13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň kabul eden Durnukly ösüş boýunça maksatlaryny Türkmenistanda amala aşyrmak boýunça taýýarlyk işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Teklip edilýän resminamanyň taslamasynda Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça döwlet edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň hem-de beýleki edaralaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi. Şonuň bilen birlikde, degişli iş toparyny döretmek hem-de maksatnamada göz öňünde tutuljak çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça jogapkär ministrlikleri we edaralary kesgitlemek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, durnukly ösüşiň maksatlarynyň bähbidine hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň halkara giňişliginde Türkmenistanyň ileri tutýan ugry bolup durýandygyny belledi. Bu ugurda BMG bilen bilelikde toplumlaýyn netijeli işleri geçirmek arkaly, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibinde kesgitlenen maksatlara ýetmek üçin zerur çäreleri görmek möhümdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljek üçin bu ulgamda öňde durýan esasy wezipeleri kesgitlemek bilen, wise-premýere degişli kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça görkezme berdi.

Soňra Hökümetiň Başlygynyň orunbasary milli Liderimiziň garamagyna hususylaşdyrmaga degişli desgalar we binalar, şeýle hem döwletiň garamagyndan aýrylmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar boýunça teklipleri hödürledi.

Milli Liderimiz hususylaşdyrmak işleriniň geçirilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga hem-de ýurdumyzyň hususy telekeçiligini ösdürmäge ýardam etmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri has içgin öwrenmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, korrupsiýa garşy göreşmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak babatda görülýän çäreler barada habar berdi. Hususan-da, bu ugurda daşary ýurtlaryň öwrenilen tejribesiniň esasynda kapitalyň we emlägiň amnistiýasyny geçirmek boýunça kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär. Bu çäre milli ykdysadyýetimize goşmaça maliýe serişdelerini çekmäge ýardam eder hem-de innowasion esasda onuň geljekki ösüşini üpjün etmäge maýa goýumlaryny ýurdumyzyň ykdysady zolaklaryna giňden çekmäge mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz şahsy taraplaryň maýasyny we emlägini aýawly saklamagyň, olaryň bähbidini goramagyň hukuk kepilliklerini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, hödürlenen teklipleriň ykdysady ulgamda düzgün bozmalara garşy göreşmegiň netijeli guralyny döretmäge gönükdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläni degişli düzümler bilen bilelikde seljermegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mejlisiň barşynda işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýduryp, degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2018-nji ýylyň dowamynda ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawyny hödürledi.

Umuman, täze ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň dürli ugurlaryna, onuň eksport kuwwatlyklaryna we möhüm ugurlardaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanan iri çäreleriň birnäçesini guramak meýilleşdirildi.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde halkara maslahat we sergi işleriniň möhüm orun eýeleýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň barha artýan mümkinçiliklerini giňden wagyz etmegiň, onuň ösüşiniň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryna ugradylmagyna, milli önümleriň daşarky bazarlarda eýeleýän orunlarynyň pugtalanmagyna, ýurdumyza iri maýa goýumlarynyň çekilmegine, täzeçil tehnologiýalaryň we dünýä ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi.

“Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2018-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky” Karary makullap, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara işewür merkezi hökmündäki abraýynyň ýokarlanmagyna, hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine we Türkmenistanyň ählumumy meseleleriň çözgüdi boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” atly ХХII halkara maslahatynyň we guralan pudaklaýyn serginiň netijeleri, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 7 — 10-njy noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Ýöriteleşdirilen nebitgaz sergisinde öňdebaryjy tehnologiýalar, täze işläp taýýarlamalar, uglewodorod serişdelerini çykarmakda, daşamakda, taýýar önümleriň önümçiliginde giňden ulanylýan kämil enjamlar görkezildi.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda geçirilen duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň tebigy gazyny köpugurly esasda dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlaryna garaldy. Şeýle hem halkara, sebitleýin we ýurdumyzyň nebitgaz düzümini ösdürmegiň ýollary, geljekde energetika syýasatyny işläp taýýarlamagyň ugurlary hakynda pikir alyşmalar boldy.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, senagat we energetika pudaklarynyň, şeýle hem Saud Arabystanynyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň Er-Riýadda geçirilen nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe ugurlar boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary saudly kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystanyna bolan resmi saparynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki işleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Geçirilen duşuşyklar we gepleşikler nebitgaz pudagynda, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözlemek we çykarmak, aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça saud maýadarlaryny halkara we milli taslamalaryna çekmek boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegi üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi. Hususan-da, geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanda gazhimiýa we senagat pudaklarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi.

