Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.
Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň gurluşygyny tamamlamak hakyndaky hem-de Balkan we Mary welaýatlaryndaky guşçulyk toplumlaryny hususylaşdyrmak hakyndaky kararlaryň taslamalary hödürlenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, netijeli çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtap, daşary ýurt hem-de öz maýa serişdelerimizi çekmek üçin amatly maýa goýum, hukuk, maliýe we beýleki şertleri döretmek ýaly ugurlarda işlemegiň wajypdygyny aýtdy. Şunda iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge ukyply döwrebap kärhanalaryň döredilmegini höweslendirmegiň zerurdygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Kararlara gol çekip, resminamalary wise-premýere elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly ugratdy we birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň ýedinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi, ol Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçiriler.
Hususan-da, mejlisiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, söwda-ykdysady, maliýe we senagat ulgamlarynda, energetika hem-de mineral serişdelerini gaýtadan işlemek, ulag we gurluşyk, oba hojalygy hem-de balykçylyk ulgamynda, medeniýet, syýahatçylyk, saglygy goraýyş, standartlaşdyrmak, ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, bilim ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda» kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň hemişe dünýäde abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän oňyn halkara hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýe bolýandygyny, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini belläp, onuň özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam berýän iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak barada degişli Karara gol çekdi. Bu resminama elektron resminama dolanyşygynyň üsti bilen wise-premýere iberildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde güýzlük bugdaýa ideg etmek, agrotehniki kadalara laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlaryň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky gowaça, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekişine taýýarlyk görülýär, ýerleri tekizlemek, gowaça tohumlaryny arassalamak, zerur bolan ýerlerde ýuwuş we tagt suwlaryny tutmak işleri dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasy hödürlenildi, oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde 2019-njy ýylda paýtagtymyzda we onuň töwereginde, welaýatlaryň çäklerinde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahaly ekiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gök we bakja önümleriniň hem-de miweleriň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyny belledi. Munuň özi ilatymyzyň ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli oba hojalyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ekinlerden bol hasyl almak maksady bilen, gowaça ekişini amatly möhletlerde geçirmegiň hem-de güýzlük bugdaýa talabalaýyk ideg etmegiň möhümdigini nygtady. Şunda agrotehniki kadalaryň takyk ýerine ýetirilmegine, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullarynyň hem-de häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz ekologiýa abadançylygy, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän umumymilli bag ekmek maksatnamasynyň uly ähmiýetini nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ýurdumyzda 2019-njy ýylda bag ekmek hakyndaky» Karara gol çekip, wise-premýere şäherleriň we obalaryň golaýynda, çäklerini barha giňeldýän paýtagtymyzda tokaý zolaklaryny döretmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem 18 — 22-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetini Ispaniýa Patyşalygyna gulluk iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekdi.
Bu resminamalar elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere ugradyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) hakyndaky» kararyň taslamasyny hödürledi.
Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine laýyklykda hem-de deňiz flotunyň işini döwrebaplaşdyrmak we ýükler daşalanda ulag hyzmatyny kämilleşdirmek maksady bilen degişli Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, deňiz söwda floty ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) hökmünde bellenilýär.
Taýýarlanylan resminamada ýük daşamak ulgamynda dolandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslary, nebit önümlerini we ýörite ýükleri daşamagyň düzgünleri hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň kadalary kesgitlenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitleriniň ähli ýurtlary üçin strategik ähmiýetini belledi, bu portuň kuwwatynyň doly derejede peýdalanylmagy biziň döwletlerimizi hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykarýar, ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna, yklymyň multimodal gatnawlar ulgamynda Türkmenistanyň ornunyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň döwrebap düzümleri diňe bir bar bolan islegleri kanagatlandyrmaga ukyply bolmak bilen çäklenmän, geljekki zerurlyklar üçin hem ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge ukyplydyr. Onuň doly kuwwatlylygyna çykarylmagy yklym ýük gatnawlarynyň logistika yzygiderliliginiň strategik taýdan özgerdilmegine getiriler, Türkmenistanyň ýük terminallary iň amatly we gysga ugurlar hökmünde möhüm çatryk bolup hyzmat eder diýip, milli Liderimiz nygtady.
