Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda hökümet agzalary bilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol milli Liderimiziň Buýrugyna laýyklykda, türkmen wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
12-nji martda Yslamabatda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Pakistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilendigi barada habar berildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Pakistanyň döwlet Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Pakistanyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklary bellenildi.
Ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak ýaly möhüm taslamalaryň amala aşyrylyşyna hem-de täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Pakistanyň Premýer-ministri bilen bolan duşuşygyň barşynda hem türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy. Energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat ulgamy söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Yslamabatda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Şonda türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy ähmiýete eýe bolan döredijilikli başlangyçlaryny Pakistanyň mundan beýläk-de ilerletmäge işjeň gatnaşjakdygy bellenildi. Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistanyň paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde beýleki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem birnäçesini geçirdi.
Saparyň jemleri boýunça resminamalaryň bäşisine: iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019 — 2024-nji ýyllarda Hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugy akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmen-pakistan bilelikdäki işewür geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Pakistanyň Hökümeti bilen «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň arasynda kabul ediji döwletiň Hökümeti bilen Ylalaşygyň Baş şertlerine gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny nygtady. Munuň özi taraplaryň özara bähbitlere hem-de sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygy bilen şertlendirilendir. Döwletara gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, dostlukly häsiýeti diňe bir bellenen meýilnamalary yzygiderli durmuşa geçirmäge däl, eýsem, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işjeň işläp taýýarlamaga hem mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiz özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, şu babatda Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisini gurmak boýunça bilelikdäki giň möçberli taslamanyň amala aşyrylmagynyň üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydygyny nygtady.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu iri düzümleýin taslamalar hem-de ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegi sebitara goşulyşmak işlerini işjeňleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň döwrüň wajyp meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge degişli meseleler boýunça garaýyşlarynyň meňzeşliginiň ýa-da gabat gelmeginiň dünýä giňişliginde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bularyň ählisiniň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen uzak möhletli türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegini şertlendirýändigini aýdyp, wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda dürli derejelerde ozal gol çekilen resminamalarda, şol sanda Yslamabatda gol çekilen resminamalarda öz beýanyny tapan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Bahreýniň Patyşasynyň 17 — 19-njy martda Türkmenistana meýilleşdirilen döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.
Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 1995-nji ýylyň dekabrynda ýola goýlandygy bellenildi. 2011-nji ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýne resmi sapar bilen bardy. Saparyň netijeleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny goýan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Hökümet derejesinde hem-de daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça amala aşyrylýan gatnaşyklar hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan we Bahreýn, däp bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýärler. Bahreýn Patyşalygy hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlaryny hemişe goldaýar.
Maýa goýum, bank, nebitgaz ulgamlarynda, himiýa senagatynda, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Saparyň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň ösüşine kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtap, türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda netijeli gatnaşyklary ösdürmek, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny aýtdy. Hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler Türkmenistanda ykdysadyýet toplumynda we durmuş ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar, senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalar, türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýlary bilen hem şertlendirilendir.
Taryhyň dowamynda kemala gelen ruhy-medeni umumylyk bilen baglaşan iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özboluşly dostluk we özara düşünişmek köprüsi bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara hem uly üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana döwlet saparynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Welaýatlaryň gowaça ekmek üçin niýetlenen ekerançylyk meýdanlarynda ýerleri tekizlemek, geriş çekmek, ýuwuş we tagt suwlaryny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine hususy önüm öndürijiler hem degişli derejede taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Olar oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini aldylar. 2019-njy ýylda hususyýetçiler 33 müň 805 gektar meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirerler.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer hormatly Prezidentimizden ýaz ekişiniň möhletlerini kesgitläp bermegi haýyş etdi. Bellenilişi ýaly, tejribeli hünärmenleriň, mehanizatorlaryň, pagtaçy-kärendeçileriň gatnaşmagynda gowaça ekişiniň öňüsyrasynda ýörite maslahatlar geçiriler.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagtaçylaryň durmuşynda möhüm döwrüň — gowaça ekişiniň ýetip gelýändigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ösdürip ýetişdirmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde daýhanlarymyzyň netijeli işlemegi, halal zähmeti bilen baýamagy üçin ähli şertler döredilýär.
Milli Liderimiz daýhanlarymyzyň ýokary hilli tohum, dürli görnüşli dökünler, kämil oba hojalyk tehnikalary, zerur mukdarda suw bilen, şeýle hem beýleki gerekli serişdeler bilen doly üpjün edilýändigini belledi. Bu işler özüniň gowy netijelerini hem berýär.
