Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna seredildi.
Döwlet Baştutanymyz “Oguzhan” köşkler toplumyndan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedli ugrady. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, yzygiderli türgenleşmek adamyň saglygyna oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň artykmaçlyklaryny görkezip, hemişe ildeşlerimize görelde bolýar.
Welosiped süreniňde berjaý edilýän hereket beden sazlaşygyny, onuň berkemegini we adamyň durkunyň degişli derejede saklanmagyny üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem tutuş dünýäde sportuň bu görnüşine diňe bir bäsleşikleri guramak däl, eýsem, ynsan saglygynyň berkidilmegi babatda uly üns berilýär. Welosiped sportunyň muşdaklarynyň sany hem yzygiderli artýar.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda sebitlerde galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. 14-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň ekerançylary hem galla oragyna girişdiler. Häzirki wagta çenli tutuş ýurdumyz boýunça 400 müň tonnadan gowrak bugdaý ýygnaldy. Galla oragy bilen birlikde, saman ýygnamak, ýerleri sürmek hem-de aralyk ekinleri ekmek işleri alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, gowaçalara ideg etmek, şol sanda hatar aralaryny bejermek, olara suw tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.
Şeýle hem gök we bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ekin meýdanlarynda gowaçanyň bol hasylynyň ýetişip gelýändigini, şoňa görä-de, pagta ýygymy möwsümine öňünden ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz tehnikalary, pagta ýygýan kombaýnlary, traktorlary we zerur bolan beýleki enjamlary ýygyma doly taýýar etmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz tabşyrylan hasyl üçin her bir kärendeçä öz wagtynda töleg tölenilmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň depginlerini güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, bu jogapkärli möwsümi öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk edýän döwründe göz öňünde tutulýan çäreler barada hem hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň esasy wezipeleri barada durup geçip, ýurdumyzyň ekologiýa we suw-energetika meseleleri, ählumumy durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin şertleri döretmek boýunça halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegi bilen bagly meseleler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwarynda tassyklanan konsepsiýa esasynda häzirki wagtda degişli işler alnyp barylýar. 26-njy ýanwarda Aşgabatda bu gaznanyň düzümine girýän Suw hojalygy döwletara utgaşdyryjy toparynyň 69-njy mejlisi geçirildi.
5-7-nji iýunda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa boýunça halkara ekologiýa forumy geçirildi. Onuň çäklerinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ekologiýa merkeziniň Dolandyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisleri, şeýle hem suwuň ulanylyşyny tygşytlamak ugry boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň suw hojalyk pudaklarynyň hünärmenleriniň Sebitleýin iş toparynyň duşuşygy guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi ýurdumyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegi bilen bagly bolan syýasy, hukuk we guramaçylyk meseleleriniň, hususan-da, 1999-njy ýylyň aprelinde Aşgabat şäherinde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyjy döwletleriň Baştutanlarynyň çözgüdi bilen tassyklanylan Düzgünnama laýyklykda gaznada başlyklyk edýän ýurtda bu guramanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň döredilmegi bilen bagly meseläniň üstünde işleýär. Ýerine ýetiriji komitetiň esasy wezipeleri Aral deňzi sebitiniň meseleleri boýunça degişli çözgütleriň, maksatnamalaryň we taslamalaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmekde jemlenýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde şu meseleler boýunça degişli guramaçylyk resminamalarynyň taslamalary hödürlenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Araly halas etmegiň halkara gaznasy Aral deňziniň täsirlerini aradan aýyrmak, Aral deňzi sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň netijeli gatnaşyklaryny hem-de tagallalaryny birleşdirmek üçin özboluşly binýat bolup durýar diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, häzirki döwrüň möhüm meselelerini sazlaşykly çözmekde ekologiýa we suw diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy hem-de Bitarap Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara, şol sanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.
Ekologiýa we daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, “ýaşyl ykdysadyýet” ýörelgelerini ornaşdyrmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda geçirilýän halkara gepleşiklerinde işjeň orny eýeleýän ýurdumyz Durnukly Ösüş Maksatlaryny gazanmak işine mynasyp goşandyny goşýar, bu ugurda netijeli başlangyçlary öňe sürýär we anyk çäreleri görýär.
Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, bu işe toplumlaýyn çemeleşmegiň hem-de bu ugurda anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamalaryň taslamalaryny makullady hem-de wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we ösdürmek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny goldamak boýunça görülýän çäreler, deputatlaryň halkara derejesindäki çärelere hem-de ýerlerde geçirilýän işlere gatnaşyşy barada habar berdi.
Häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny hem-de türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň beýleki ugurlaryny has-da ösdürmäge ýardam edýän kanun taslamalarynyň birnäçesini taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Şol iş ýurdumyzda syýasy medeniýeti ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny we demokratik gymmatlyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Milli Liderimiz halkyň saýlan wekilleriniň esasy wezipesiniň tutuş ilatyň bähbitlerini gorap, döwletimiziň durmuş babatda ileri tutulýan ugurlarynyň döwletimiziň kanunlarynda öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow eýeçiligi döwletiň garamagynda bolan kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň döwlete degişli kärhanalary hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek işlerini çaltlandyrmak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ministrlikler we pudak edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde ozal tassyklanylan sanawlara gaýtadan seredildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, hususy eýeçiligi ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilen hususylaşdyrmak çäresiniň ykdysady we durmuş ähmiýetini belledi. Munuň özi Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna oňyn täsir eder. Hormatly Prezidentimiz döwlet eýeçiligindäki desgalary we kärhanalary hususylaşdyrmagyň maksada laýyklygyny ýene-de bir gezek seljermegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Maliýe ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz G.Myradowy maliýe ministriniň orunbasary wezipesine belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew “Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalaryň “Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde degişli paýlarda gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň ähmiýetli orun tutýandygyny nygtap, dünýäniň nebitgaz bazarynyň ýagdaýyny öwrenmäge berilýän ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň eksport kuwwatyny, ýokary hilli nebit we gazhimiýa önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak boýunça çäreleri höweslendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, dokma senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, hereket edýän dokma toplumlarynyň birnäçesinde, şol sanda Ahal welaýatynda ýerleşýän Gökdepe dokma toplumynyň durkuny täzelemek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada habar berildi.
Dokma önümleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak, uly isleg bildirilýän harytlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalary tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär. Hususan-da, dokma toplumynda önümçiligiň tehnologiýalary hem-de toplumyň boýag we tikin önümçiliklerinde tilsimat enjamlarynyň ählisi täzelenildi. Geljekde dokma toplumyny has-da döwrebaplaşdyrmak, arassa pagtadan öndürilýän ýüplügiň hilini we möçberini ýokarlandyrmak maksady bilen toplumyň egirme önümçiliginde abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýokary depginlerini üpjün etmek maksady bilen gaýtadan işleýän, şol sanda milli ykdysadyýetimiz üçin strategik taýdan möhüm, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan dokma senagatynyň işiniň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiz bu ulgama uly möçberde serişdeleriň gönükdirilýändigine ünsi çekip, daşary ýurtlardan getirilýän senagat önümleriniň ornuny tutýan we bäsdeşlige ukyply harytlaryň möçberlerini artdyrmak maksady bilen innowasion esasda önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn maýa goýum taslamalary amala aşyrylanda işleri talaba laýyk guramak üçin zerur çäreleri görmegi talap edip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew milli Liderimize “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Oňa laýyklykda, ähli welaýatlarda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen suw arassalaýjy desgalar ulanylmaga berildi. Wise-premýer şeýle hem Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça işleriň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Ýollar tertibe salynýar, kiçi etrapçalaryň çäkleri abadanlaşdyrylýar, çagalar üçin meýdançalar we sport desgalary gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary başlanýança her şenbe güni ministrlikler we pudak edaralary, häkimlikler, kärhanalar we guramalar bu möhüm işe gatnaşsalar, ýowar geçirip, öz çäklerini we daş-töwereklerini arassalap, abadanlaşdyrsalar peýdaly boljakdygyny aýdyp, ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda gök zolaklaryň döredilmegine hem-de adamlaryň, şol sanda çagalaryň amatly dynç almagy we wagtyny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine, şeýle hem paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn üns berilmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň degişli gulluklarynyň işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady, ol döwrüň talabyna we Aşgabat şäheriniň okgunly ösüşiniň depginlerine laýyk gelmelidir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de 27–28-nji iýunda Aşgabat şäherinde «Söwda we hyzmat – 2017» atly sergi-ýarmarkasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýaýbaňlandyryljak sergide söwda pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler, ilata hyzmat etmegiň giň we köpugurly ulgamy, söwda dükanlarynyň, bazarlaryň, söwda merkezleriniň, jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynyň işiniň guralyşy barada giňden tanyşdyrýan bölümleri gurnamak göz öňünde tutulýar. Bu bölümlerde içerki sarp ediş bazarlarynyň haryt bolçulygyny şöhlelendirmek, ýurdumyzyň oba hojalygyny, senagat pudaklaryny, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijeleri bolan köp görnüşli azyk we senagat harytlaryny mahabatlandyrmak meýilleşdirilýär. Sergä gatnaşyjylar özleriniň harytlary we hyzmatlary barada zerur bolan maglumatlary ýaýratmaga hem-de göni söwda geleşiklerini baglaşmaga mümkinçilik alarlar.
