9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkara hyzmatdaşlyk, ykdysady, ekologiýa we medeniýet meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer hasabatynyň başynda BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Baş edarasyndan gelip gowşan hoş habar hakynda aýtdy. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) 19-njy aprelde geçirilen mejlisinde Türkmenistan 2018-2020-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu wakalaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ugurda Bitarap Türkmenistan tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan uly möçberli işleriň we umuman, milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow saglyk, bilim we ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, çaganyň hukuklaryny goramak, gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň BMG-niň düzüm birliklerine saýlanylmagy doly kanunalaýyk ýagdaý bolup, Watanymyzyň dünýä derejesinde belent abraýyna şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň sekiz komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar. Şolaryň çäklerinde ýurdumyz halkara işlerini amala aşyrýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyz bäş gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy täze daşary syýasat üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň birbada halkara komissiýalarynyň ikisine: 2018–2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de 2018–2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanandygyny habar berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biz bu ýagdaýy ösüp gelýän nesilleri terbiýelemek boýunça alyp barýan köptaraply işimize halkara bileleşigi tarapyndan berlen ýokary baha hasap edýäris.

Hakykatdan hem, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek ilatyň saglygyny gowulandyrmaga, türkmenistanlylaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmaga, çagalaryň dogluşyny artdyrmaga, çilim çekmegi we neşekeşligi düýpli azaltmaga gönüden-göni täsir etdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Diňe soňky ýyllarda Türkmenistanda iri saglygy goraýyş desgalarynyň 43-si guruldy, enjamlaşdyryldy we işe girizildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Olaryň hatarynda Halkara okuw-ylmy merkezini, Halkara kardiologiýa merkeziniň täze binasyny, Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ylmy – kliniki merkezi, geljekki Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkezini we beýleki desgalary görkezmek bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy bilen baglylykda, oba ýerlerinde jemi ýene-de 44 hassahanany, 72 saglyk öýüni we merkezini gurmak göz öňünde tutulýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasy, Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmeginiň milli maksatnamasy, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmegiň Milli strategiýasy, Türkmenistanda Eneleriň we täze doglan çagalaryň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagyň Milli strategiýasy we hereketleriň meýilnamasy, Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň milli maksatnamasy, Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasy we beýleki resminamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda gender meseleleriniň çözülmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzda zenanlar erkekler bilen bir hatarda ýolbaşçy edaralarynda dürli ýokary wezipelerde işleýärler. Jemgyýetde uly hortmatdan peýdalanýarlar hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli işlerine gatnaşýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa, wise-premýerler A.Garajaýewe, S.Toýlyýewe, R.Meredowa, Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly halkara we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýokarda agzalan düzümleriň işine gatnaşmaga taýýarlyk görmek boýunça şol guramalar bilen birnäçe çäreleri geçirmegi hem-de ýakyn wagtda geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýygnananlary we ähli türkmen halkyny bu ajaýyp waka bilen gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Aşgabatda BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça edarasyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen giň köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň Bütindünýä sammitinde kabul edilen Durnukly Ösuş Maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly goşant goşýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan iri forumlarda öňe sürlen başlangyçlar ählumumy goldawa we dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna mynasyp boldy. Bu bolsa anyk möhüm halkara resminamalarynda beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti, bu guramanyň Ösüş Maksatnamasy hem-de beýleki ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde Aşgabatda BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça edarasyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Durnukly ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezini döretmegiň meseleleri boýunça hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, BMG bilen köptaraply hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Soňky ýyllarda strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan däbe öwrülen bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýola goýlan netijeli özara gatnaşyklar aýdyň şaýatlyk edýär. Şol edaralar bilen bilelikde birnäçe taslamalar we maksatnamalar üstünlikli berjaý edildi we häzir hem durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň BMG-niň dürli düzümlerine, komissiýalaryna hem-de maksatnamalaryna işjeň gatnaşmagy bu abraýly gurama bilen netijeli gatnaşyklara şaýatlyk edýär.

Türkmenistan döwrüň wajyp meselelerini çözmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşup, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerimini öz içine alýan anyk başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Ýurdumyz degişli milli geňeşmeleri geçirmek üçin BMG-niň derejesinde saýlanyp alnan döwletleriň hataryna girip, 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüşiň täze ählumumy strategiýasyny işläp taýýarlamak işine gönüden-göni gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek işinde Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge, BMG-niň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklara Türkmenistanyň ygrarlydygyny tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça edarasyny hem-de Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezini döretmäge degişli ähli meseleleriň üstünde düýpli işlemegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek hem-de kanun çykaryjylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Mejlisiň iş toparlarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny ösdürmäge, jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, adamyň hem-de raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny giňeltmäge, olary durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesiniň üstünde işlenilýär. Täze kanunçylyk namalary ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryna yzygiderli geçilmegi, telekeçiligiň ösdürilmegi we goldanylmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy we türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin ähli şertleri döretmäge ýardam etmelidir.