Döwlet Baştutanymyz merdana daýhanlarymyza yhlasly zähmet çekip, şu ýylda ýurdumyz boýunça 1 million 600 müň tonna bugdaý hem-de 1 million 50 müň tonna «ak altyn» öndürmegi tabşyryp, beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem bol hasyl almagyň zerurdygyny nygtady. Oba ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, obalaryň, şäherçeleriň we etraplardaky şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça ýörite maksatnama durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama laýyklykda, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem oba zähmetkeşlerimiziň ýokary sepgitlere ýetip, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdygyna ynam bildirdi.
Milli Liderimiz pagtaçy daýhanlarymyzyň durmuşynda jogapkärli döwrüň ýetip gelýändigini ýene-de bir gezek belläp, bol pagta hasylyny ýetişdirmekde gowaça ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda, öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz bu möwsümi bellenen möhletlerde we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda hem 27-nji martda gowaça ekişine girişmäge ak pata berdi hem-de hormatly ýaşulularymyzdan ekiş möwsümini «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz daýhanlarymyza, ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine abadan we bagtyýar durmuş, yhlasly zähmet çekip, ene ýerden bol hasyl almagy, sahawatly türkmen topragynyň berekedini has-da artdyryp, belent sepgitlere ýetmegi, olaryň yhlas bilen ýere sepen tohumynyň müňläp rysgal-bereket getirmegini arzuw etdi.
Soňra wise-premýer 21-nji martda geçiriljek ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri we oba hojalyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ählihalk ýowar gününde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek işleri geçiriler. Hususan-da, Milli bahar baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde, Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Nowruz ýaýlasynda dürli edaralaryň we kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ählihalk ýowary geçirilip, onuň dowamynda 12 gektar meýdanda tut nahallaryny ekmek meýilleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her ýylda geçirilýän ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny saklamakda möhüm ähmiýeti bolan Milli tokaý maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz uzak möhletleýin esasda ýerleri kärendä alan we gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän telekeçileriň netijeli işi üçin zerur şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet bermelidigini tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ösüşiniň konseptual strategiýasyny» işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bu resminamada şol kärhanalaryň mümkinçilikleri içgin seljeriler, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň amatly önümçiligi kesgitleniler. Şeýle hem öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we ekologiýa taýdan arassa galyndysyz önümçiligi döretmek babatda teklipler taýýarlanylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ornuny nygtap, nebithimiýa senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik we eksport kuwwatyny yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny ösdürmegiň strategiýasyny işläp düzmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. Şol strategiýa ähli meseleleri, şol sanda täze taslamalaryň hemmetaraplaýyn ykdysady seljermesini, olary tapgyrlaýyn durmuşa geçirmegiň tertibini, tehnologik we kömekçi desgalaryň kuwwatyny, maýa goýum çeşmelerini, logistikany, sebit hem-de Ýewropa bazarlarynyň nebithimiýa önümlerine islegleriniň uzak möhletli çaklamalaryny öz içine almalydyr.
Şeýle hem wise-premýere Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna çig mallary getirmek, täze taslamalar taýýarlanylanda innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy tehniki çözgütleri ulanmak barada degişli tabşyryklar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew hyzmatlaryň sanly ulgamyna geçmek we elektrik energiýasyny sarp edijiler bilen hasaplaşyklary alyp barmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Aşgabat şäheriniň «Döwlet energogözegçilik» kärhanasynda häzirki zaman enjamlary we maksatnama üpjünçiligi bilen enjamlaşdyrylan hasabat merkezi döredildi. Bu ýerde paýtagtymyz boýunça sarp edijileriň maglumatlary hem-de salgylary, sarp edilen elektrik energiýasynyň mukdary, tölegiň möhleti elektron görnüşde jemlenýär. Sarp edilen elektrik energiýasy üçin tölegleri öýjükli telefonlaryň, töleg terminallarynyň, internet ulgamynyň üsti bilen geçirmek mümkinçiligi döredildi. Şeýle merkezleri ýylyň ahyryna çenli ähli welaýatlarda açmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ulgam, ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Munuň özi döwrüň talabyna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiz öňde durýan wezipeleriň IT-tehnologiýalary işjeň peýdalanmak, täze önümçilik düzümlerini döretmek arkaly ýerine ýetirilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, desgalaryň bellenilen möhletde gurlup, ulanylmaga berilmegine gözegçiligi güýçlendirmäge ünsi çekdi. Bina edilen desgalar haýsy hem bolsa bir edaranyň we kärhananyň düzümine geçirilmelidir. Bu olary degişli ulanyş ýagdaýda saklamakda ähmiýetlidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz welaýatlarda etrabara we oba ýollaryny degişli derejede saklamak boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, ýol gurluşygy bilen baglanyşykly işlere ylmy talaplara laýyklykda örän oýlanyşykly we netijeli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmagyň we täze ýollary gurmagyň meýilnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyny belläp, bu ugurda bar bolan meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň onunjy mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Mejlisiň gün tertibine döwletara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmäge hem-de Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň birnäçesi girizildi.
