13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Mejlisiniň Maslahaty

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ol maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna halk hojalygynyň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Şu ýylyň fewralynda, Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz maksatnamalaýyn çykyşynda bu ugurda geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Şol işler dürli ugurlary, şol sanda maglumat-kommunikasiýa hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmek, kämilleşdirmek üçin ygtybarly hukuk esasyny döretmek boýunça işleri gurşap alýar.

Milli Liderimiz döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň, elektron Hökümet ulgamyny ornaşdyrmagyň Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň geljekki ösüşini göz öňünde tutýan ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny we beýleki maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berjekdigini nygtady.

Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli ähli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde, edaralarda we kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamy hem-de Internet web-saýtlary dörediler. Şeýle işleri hususy kärhanalar hem ýerine ýetirmeli bolarlar.

Şunuň bilen baglylykda, täze Kanun aýratyn ähmiýete eýe bolup, elektron resminamalarynyň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Elektron resminama dolanyşygy — bu maglumat tehnologiýalaryny we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny peýdalanmak bilen, elektron resminamany işläp taýýarlamak, ibermek, bermek, almak, saklamak, peýdalanmak, goramak, täzelemek, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak, gabamak we ýok etmek bilen bagly bolan awtomatlaşdyrylan işleriň jemi bolup durýar.

Elektron resminamasy şertnamalary baglaşmak, hasaplary geçirmek, resmi we resmi däl hatlary alyşmak we beýleki maglumatlary bermek üçin ulanylyp bilner.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Döwlet hyzmatlarynyň e.gov.tm saýtynyň işe girizilmegi şanly waka boldy. Bu portal ýurdumyzyň raýatlaryna hem-de işewürlik düzümlerine elektron görnüşindäki döwlet hyzmatlaryny hödürlemek üçin «Bir bitewi penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy bolup durýar.

Soňra «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenildi. Deputatlar çykyş edip, daşky gurşawy goramak babatda esasy wezipelere ünsi çekdiler. Şol wezipeleriň esasysy ata Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny we gözelligini gorap saklamak, olary artdyrmak we geljekki nesillere ýetirmek bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ekologiýa adamlaryň durmuşynyň ähli ugurlarynda abadançylygyň möhüm ugry hökmünde aýratyn üns berilýär. «Ýaşyl ösüş» maksatnamasy döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara hem-de köpasyrlyk milli däplere esaslanýan durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri hökmünde bellenildi.

Bu ugurda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan anyk kesgitlenilen we üstünlikli çözülýän wezipeler Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň kabul eden, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüşiň maksatlary bilen berk baglydyr.

Häzir nebitgaz pudagynda, elektroenergetika ulgamynda, himiýa senagatynda, ulag we beýleki pudaklarda ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Suw, ýer we biologiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak, bioköpdürlüligi we tebigy ýerleri aýawly saklamak, çölleşmä garşy göreşmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär.

Umumymilli bag ekmek maksatnamasynyň çäklerinde şäherleriň we ilatly nokatlaryň töwereginde giň tokaý zolaklary döredildi. Ilata, ozaly bilen, ýaşlara ekologiýa bilimini bermek bu işiň möhüm ugry bolup durýar.

Biziň ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramak, maglumatlara elýeterlilik, jemgyýetiň daşky gurşawa degişli meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek işine gatnaşmagy baradaky esasy ylalaşyklaryny tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan, ady agzalan Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy munuň nobatdaky subutnamasy bolup, ol ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de ýuridiki we fiziki taraplaryň daşky gurşawyň ýagdaýy we tebigy serişdeler hakynda doly, anyk maglumatlary öz wagtynda almagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bulardan başga-da, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Şanly sene — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni we beýleki ugurlardaky ösüşine halal zähmeti bilen uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlary sylaglanar.

Şeýle hem deputatlar «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol kanunlaryň taslamalary bilen bir hatarda Mejlisiň maslahatyna gatnaşyjylaryň garamagyna «Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy hödürlenildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2020-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk meýilnamasy we birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda Milli Parlamentiň deputatlary öňde agzalan hukuk namalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunlarynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitarap Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen batly depginlerde öňe ilerletmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. TDH

Degişli makalalar

Hepdäniň Wakalary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy

Lebap Welaýaty: Haly Kärhanasynyň Gurluşygy we Türkmenabatda Ulanylmaga Berlen Täze Jaýlar