Halkara parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäklerinde 19-njy aprelde Mejlisiň deputatlary Ýewropa parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşyp, dürli ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin meýilnamalary hem-de ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagynda parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini hem-de jemgyýetiň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny, şeýle hem umumy ykrar edilen halkara kadalaryny nazara almak bilen kämilleşdirilýän kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjylyk işiniň giň möçberli döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm guraly bolup durýandygyny belläp, parlamentiň işiniň wajyp ugurlaryna deputatlaryň ünsüni çekdi. Bu ugurda amala aşyrylýan işler türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, raýat institutlarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de jemgyýetde demokratik gymmatlyklaryň berkarar bolmagyna ýardam etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanyň taryhy tejribesi we demokratiki hukuk döwletini ösdürmegiň ýolunda gazanýan häzirki üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygyny we parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew jemgyýetçilik guramalary tarapyndan öňümizdäki şanly senelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda Ýeňiş güni mynasybetli weteranlary hormatlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «19411945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakyndaky» Permana gol çekip, baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň baýramy barada aýdyp, ýurdumyzda behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, at çapyşyklaryny guramak, halkara derejesindäki bäsleşikleri geçirmek boýunça zerur maddy-önümçilik binýadynyň döredilendigini belledi. Milli Liderimiz wise-premýerler S.Toýlyýewe we E.Orazgeldiýewe halkymyzyň milli baýlygy bolan ahalteke bedewlerini has düýpli öwrenmek maksady bilen, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda Ahalteke bedewlerini öwrenmek boýunça ylmy merkezi döretmegi tabşyrdy. Munuň üçin ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumy hem, önümçilik binýady hem bar.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ahalteke atçylygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin zerur binýadyň bardygyna ünsi çekip, Türkmenistanda ahalteke atçylyk akademiýasynyň döredilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy hem-de bu meseläni içgin öwrenmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynyň alyp barýan işleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de döwlet eýeçiligini netijeli dolandyrmak, kärende gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada habar berildi.

Rejelenen görnüşde kabul edilen “Kärende hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Ministrler Kabineti tarapyndan döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň tertibi tassyklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda bu resminamany işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Onda şertnamalary baglaşmagyň, olary bellige almagyň şertleri, kärendesine berijileriň we kärendeçileriň borçlary hem-de beýleki meseleler kesgitleniler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kärende gatnaşyklarynyň ykdysady, hukuk we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda kärende hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri kabul etmegiň möhümdigini nygtap, döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibiniň taslamasyny degişli düzümler bilen ylalaşmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz bu resminamany taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek babatda telekeçilik düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan jemi 66 sany iki gatly kottej görnüşli öýleri, suwa düşülýän howuzlary, sport hem-de çagalaryň oýun meýdançalary, jemgyýetçilik iýmiti desgasy bolan bäş sany dynç alyş toplumlaryny gurmak teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz amatly şertleri döretmek maksady bilen biziň deňizýaka sebitimizde dynç alşy guramak üçin halkara derejeli şypahana zolagy işjeň ösdürilýär diýip, bu işe ýurdumyzyň telekeçileriniň goşýan uly goşandyny belledi. Bu ugurda hyzmat etmegiň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köpugurly syýahatçylyk düzümleriniň döredilmegi biziň baş wezipämiz bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üçin oňaýly bähbitlere eýe bolan ykdysadyýetiň pudagy hökmünde syýahatçylygyň ilatyň girdejileriniň we iş bilen meşgul bolmagynyň uly çeşmesine öwrülmelidigini ýene-de bir gezek belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat ulgamy barada aýdyp, 10-11-nji maýda Minsk şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň sekizinji mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Mejlisiň gün tertibine birnäçe ileri tutulýan ugurlarda—söwda-ykdysady, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda özara hereket etmekde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Mejlisi geçirmegiň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň dostlukly ýurduň degişli ministrliklerinde we pudak edaralarynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirildi.

Wise-premýer hasabatyň çäklerinde şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary çitilen dokma önümleriniň nusgalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň döwletara gatnaşyklarynyň dostluk däplerinde, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde depginli ösdürilýän köpýyllyk hem-de köptaraply ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Lebap welaýatynda şu ýylyň martynda ulanmaga tabşyrylan kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň üstünlikli durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamasy iki ýurduň netijeli ykdysady gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr.