Wise-premýer gepleşikleriň barşynda taraplaryň söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen çäreleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, eksport-import amallaryny artdyrmaga, hödürlenilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge hem-de iki döwletiň ykdysady ulgamlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen goşmaça çäreleriň kabul edilmeginiň zerurdygy bellenildi.
Energetika, oba hojalygy, ekologiýa ulgamlarynda, dokma we azyk senagatynda hem-de saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda özara gyzyklanma beýan edildi.
Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň onunjy mejlisiniň işiniň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ep-esli işjeňleşendigini hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny kanagatlanma bilen belläp, ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny hem-de şondan has doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini öwrenmegiň wajypdygyny aýdyp, iki ýurduň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegiň wajypdygyny belledi we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygyna, şeýle hem telekeçileriň öndüren önümleriniň sergi-ýarmarkasyna taýýarlyk we şu mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Sergä bu birleşmäniň senagat, oba hojalygy, gurluşyk, gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän hem-de azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda we hyzmatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasy ýaly ugurlarda ýöriteleşen agzalarynyň 188-si gatnaşar.
Ýurdumyzda telekeçiler hem-de senagatçylar üçin döredilýän şertler, hususy ulgamy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän maksatnamalar ýokary tehnologiýalary we oňyn tejribeleri ornaşdyrmagyň hasabyna döwrebap önümçiligi döretmek üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek baradaky maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşynda şol kärhanalarda türkmen işewürleri tarapyndan öndürilýän ýokary hilli harytlar diňe bir içerki bazarlary üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşarky bazarlarda hem öz orunlaryny pugtalandyrýarlar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen güni mynasybetli geçiriljek maslahatda türkmen telekeçileriniň ýeten derejeleri, täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak, «Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen hususy ulgamy ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly täze wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Soňra Dubaý şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň bölümini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan yglan edilen halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Tekmil» hususy kärhanasynyň taslama teklibi seçilip alyndy.
«Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» şygary astynda geçjek «EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň bölüminiň eýeleýän meýdany 1581 inedördül metre barabar bolar. Şonuň 976 inedördül metrinde iki gatly desga gurlar.
Desganyň birinji gatynyň zalynda sanly dolandyryş ulgamy arkaly 3D şekilleriniň üsti bilen ýurdumyzyň taryhy-medeni we tebigy aýratynlyklary, Türkmenistanyň ähli ugurlardaky ykdysady görkezijileri beýan ediler. Ol türkmen, iňlis, fransuz, nemes, rus we arap dillerinde beýan edilýän maglumatlar bilen utgaşdyrylar.
Ikinji gatda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi guralar. Işewürlik maslahatlaryny, duşuşyklary geçirmek, medeni çäreler üçin zerur şertler üpjün ediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öňde boljak sergisiniň we maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berip, ýurdumyzyň işewürleriniň ykdysady mümkinçilikleriniň önümçilik serişdeleriniň möçberini artdyrmagyň, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we ony köpugurly esasda ösdürmekde, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň mukdaryny we görnüşlerini artdyrmakda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde we onuň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda döwlete dahylly bolmadyk ulgama wajyp orun degişlidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçileriniň ýeten derejesine, türkmen işewürleriniň maýa goýum mümkinçiliklerine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmegiň wajypdygyny, nobatdaky serginiň diňe bir üstünliklerimizi görkezmekde däl, eýsem, hususy pudagyň önümleriniň we hyzmatlarynyň daşary ýurt bazarlaryna çykarylmagyny üpjün edýän toplumlaýyn çäreleriň ilerledilmeginde, işewürlik düzüminde täzeçil usullary artdyrmak boýunça has oňaýly ugurlary kesgitlemekde aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Telekeçileriň öz işiniň gerimini giňeltmegi üçin mümkinçilikleriniň ýokary bolmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň, onuň bazar ykdysadyýetine geçmeginiň depginini ýokarlandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň halkara sergilere we işewürlik maslahatlara gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ägirt uly eksport we maýa goýum kuwwatyny, dünýä bazarlarynda ýurdumyzyň önümlerini mahabatlandyrmagyň täze mümkinçiliklerini açýar.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda oňyn tejribe toplanandygyny we onuň yzygiderli baýlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belläp, «EKSPO — 2020» Bütindünýä gözden geçirilişinde ýurdumyzyň sergisiniň Türkmenistanyň köptaraply we özboluşly ugurlaryny, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini we ýeten derejesini, milli mirasymyzy açyp görkezmelidigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Gökderedäki çagalar-sagaldyş merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlarda tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bilim ministrliginde degişli çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy we ony ýerlerde durmuşa geçirmäge girişildi. Meýilnama laýyklykda, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tejribeli mugallymlar, lukmanlar, terbiýeçiler işlär. Milli bilim institutynyň hünärmenleri çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň işgärlerini tapgyrlaýyn esasda taýýarlamak işlerine girişdiler. Şeýle hem dynç alyş merkezlerinde guralmagy meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin we sport-sagaldyş hereketleriniň toplumlaýyn maksatnamasy taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň şadyýan we gyzykly dynç almagy, sagdyn we wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýarlygy hakyndaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmalydyr.