Milli Liderimiz Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň üstünden geçýän ýükleriň möçberiniň artdyrylmagynyň, milli söwda flotunyň giňeldilmeginiň Türkmenistanyň dünýä söwdasynda paýynyň ýokarlanmagyna, daşarky haryt dolanyşygynyň düzümleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hem-de ýurdumyzyň ählumumy ykdysadyýete işjeň goşulyşmagyna gönüden-göni täsirini ýetirjekdigini aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi we ony ýerine ýetirmek babatynda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew «Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça Pudagara toparyň işiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bu resminamalar degişli düzümler, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri tarapyndan gurluşyk serişdeleriniň döwlet klassifikatorlaryny, gurluşykda nyrhlary emele getirmäge gözegçiligiň tertibini, usuly resminamalary taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Gurluşykda çenlik ölçegleriň we bahalaryň döwlet ýygyndylaryny döretmek üçin programma üpjünçiligi nazara alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde gurluşyk toplumyny senagatlaşdyrmak, häzirki zaman ulag düzümini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we sebitleri özgertmek boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmelidigine ünsi çekdi. Şolaryň çäklerinde bar bolan kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, durky täzelenilýär, senagat we durmuş maksatly desgalar gurulýar.
Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini köpeltmek, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak ýaly wajyp wezipeler üstünlikli çözülýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Pudagyň ýokary ösüş depginini saklamak, kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen çig mal babatda oýlanyşykly baha syýasaty durmuşa geçirilmelidir. Munuň özi bar bolan kuwwatlyklary netijeli peýdalanmaga, gurluşyk kärhanalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy arkaly wise-premýere ugratdy. Milli Liderimiz öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, anyk çäreleriň öz wagtynda görülmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2019 — 2025-nji ýyllarda gurluşyk we energetika pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän senagat we durmuş maksatly desgalaryň taslamalaryny taýýarlamagy çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow şu ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri, şeýle hem saparyň çäklerinde Berlinde guralan çäreleriň we Türkmen-german işewürler maslahatynyň jemleri barada hasabat berdi.
Işewür duşuşygyň barşynda GFR-iň döwlet düzümleriniň we 80-e golaý nemes kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler we häzirki döwürde amala aşyrylýan iri taslamalar, daşary ýurt maýadarlary üçin ýurdumyzda döredilýän şertler bilen tanyşdyryldy.
Forumyň çäklerinde döwletimizde hususy ulgamyň ösdürilişi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şeýle hem türkmen önüm öndürijileriniň eksport harytlarynyň sergisi guraldy.
Nemes kompaniýalary nebitgaz, energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy boýunça gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik toplumlaryna ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça oňyn teklipleri öňe sürdüler.
Işewürler maslahatynyň jemleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn, şol sanda telekeçilik ulgamy babatda ylalaşyklara gol çekildi.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary «Сlaas» kompaniýasynyň ylmy işläp taýýarlamalar innowasion merkezinde, «AFB Agrar GmbH» kompaniýasynyň oba hojalyk fermasynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler hem-de öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň ähli düzümleriniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, haryt dolanyşygyny we eksportyň möçberini, ösüş görkezijilerini ýokarlandyrmak ugruna aýratyn üns bermelidiklerini belledi.
