täze okuw ýylynyň başlanmagyna, Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam etmek bilen, göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna birbada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewi, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi we jemagat hojalygy ministri M.Abilowy çagyrdy.
Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häkim paýtagtymyzda “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlyk işleriniň barşy, dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Jemagat hojalygy ministri öz gezeginde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda abadanlaşdyryş işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçirilýän işlerde ýol berlen birnäçe kemçiliklere ünsi çekip, olaryň depginleriniň döwrüň talabyna hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň derejesine laýyk gelmeýändigini belledi. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara öz üstüne ýüklenen borçlaryň ýerine ýetirilmegine has jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, jemagat hojalygy kärhanalarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri M.Abilowa duýduryş yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň netijelerini jemläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, halkymyzyň durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda zerur şertleri üpjün etmek boýnça garalan meseleleriň möhümdigini ýene bir ýola belledi. Öňde boljak şanly senelere, hususan-da, Bilimler we talyp ýaşlar gününe, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz bu babatda ýolbaşçylaryň her birine anyk görkezmeleri berdi.