Soňra wise-premýer 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, täzeçil ulgamy we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýany ornaşdyrmak bilen baglanyşykly ylym hem-de bilim ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häzirki bilim ulgamyny sanlaşdyrmak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasy boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, guramaçylyk iş topary döredildi.
Degişli hünärmenleriň sanly ulgam boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin olary gaýtadan taýýarlamagyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde we okuw merkezlerinde hünär taýdan kämilleşdiriş bölümlerinde ýörite sapaklar guralýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgama geçmek we bu babatda işgärleri taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Bu işler anyk netijelere gönükdirilmelidir we ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegini çaltlandyrmak arkaly oňyn netije gazanylmalydyr.
Bu babatda alnyp barylýan işleriň bähbitlidigini dünýä tejribesi tassyklady. Döwlet ösüşi yzygiderli häsiýete eýe boldugyça, durmuşda maglumat tehnologiýasy aýratyn orun eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de sanly ulgamy öwretmek boýunça ählumumy okuwlaryň zerurdygyna, bu ugurdaky bilim maksatnamalarynyň kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Milli bahar baýramyna bagyşlanan dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän ýylda öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Milli bahar baýramy aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dabaraly çäreleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirildi, şolarda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary we ýörelgeleri, Türkmenistanyň häzirki wagtda medeniýetde we sungatda ýeten sepgitleri öz beýanyny tapar.
Asylly däbe görä, esasy dabaralar 21-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda guralar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan eserleri hem-de «Nowruznama» kitaby esasynda medeni-köpçülikleýin dabaralary guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan Milli bahar baýramynyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň terbiýeçilik we jebisleşdiriji ornuny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Milli bahar baýramy halkymyzyň özara gatnaşyklarynyň kadalaryny, halk döredijiliginiň, tanslaryň, umuman, tutuş medeniýetiň ähli äheňlerini we görnüşlerini öz içine alýar. Bularyň ählisi asyrlaryň dowamynda üýtgewsiz görnüşde kämilleşdirilen ýörelgeleri we däp-dessurlary kemala getirdi, olar tebigata göz ýetirmek, ynsanyň dünýäde eýeleýän ornuny, daşky gurşaw bilen özara gatnaşyklaryň sazlaşygyny kesgitledi.
Bu baýramçylyk gadymyýetden bäri örän möhüm jemgyýetçilik wezipesini ýerine ýetirdi, çuňňur mana eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz biziň günlerimizde hem özüniň belent wezipesini ýerine ýetirýän Nowruzyň nuruny çaýýandygyny, gözellik we şatlyk getirýändigini, halklary jebisleşdirýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz güni döwletleriň dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk etmegi üçin täze giňişlikleri açýandygyny, daşary ýurtlar, esasan-da, goňşy döwletler bilen özara düşünişmegiň, ynamyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obalarynda we şäherlerinde halkymyzy täze üstünliklere we beýik işlere ruhlandyrýan medeni-köpçülikleýin baýramçylyk dabaralarynyň guralmalydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýew prokuratura edaralarynyň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça amala aşyrylýan çärelere geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ozal ekilen bag nahallaryna ideg etmekde birnäçe kanun bozulmalaryň ýüze çykarylandygy habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda hereket edýän milli kanunçylygyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmek barada Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Baş prokuror döwlet baýramçylyklarynyň öň ýanynda günä geçmek boýunça işleriň geçirilýändigi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz berkarar Watanymyzda beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini pugtalandyrmak maksady bilen, günä geçmek çäresiniň geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy toparyň mejlisini geçirmek barada tabşyryk berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary döwletler we halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmegiň Mejlisiň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklary halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş üçin zerur şertleriň döredilmegine, sanly ykdysadyýete geçilmegine we ilatyň, telekeçiligiň bu ulgama çekilmegine döwlet goldawynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň durmuşynda birnäçe şanly wakalaryň bolýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowaryny we Milli bahar baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.