Milli Liderimiz Minsk şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetini nygtady. Ol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, iki doganlyk halkyň arasynda dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz kuwwatly serişde binýadyna eýe bolşy ýaly, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin hem ösen düzümi bolan iki ýurduň kuwwatly mümkinçiliklerini has doly herekete getirmäge degişli wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, bilelikdäki mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça wise-premýere görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen dokma önümleriniň nusgalaryny oňlap, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylykly we üstünlikli geçirilmegi bilen baglanyşykly olaryň mahabatlandyrylmagyny üpjün etmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Şu babatda döwlet Baştutanymyz uly sport forumynyň degişli nyşanlary şekillendirilen önümleriň dürli görnüşlerini çykarmak meselelerini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şu günler güýzlük bugdaýa ideg edilýär–ösüş suwy tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär hem-de haşal otlara garşy işler geçirilýär, gowaça ekişi dowam edýär.

Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleri ýokary derejede guramagy üpjün etmek barada amala aşyrylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
wise-premýerler E.Orazgediýewiň hem-de D.Amangeldiýewiň ünsüni Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna çekdi. Alnyp barylýan işleriň barşynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň töwereklerinde her ýyl müňlerçe bag nahallary oturdylýar. Men düýn Aşgabada hem-de Ahal welaýatynyň bir bölegine aýlanyp gördüm, desgalaryň, täze etrapçalaryň we şäherçeleriň gurluşygynyň alnyp barlyşyny synladym, bugdaýyň ýagdaýy bilen tanyşdym diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Garagum çölünden Aşgabat tarapa uly tozanyň gelýändigini görendigini aýdyp, şäherlerimiziň we şäherçelerimiziň daş-töweregine her ýylda bag ekmek, ekologiýa taýdan arassa zolaklary döretmek boýunça alyp barýan syýasatymyzyň dogrudygyna ýene-de bir gezek göz ýetirendigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, bag ekmek üçin jogapkär ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary baglara ideg edilişine talabalaýyk gözegçilik etmeýärler. Bag nahallary ýeterlik möçberde oturdylmaýar. Biz bag ekilen zolaklary giňeltmelidiris. Tebigaty goramak, suw, ýer we biologiki serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça ähli çäreleri görmelidiris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Biologiki köpdürlüligi we tebigy giňişlikleri gorap saklamaga, çölleşmäge we tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmäge, ilaty ekologiýa taýdan terbiýelemäge has köp üns bermelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem aýratyn goralýan çäkler bolan goraghanalary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi talap etdi. Sebäbi olaryň örän uly ylmy we medeni ähmiýeti bar. Bu çäkler daşky gurşawa gowy täsir edýär.

Döwlet Baştutanymyz Garagum derýasynyň kenaryna tut nahallarynyň oturdylmagynyň wajypdygyny belledi. Munuň özi bu şäheriň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer D.Amangeldiýewe desgalaryň gurluşyk işlerinde, şol sanda «Täze zaman» obasynda örän köp kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, şol kemçilikleri düzetmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ähli desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny gazanmagy, gurluşygyň hili üçin Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýolbaşçylarynyň jogap bermelidigini talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň, halkara maslahatlarynyň, marafon we konkur ýaryşlarynyň, at çapyşyklarynyň türkmen halkynyň iň gowy atçylyk däpleriniň ösdürilmegine, ýurdumyzyň atçylyk hem-de atçylyk-sport mekdebiniň halkara ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, behişdi bedewlerimiziň tutuş dünýädäki şan-şöhratynyň has-da artdyrylmagyna ýardam edýändigini aýdyp, wise-premýere Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda tamamlamak hem-de bugdaý oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmek barada hem degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Balkan welaýatynda bazalt süýümini we gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanany gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Şagadam” bazalt dag ýataklarynda geçirilen işler barada aýdyldy. Dag ýataklarynda gözleg-barlag işleriniň toplumy ýerine ýetirildi. Şunuň netijesinde bazalt süýüminiň tejribe nusgasy taýýarlanyldy. Mundan başga-da, bu ýatagyň serişdelerini takyklamaga ýardam etjek gözleg-barlag işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýokarda agzalan zawody Gyýanly şäherçesiniň çäginde gurmak baradaky teklip hödürlenildi. Häzirki wagtda bu ýerde iri senagat merkezi döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň baý mineral serişdelere eýe bolmak bilen, olara milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny nygtady. Milli Liderimiz ýakyn ýyllaryň dowamynda dag-magdan senagatynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, nebitgaz, gurluşyk, awtoulag ýollary we beýleki pudaklarda ulanylýan önümleriň köp görnüşlerini öndürýän täze kärhanalaryň döredilmeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Hazarýaka sebitinde berk bazalt süýüminden gurluşyk materiallaryny çykarýan önümçiligi ýola goýmaga degişli anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2017-nji ýylda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawyny hödürledi.

Taýýarlanan sanawa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri, degişli ministrlikler hem-de pudak edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan döwlet Baştutanymyzyň kararlaryna laýyklykda, gurulýan, umumy bahasy 6,7 milliard dollara barabar bolan dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 586-sy girizildi. Resminama ýurdumyzda kabul edilen durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen taýýarlanyldy.