Milli Liderimiz gyzyklanma bildirýän ýurtlar, Ýewropa döwletleri, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, netijeli hyzmatdaşlygyň önümçilige döwrüň ösen tehnologiýalaryny, ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu babatda bilelikdäki türkmen-german iş toparyna möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, türkmen-german işewürler maslahatynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, ýer hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda ähmiýetli tejribeleri öwrenmek we özleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryň ösüşiniň Türkmenistanyň önümçilik, täzeçillik we eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidigini belläp, gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilişiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa milli Liderimiziň medeniýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalaryň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu resminamada döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň maksady hem-de wezipeleri, syýasy partiýalaryň orny barada teleradio gepleşikleri, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri, ösüp gelýän nesilleriň ukybyny we zehinini açmaga gönükdirilen çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
Meýilleşdirilýän çäreleriň hatarynda hormatly Prezidentimiziň düýpli işleriniň we çeper eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetine bagyşlanan duşuşyklary geçirmäge hem-de ruhy-ahlak, maddy we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge aýratyn orun berilýär. Mundan başga-da, teatrlarda goýulýan oýunlaryň gerimini giňeltmek hem-de täzelemek, muzeýleriň gymmatlyklaryny köpeltmek, oba we şäher kitaphanalaryny internet ulgamy bilen üpjün etmek, medeniýet işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaş nesli watançylyk we ynsanperwerlik, şöhratly ata-babalarymyzyň asylly däplerine hem-de gadymy mirasyna sarpa goýmak ruhunda terbiýelemegiň ýurdumyzy ösdürmek strategiýasynyň esasy maksatlarynyň biridigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, onuň many-mazmunyny hemmetaraplaýyn baýlaşdyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegine uly üns berilýändigini aýdyp, bu ulgamda dünýä derejesindäki üstünlikleri gazanmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleriň ähmiýetine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýakyn geljek üçin meýilnamalarda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelip gowşan baý medeni mirasyny, döredijiligini we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wasp edýän kämil eserleriň döredilmegini göz öňünde tutmagyň möhümdigini belledi.
Bu ulgamyň işgärleri hemişe halkyň arasynda bolup, gymmatly edebi we medeni çeşmeleri toplamalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimizi ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan möhüm wezipeleri çözmekde jemgyýetiň döredijilik güýçlerini birleşdirmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, bu ugra dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek möhüm ugurlaryň birine öwrüldi.
Wise-premýer hasabatyň çäklerinde, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama «Türkmenistanda waksina garaşsyzlygy hakyndaky başlangyç boýunça Goşmaça ylalaşyk baglaşmak hakyndaky» kararyň taslamasynyň işlenip taýýarlanandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda häzirki zaman ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýyş pudagynyň işini kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sport hereketini işjeňleşdirmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek çäreleriniň oňyn netije berýändigini aýtdy hem-de bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek hem-de ösdürmek meselelerine ünsi çekip, sebitde we dünýäde keselleriň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyndan we işjeň hyzmatdaşlyk etmegiň, şol sanda ýurdumyzda sanjym geçirmegiň, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, ony sanly elektron dolanyşygy arkaly wise-premýere ugratdy we gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk barada hasabat berdi.
Goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Owganystanyň halkyny türkmen halky bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary hem-de taryhy-medeni umumylygy baglanyşdyrýar. Türkmenistan bu asylly däplere ygrarly bolmak bilen, goňşy ýurda döredijilikli durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň ýeňillikli bahadan iberilmegi, Owganystanyň çäginde durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň gurulmagy, işgärleri taýýarlamakda ýardam berilmegi, ynsanperwer ýükleriniň yzygiderli ugradylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe boldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen giň gerimli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi muňa ýardam edýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurulmagy, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly taslamalar bar.
Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň örän işjeňleşendigini hem-de hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Bitarap ýurdumyzyň milli bähbitlere hem-de sebit we ählumumy çäklerde umumy abadançylygyň hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli strategiýany durmuşa geçirýändigini belledi. Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmak barada çykyş etmek bilen, owgan ykdysadyýetini we durmuş düzümini dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri ädýär.
Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki wekilçilikli halkara forumlarda öňe süren döredijilikli başlangyçlary, şol sanda TOPH gaz geçirijini gurmak baradaky başlangyjy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu giň möçberli taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge saldamly goşant bolar we goňşy döwletde wajyp durmuş meselelerini, şol sanda täze iş orunlaryny döretmek meselesini çözmäge ýardam eder.