Saud Arabystanynyň hökümetiniň resmi wekilleri Patyşalygyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, dag magdan we beýleki pudaklarynda işleýän iri kompaniýalary üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýändigini bellediler. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gadymy döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugry geçen ýerinde gurulýan Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna goldaw bermek barada aýdyldy. Beýik Ýüpek ýoly Uzak, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryny Günbatar Ýewropa bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyrdy.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, Türkmenistanda maýa goýum syýasaty üçin oňyn şertleriň döredilmegi, halkara hukuk kadalaryny nazara almak bilen, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, dünýä maliýe-ykdysady çökgünlige garamazdan sazlaşykly ösýän milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygy dünýäniň iri kompaniýalarynyň şunuň ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny şertlendirýär.

Türkmenistanyň halk hojalygy toplumynyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan maýa goýum syýasaty we giň möçberli özgertmeler ýurdumyzda daşary ýurtlaryň işewür toparlary üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny üpjün edýär.

Türkmen-saud hökümetara toparynyň mejlisinde resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Türkmen wekiliýetiniň Saud Arabystanyna bolan iş sapary mahalynda türkmen halylaryny we haly önümlerini bu ýurduň bazarlaryna we onuň üsti bilen beýleki arap ýurtlarynyň bazarlaryna çykarmak boýunça çäreleri guramak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň halyçylyk pudagyna maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy. Saud tarapy Er-Riýad şäherinde türkmen el halylarynyň we haly önümleriniň sergisini guramagy we şu mesele boýunça iş toparyny döretmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň mejlisiniň jemlerine kanagatlanma bildirdi. 2013-nji ýyldan bäri şeýle görnüşdäki duşuşyklaryň 5-si geçirilip, olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guralyna öwrülendigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde taraplar özara peýdaly gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigine garamazdan, iki ýurduň herekete girizilmedik ykdysady mümkinçilikleriniň bardygyna düşünýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmen-saud toparynyň bäşinji mejlisiniň we türkmen wekiliýetiniň saudly kärdeşleri bilen guran duşuşyklarynyň, gepleşikleriniň işjeň häsiýete eýe bolandygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurdaky işleri yzygiderli durmuşa geçirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Kuweýt Döwletine iş saparynyň barşynda geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde kuweýt tarapynyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, şol sanda söwda-ykdysady, energetika pudaklary ýaly geljegi uly bolan ugurlarda giňeltmäge, döwrebap düzümi döretmäge, şeýle hem Türkmenistanyň başyny başlan giň gerimli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga gyzyklanýandygy tassyklanyldy.

Makroykdysady görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini äşgär edip, häzirki döwürde dünýäniň abraýly maliýe düzümlerine ýurdumyzda durnukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde baha bermäge şert döredýär. Milli ykdysadyýetimize gönükdirilýän daşary ýurt maýalarynyň möçberleriniň artmagy ýurdumyzyň jemi içerki ösüşinde bilelikdäki we daşary ýurt kompaniýalarynyň paýynyň artmagyny we Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulmagyny üpjün edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew öz nobatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine bolan gulluk iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Iş saparynyň barşynda oba hojalyk pudagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna her ýylyň noýabr aýynda bellenilýän Hasyl toýuna gabatlanan çäreleriň maksatnamasy hödürlendi. Olaryň çäklerinde oba hojalyk önümleriniň sergisini, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini, sport ýaryşlaryny, milli oýunlary, sungat ussatlarynyň konsertlerini, at çapyşyklary guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmaga, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, dürli önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmaga gönükdirilen oba hojalygynyň özgerdilmegi şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar diýip belledi.