Wise-premýer 20–21-nji iýunda Söwda-senagat edarasynda geçiriljek «Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy – 2017» atly köpugurly sergisini guramak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi. Bu serginiň gün tertibine laýyklykda, ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi hem-de möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ägirt uly eksport hem-de maýa goýum kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin halkara sergileri we işewürler forumlaryny guramagyň wajypdygyny belledi. Şeýle çäreler türkmen önümleriniň dünýä bazarlarynda ilerledilmegine, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtly önüm öndürijiler we sarp edijiler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz bu babatda oňyn tejribäniň toplanandygyny we ony yzygiderli baýlaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, «Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy – 2017» atly köpugurly sergisini hem-de «Söwda we hyzmat – 2017» atly sergi-ýarmarkasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny döretmek hakynda” Permanyň we bu ýokary okuw mekdebiň meseleleri hakynda Kararyň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Jemagat hojalygy ministrliginiň buýurmasy boýunça agzalan institutyň täze binalar we desgalar toplumynyň gurluşygy häzir tamamlaýjy tapgyrda barýar. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde 5 fakultet—jemagat hojalygy, inžener ulgamlary we desgalary, mehanika-tehnologiki, ykdysadyýet we dolandyryş, hünäri kämilleşdiriş fakultetleri hem-de 17 kafedra bolar. 2017-2018-nji okuw ýylynda instituta 400 talyby kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreleriň esasy maksadynyň bu möhüm ulgamy kämilleşdirmekden, halkara ölçegleriniň derejesine çykarmakdan, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda wezipeleri netijeli çözmegi başarýan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan ybaratdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemagat hojalygy üçin hünärmenleriň taýýarlanyljak täze ýokary okuw mekdebinde talyplaryň hünär bilimlerini alyp, soňra ony iş ýüzünde üstünlikli ulanyp bilmegi üçin hemme şertleriň döredilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz degişli Permana we Karara gol çekip, ýygnananlary ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly waka–täze ýokary okuw mekdebiniň—Jemagat hojalygy institutynyň açylmagy bilen gutlady hem-de ýaşlaryň eziz Diýarymyzyň abadançylygynyň hem-de arassaçylygynyň üpjün edilmeginde, bagy-bossanlyga bürelmeginde uly ähmiýeti boljak täze hünärleri başarjaňlyk bilen özleşdirjekdiklerine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz institutyň desgalaryndaky işleriň ýokary hilini üpjün etmek, onuň häzirki zaman enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy, okuw meýilnamasynyň taýýarlanylmagy hem-de okatmagyň öňdebaryjy usullary esasynda bilim berlişiniň guralmagy bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumynyň pudaklarynda ýerine ýetirilen işler hem-de milli Liderimiziň demir ýol, howa, awtomobil we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň kärhanalarynyň işini häzirki günüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň köp şahaly sebit düzümini döretmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi. Bu ugurda geçirilýän işler taslamalara gatnaşýan ýurtlaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hem-de sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we okgunly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ähli pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň, dünýä ölçeglerine laýyklykda işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny nazara almak bilen, ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny aýdyp, degişli meseleleri çözmäge aýratyn üns bermegi talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän ulgamlarynda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de türkmen halky tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda döredilen milli medeni mirasy, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny we adatlaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek, olary ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde netijeli peýdalanmak boýunça geçirilýän işler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz şöhratly halkymyzyň täsin ruhy mirasa, umumadamzat ähmiýetli milli gymmatlyklaryň egsilmez çeşmesine eýedigini, bu gymmatlyklaryň mundan beýläk-de düýpli öwrenilmeginiň, geljekki nesillere ýetirmek üçin şertleriň döredilmeginiň hem-de dünýäde giňden wagyz edilmeginiň medeniýet ulgamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýandygyny nygtady hem-de bu ugurlardaky işleri işjeňleşdirmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Medeniýet hepdeliginiň hem-de Aziada-2017-ä taýýarlyk görülmegi boýunça çäreleriň guralmagyna we geçirilmegine degişli hem anyk tabşyryklar berildi.
Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ý.Berdiýew topar tarapyndan geçirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, iş kesilen raýatlarymyzyň 1029-sy mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli jeza çekmekden boşadylar.
Döwlet Baştutanymyz Ý.Berdiýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisiniň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly hemme zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmagy, Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmegi arzuw etdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda tutuş türkmen halkyna bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy arzuw etdi.