Ägirt uly kuwwata eýe bolan ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hem möhüm ähmiýete eýedir. Geljekde munuň özi Owganystana sebit we halkara möçberinde ulag-üstaşyr gatnawlar ulgamyna birikmegine mümkinçilik berer hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna goşulyşmagyna ýardam eder.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň parahatçylyga we ylalaşyga ymtylmak babatda doganlyk owgan halkyna raýdaşlyk bildirmek bilen, mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn goldaw we zerur bolan ynsanperwer kömegini berjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministrine Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiniň jemini jemläp, şu gün döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň gülläp ösüşine gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinden soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýerler G.Myradowyň we E.Orazgeldiýewiň, şeýle hem obasenagat toplumynyň täze düzümleriniň ýolbaşçylarynyň — oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewiň hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow orta möhletli maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan anyk çäreler hem-de täze döredilen pudaklaryň häzirki ýagdaýy we olaryň maliýe işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, bu işleri, ilkinji nobatda, bank-maliýe düzüminde amala aşyrmak, maýa serişdelerini çekmek üçin amatly şertleri üpjün etmek, has batyrgaý işewür başlangyçlary we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Wise-premýer E.Orazgeldiýew obasenagat toplumynda täze döredilen pudaklaryň işiniň guramaçylyk meseleleri boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz oba hojalygynda özgertmeleri işjeňleşdirmegiň — maldarçylykda, ekerançylykda we suwaryş ulgamynda innowasiýalary ilerletmegiň, suwdan rejeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy taýdan esaslandyrylan tohumçylygyň döwrebap mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaga, sebitiň toprak-howa şertlerini nazara alyp, ekin dolanyşygynda ylmy işläp taýýarlamalary ulanmaga aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy hem-de weterinar ulgamda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, degişli gulluklary ösdürmegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň öý haýwanlaryna hemişe üns-alada bilen garandygyny belläp, ýöriteleşdirilen merkezi weterinariýa hassahanasynyň işini guramak we ony döwlet gözegçiliginde saklamak baradaky teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümde asylly işe goşant goşmaga isleg bildirýän telekeçiler, giň jemgyýetçilik wekilleri, şol sanda bu ugra degişli meýletin ýardamçylar — jandarlary goraýjylar üçin zerur mümkinçilikler döredilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz hassahananyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemäge hem-de bu merkeziň düzüminde idegsiz galan öý haýwanlary üçin döwrebap binanyň döredilmelidigine ünsi çekdi. Asyrlaryň dowamynda toplanan baý milli tejribeler, haýwanlary bejermegiň hem-de olaryň keselleriniň öňüni almagyň öňdebaryjy usullaryny netijeli peýdalanmak üçin zerur işler amala aşyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Idegsiz galan öý haýwanlary üçin guralan bu gonalgadan ýaşaýan ýerlerini üýtgeden hem-de öz itlerini ýa-da pişiklerini öýünde saklamaga mümkinçiligi bolmadyk adamlar, şeýle hem zähmet rugsadyna ýa-da iş saparyna gidýän adamlar hem peýdalanyp bilerler, şol döwürde itlere we pişiklere kimdir biri ideg etmeli bolar.
Käbir adamlar emele gelen ýagdaýlara — syrkawlamagy ýa-da gartaşmagy sebäpli, öý jandarlaryna ideg edip bilmeýän halatlarynda öz öý jandarlaryny bu ýere tabşyryp hem-de mümkinçiliklerine görä aram-aram olary görüp bilerler.
Bularyň ählisi jandarlaryň saklanylýan ýerinde göwnejaý şertleriň döredilmegini talap edýär. Bu şertler diňe bir öý haýwanlary üçin amatly ýagdaýlar däl-de, degişli işgärleriň olara bolan gatnaşygyny öz içine alýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Öý haýwanlarynyň saklanylýan ýerlerini häzirki döwürde bu babatda dünýäde bar bolan häzirki zaman ölçeglerine laýyklykda gurnamak, ösen ýurtlarda bu ugurda toplanylan iň gowy tejribeleri öwrenmek hem-de ornaşdyrmak zerurdyr.
Bu merkez şeýle hem öý haýwanlaryny gelip görmek, olar bilen gezim etmek, belki-de, öýünde saklamak üçin almak isleýänleriň ählisi üçin açyk bolmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ýaş nesli ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde örän uly ruhy-ahlak ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşanlaryň öňünde goýlan wezipeleri ýokary hilli we öz möhletinde ýerine ýetirmegi tabşyryp, olar bilen hoşlaşdy.
tdh