Täze taryhy döwürde Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň egsilmez zehinini we zähmetsöýerligini, ene topragymyzyň sahylygyny alamatlandyrýar, döwletimiziň oba zähmetkeşleri hem-de tutuş obasenagat toplumyny ösdürmek barada hemmetaraplaýyn alada edýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ýetip gelýän ählihalk baýramçylygyna ýokary derejede taýýarlyk görmek barada tabşyryk berildi.

Milli Liderimiz goňşy döwletimiz bolan Özbegistan Respublikasy bilen strategiki hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini belläp, obasenagat toplumynda hem birek-birekden öwrenere, özara tejribe alyşmaga köp zadyň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmakda, oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde daşary ýurtlaryň tejribesiniň önümçilige ornaşdyrylmagy babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda pagta egriji fabrigi gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek maksadynda bäsleşige gatnaşyjylaryň tekliplerine baha bermek boýunça uly işler geçirildi, netijede, dokma senagatynyň täze desgasynyň taslamasyny düzmek, gurmak we enjamlaşdyrmak “Hilli ýüp” hojalyk jemgyýetine ynanyldy. Pagta egriji fabrigiň ulanmaga berilmegi bilen bir ýylda 6 müň tonna nah ýüplügi öndüriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, dokma senagatynyň ägirt uly serişdeler kuwwatynyň bolmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Bu pudaga daşary ýurtly sarp edijileriň uly islegine eýe bolan pagtadan ýokary hilli önümleri öndürmegiň ösüşini höweslendirýän uly möçberdäki maýa goýumlary gönükdirilýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlaryny ykdysady taýdan ösdürmek üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjek pudagyň täze senagat desgalaryny gurmagyň ähmiýetine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler, hem-de Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýanyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda şertnama laýyklykda, goňşy döwlete Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat — Turgundy elektrik geçirijileri arkaly iki ugur boýunça ýylda 700 million kilowat sagat elektrik energiýasy iberilýär. Mundan başga-da, Badhyz we Jowüzjan welaýatlaryna hem türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, bu maksat bilen 2017-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminamalaryň hem-de ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda Owganystana elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini has-da artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Şeýle hem wise-premýer hasabatynyň çäklerinde paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Şu maksat bilen, Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan suwy arassalamak üçin koagulýant hökmünde ulanylýan alýuminiý sulfatynyň 15 müň tonnasyny satyn almak barada halkara bäsleşigi yglan edildi. Onuň jemleri jemlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de türkmen-owgan gatnaşyklary barada durup geçmek bilen, öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüp, täze anyk mazmun bilen baýlaşýandygyny belledi. Bitarap Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler bilen kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edip, degişli ugurda halkara bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar, goňşy döwleti durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge goldaw berýär. Biziň ýurdumyzyň başyny başlan iri düzümleýin taslamalary munuň subutnamasy bolup, olar owgan ykdysadyýetini dikeltmäge, durmuş we ynsanperwer häsiýetli möhüm meseleleri çözmäge ýardam etmelidir.

Türkmenistanyň doganlyk owgan halkynyň asuda we abadan durmuşa ymtylmagynda raýdaş bolmak bilen, geljekde hem oňa hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berjekdigini aýdyp, milli Liderimiz Owganystana iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylary arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesine geçip, hödürlenen Karary makullady we oňa gol çekdi, bu ugurda degişli çäreleri görmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk düzümini ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň we häzirki meýilleri nazara almak bilen, pudaklaryň öňünde durýan wezipeleriň çözgüdine örän oýlanyşykly çemeleşmeleriň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmagyň, işjeň tejribe alyşmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen täzeçil işläp taýýarlamalar barada pikir alyşmagyň zerurdygyna ünsi çekip, ulag ulgamynyň ähli görnüşleriniň sazlaşykly ösüşiniň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Aragatnaşyk pudagyny ösdürmekde onuň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekip, milli Liderimiz ähli döwrebap tehnikalara ýokary hilli hyzmat etmek we olary netijeli peýdalanmak ugrunda işleriň guramaçylykly we sazlaşykly ýola goýulmagy üçin zerur çäreler görmegi tabşyrdy.