Wise-premýer şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy we Aşgabat şäheriniň ýol-ulag düzümini ösdürmek hem-de binagärlik keşbini gowulandyrmak we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki güne çenli 56,52 kilometr awtomobil ýollary, 18 köpri, 32 ýerasty we 15 ýerüsti pyýada geçelgeler gurlup, ulanmaga berildi. Täze suw üpjünçilik we lagym ulgamlaryny gurmak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawyny tassyklamak hakyndaky Buýruga gol çekip, geçirilýän işleriň örän wajypdygyny belledi we Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işlerine gözegçiligi güýçlendirmegi, ýerine ýetirilýän işleriň hiline aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şol gurluşyk işleri bellenilen möhletde tamamlanmalydyr. Döwlet Baştutanymyz gurulýan ähli desgalaryň häzirki zaman binagärliginiň iň gowy däplerini özünde jemlän ak mermerli paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen sazlaşmalydygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow
4-5-nji maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Daşary ýurtlaryň dürli ulag-logistika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, döwlet düzümleriniň wekilleri, maýadarlar maslahata gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Wise-premýer bu ugurda görülýän anyk çäreler barada hasabat berip, maslahatyň gün tertibine girizilen wajyp meseleleriň hatarynda milli ykdysadyýetde ulag ulgamynyň we logistikanyň orny, logistika ulgamynyň geljegi, aragatnaşyk düzümleriniň, demir ýol pudagynyň, deňiz we derýa ulaglarynyň ösüşiniň geljegine degişli we beýleki meseleleriň bardygyny aýtdy.

Hasabatyň çäklerinde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçýän döwründe ulanyljak awtoulaglary bezemek üçin degişli nyşanlary taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan işler barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag-aragatnaşyk ulgamynyň dünýä hojalyk aragatnaşyklarynyň netijeliligine hem-de sazlaşyklylygyna täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Türkmenistan bu ugurda, şol sanda BMG-niň çäklerinde halkara gatnaşyklary meselelerinde işjeň ýörelgäni eýeläp, anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde transmilli üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek boýunça iri möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag halkasy hökmünde onuň berkidiji derejesini şertlendirýär. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran hem-de Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýollary, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabatdaky hem-de welaýatlardaky howa menzilleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty, ulanmaga tabşyrylan beýleki desgalar we ýurdumyzda häzirki gurulýan binalar ulag-aragatnaşyklarynyň halkara ulgamynyň möhüm baglanyşdyryjy halkalary bolmaga gönükdirilendir.

Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümlerine işjeň goşulyşmagyna, Türkmenistanda multimodal gatnawlarynyň sebitleýin utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistika merkeziniň döredilmegine ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu strategiki ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge anyk goşant bolmaga gönükdirilen öňde boljak maslahatyň ähmiýetini nygtap, wise-premýere ulag we logistika boýunça halkara maslahatyny taýýarlamagyň we geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, ähli degişli meseleleri wagtynda çözmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

V Aziýa oýunlarynyň ýakynlaşyp gelmegi bilen baglylykda ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini hem-de medeniýetini has-da ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns bermek gerek. Hyzmat ediş ulgamy iň ýokary derejä çykarylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu meseleleriň ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolbaşçylarynyň üns merkezinde bolmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygy D.Saburowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, şahsy düzgün-nyzamy hem-de garamagyndaky edara-kärhanalarda tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew 3–5-nji maý aralygynda Aşgabatda Palestina Döwletiniň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu çäräni geçirmek üçin Palestinanyň medeniýet işgärleriniň hem-de sungat ussatlarynyň düzümindäki wekiliýet ýurdumyza geler. Medeniýet günleriniň çäklerinde dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň konserti, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçiriler, kinofilmleriň görkezilişi bolar. Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri bilelikdäki dostluk konserti bilen tamamlanar. Medeniýet ministrliginde dostlukly ýurduň wekiliýetini kabul etmegiň barşynda ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, myhmanlar paýtagtymyzyň muzeýlerine hem-de beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görerler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan, dostluk hem-de köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam edýän halkara medeni çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetini nygtady.

Milli Liderimiz Palestinanyň Türkmenistanda geçiriljek Medeniýet günleriniň gadymdan gelýän dostluk däplerine esaslanýan hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirip, wise-premýere bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de wise-premýer aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde belleniljek Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guraljak medeni çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň türkmen topragynyň hakyky gudratydygyny, türkmen halkynyň kalbynyň ganatydygyny, biziň milli buýsanjymyzdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bellenilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň hemmesiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur işleri geçirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

WADA Bilen Toplumlaýyn Hyzmatdaşlyk Türkmen Sportunyň Arassalygyny Saklamaga Ýardam Eder

Baku 2017 Tamamlandan Soňra Türgenler Aşgabat 2017-ä Taýýarlyk Görüp Başlaýarlar