Işde goýberen kemçilikleri üçin “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygy D.Saburowa berk käýinç yglan edildi we oňa iň soňky gezek duýduryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew Aşgabatda we Daşoguzda geçiriljek Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýer bu maksatnama ynsanperwer ulgamda iki goňşy döwletiň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesiniň girizilendigini habar berdi. Olaryň hatarynda Özbegistandan geljek myhmanlaryň resmi böleginiň ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde kabul edilmegi, döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, kinolaryň görkezilişi, amaly-haşam sungatynyň sergileri hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň çykyşlary bar. Döredijilik çäresiniň ýapylyş dabarasyny Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Myhmanlar üçin türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy, ýurdumyzyň gözel ýerleri bilen tanyşdyrýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara medeni çäreleri geçirmegiň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Olar Türkmenistanyň goňşy we beýleki döwletler bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrýar, dostlukly gatnaşyklary we köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge, türkmen halkynyň ruhy baýlygyny dünýä ýaýmaga, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda we Daşoguzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, dostlukly döwletleriň medeniýet işgärleriniň döredijilikli gatnaşyklary üçin ähli şertleri döretmek barada görkezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek, degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ýokarda agzalan pudaklaryň hemmetaraplaýyn ösüşine we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny toplumlaýyn özgertmek, halkyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly ähli meseleleriň çözgüdiniň öz wagtynda üpjün edilmegi, ilatymyza halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşleriniň berilmegi, ýurdumyzyň dynç-alyş şypahana mümkinçilikleriniň işjeň peýdalanylmagy babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen birlikde köpçülikleýin-bedenterbiýe sagaldyş we sport hereketiniň mundan beýläk-de höweslendirilmeginiň we oňa goldaw berilmeginiň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň, ilatyň, ilkinji nobatda bolsa ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagynyň möhümdigini belläp, milli Liderimiz Türkmenistanda munuň üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy we bu babatda
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet syýasatynyň, şeýle hem Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň 4-nji noýabrda geçirilen 24-nji mejlisinde kabul edilen Türkmenistanyň Kanunlarynyň möhüm ugurlarynyň esasynda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada habar berdi.

Nobatdaky maslahatyň dowamynda deputatlar birnäçe kanunçylyk taslamalaryny we Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyny, ýurdumyzyň bilim we ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegini, şeýle hem ylmy eýeçiligiň milli ulgamynyň emele gelmegini hem-de onuň halkara derejesine çykarylmagyny şertlendirýän “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda” we “Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryny biragyzdan makulladylar we kabul etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen sazlaşykly ösüşinde milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça parlamentiň durmuşa geçirýän çärelerini işjeňleşdirmeginiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ylma we ýokary tehnologiýalara aýratyn ornuň degişlidigini aýtdy. Täzeçil ylmy gazananlaryň ösdürilmegi, onuň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagy, ýokary hünärli ylmy işgärleriň taýýarlygy, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň, ylmy açyşlaryň we täzeçil usullaryň hukuk goragynyň üpjün edilmegi bu pudagyň öňünde durýan esasy maksatlardyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Mejlisiň 24-nji maslahatynda kabul edilen täze Kanunlara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hökümet agzalaryna işlerinde uly üstünlikleri, ähli türkmenistanlylara abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Degişli makalalar

Welaýat Teatrlarynda 2020-nji Ýylyň 16-17-nji Maýy Aralygynda Görkeziljek Sahna Oýunlarynyň Tertibi

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi