Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm resminamalaryň birnäçesine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.
Ösüş depgini senagat pudagynda 4 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,1 göterim, söwdada 11,8 göterim, oba hojalygynda 3,5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 8 göterim ýokarlandy. Gurluşyk pudagynda hem oňyn netijeler üpjün edildi.
Umuman, ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça jemi öndürilen önüm geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3 göterim artdy.
Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen 2018-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 7,53 milliard manada we çykdajy bölegi 7,49 milliard manada deň boldy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim ýokarlandy.
Ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça degişli gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň barşy hem-de hasabat döwründe ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,2 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 103,8 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,6 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişiniň meýilnamasy 115,3 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 106,2 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek baradaky meýilnama 105,1 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň eýeleýän ähmiýetli ornuny nygtap, pudagyň eksport kuwwatyny, ýokary hilli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda hem-de oba hojalyk pudagyny özgertmek we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Oba hojalyk toplumyna degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 112,7 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 113,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 109,1 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 105,5 göterime deň boldy.
Wise-premýer Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda badalga alan galla oragy barada hasabat berdi. Bu çäräniň öňüsyrasynda welaýatlarda tejribeli daýhanlaryň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda maslahatlar geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, azyk bolçulygyny döretmekde obasenagat toplumynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, galla oragynyň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz ýygnalmagynyň, munuň üçin bolsa tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň wajypdygy nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça talaba laýyk ideg etmegiň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda 2019-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Degişli döwürde bu düzümler önümçilik meýilnamasyny 119,6 göterim ýerine ýetirdiler, ösüş depgini 121,4 göterime deň boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçiligiň ösüş depgini 153,9 göterime deň boldy.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň ösüş depgini 148,8 göterim derejesinde bellenildi.
Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek we önüm öndürmek boýunça 109,9 göterim ösüş gazanyldy.
«Türkmensenagat» agentligi boýunça 109,5 göterim, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 123,7 göterim, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 100,3 göterim, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 113,7 göterim, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 177 göterim, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 106,6 göterim ösüş gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we kommunikasiýalar toplumyny ösdürmegiň bellenilen wezipelerini kesgitlemek bilen, ýurdumyzda önümçiligiň ösdürilmeginiň, tebigy serişdeleri senagat taýdan özleşdirmek işleriniň geriminiň barha giňelmegi, içeri we daşary ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmeginiň kuwwatly düzümleýin ösüşi, multimodal logistikanyň üpjün edilmegini talap edýändigini belledi.
Şunda sanly ykdysadyýete geçilmegini, maglumat tehnologiýalarynyň barha ýokarlanýan ornuny hasaba almak bilen, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň tutuşlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow şu ýylyň 5 aýynyň dowamynda gurluşyk, energetika toplumlarynyň hem-de paýtagtymyzda alnyp barlan işleriň jemleri boýunça hasabat berdi.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 108 göterim ýerine ýetirildi we 104,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy ýanwar — maý aýlarynda 100,4 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 104,3 göterime barabar boldy.
Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 101,6 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümi mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek baradaky işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamalaryna, ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de obalarynda durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna wise-premýeriň ünsüni çekmek bilen, jemagat hojalyklarynyň işiniň bökdençsiz işledilmegi baradaky meselelere ünsi çekdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň hem-de energiýa serişdeleriniň halkymyzyň, her bir raýatymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belläp, elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleriň örän uly bolup durýandygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow 2019-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýerine ýetiren işleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi 24 göterim, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 24,4 göterim, lomaý haryt dolanyşygynyň möçberi 23,6 göterim, öndürilen önümiň möçberi bolsa 14,4 göterim artdy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça birža söwdalarynyň 105-si geçirildi. Şolaryň barşynda 12 müň 681 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe hyzmatlaryň möçberi 26,5 göterim artdy we sergileriň hem-de maslahatlaryň 6-sy geçirildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişi 21,8 göterim, oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň möçberi 4,9 göterim artdy.
Döwletimiziň goldaw bermegi netijesinde, daşary ýurtlara eksport edilen azyk harytlarynyň möçberi 26,2 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň möçberi 3,3 göterim ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki söwdanyň hem-de daşary ykdysady aragatnaşyklaryň ösdürilmeginiň senagat toplumynyň kuwwatynyň artdyrylmagyna, kiçi we orta telekeçiligiň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowa hem-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri A.Işanowa berk käýinç yglan etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrligiň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa käýinç yglan edildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Hasabat döwründe dürli medeni çäreler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki üstünliklerini wagyz etmekde, ýurdumyzyň raýatlarynyň medeni derejesini has-da artdyrmakda, ahlak we ruhy taýdan terbiýelemekde medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň örän möhüm orun eýeleýändigini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda geçen bäş aýyň dowamynda alnyp barlan işler hakynda hasabat berdi. Milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn hem-de usulyýet binýadyny pugtalandyrmak, okuw işlerine ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni, şol sanda sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek boýunça toplumlaýyn işler geçirildi.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn çäreler alnyp baryldy. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bilim hem-de ylym ulgamlarynda özgertmeleri çaltlandyrmak üçin yzygiderli çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi, munuň özi Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary we döwrüň talaby bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halk hojalygyny sanlaşdyrmak we senagatlaşdyrmak meselesine degip geçmek bilen, wise-premýere Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek babatynda tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýaşlaryň aň-paýhas we döredijilik mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek, ýaş türkmenistanlylaryň häzirki zaman bilimlerini özleşdirmäge bolan höwesini goldamak meselelerine yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ilatyň saglygyny goramagyň, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmegiň hem döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň hatarynda kesgitlenendigini nygtap, bu ugurlarda utgaşykly, toplumlaýyn işleri dowam etdirmegi we öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda çözülişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada habar berdi.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen hem-de milli parlamentiň kanunçylyk işleriniň meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylyň bäş aýynda Türkmenistanyň kanunlarynyň 11-si we Mejlisiň kararlarynyň 12-si kabul edildi.
Häzirki wagtda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 8-nji iýunda geçiriljek altynjy maslahatyna taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar. Onuň gün tertibine birnäçe kanun taslamalaryna garamak hem-de beýleki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzyň häzirki tapgyrdaky depginli ösüşiniň aýrylmaz ýagdaýy bolup durýandygyny nygtady.
Kabul edilýän ähli kanunlar döwlet ösüşiniň depginli özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini berkitmäge, onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz wideokonferensiýa görnüşinde Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam edip, ýakynda ýurdumyzda iri syýasy wakanyň — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilendigini belledi. Halkara synçylarynyň we bu duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy baha bermegine görä, onuň bilen baglanyşykly çäreleriň ählisi guramaçylykly hem-de iň ýokary derejede geçirildi diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu forumy taýýarlamaga gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan kynçylyklara garamazdan, bäş aýda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri şu ýyl ýurdumyzyň durnukly depginli ösmegini dowam edýändigine şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasaty, ozalkysy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalar bilen giňden hyzmatdaşlyk etmekden ybarat boldy.
Türkmen tarapynyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek, ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen bagly öňe süren halkara başlangyçlary dünýäde barha giňden goldanýar. Bilim we medeniýet, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny berjaý etmek, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak, ylalaşygy we durnukly ösüşi gazanmak babatdaky ýurdumyzyň teklipleri hem gyzgyn goldaw tapýar.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda biziň Aral boýunça nobatdaky başlangyjymyzy Birleşen Milletler Guramasy ýaly örän täsirli halkara gurama goldady. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň geçen bäş aýynyň netijelerine geçip, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň durnukly saklanýandygyny belledi. Kabul edilen ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ozalkysy ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanyp galýar.
Garalýan döwürde ýurdumyzda öndürilen önümleriň degişli döwürde eksport edilen möçberi 14 göterim artdy. Şol bir wagtda importyň möçberi bolsa 20 göterim azaldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depgini gazanyldy.
Geçen bäş aýda ýurdumyzda senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dükanlar we beýleki desgalar göz öňünde tutulan möçberde ulanmaga berildi. Ykdysadyýetimizde amala aşyran üstünlikli işlerimiziň netijesinde, biz maliýe serişdelerini toplap, welaýatlarymyzda köp sanly şäherçeleri gurmaga başladyk. Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygyna girişdik. Häzir Aşgabatda täze şäheri gurmagyň üstünde hem işleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biz energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatymyzy kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda alyp barýarys. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny, şeýle hem beýleki sebitleýin taslamalary durmuşa geçirýäris diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça şu ýyl üçin öňde goýlan anyk wezipeleriň kesgitlenendigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistana daşary ýurtlaryň hökümet wekiliýetleriniň birnäçesiniň saparlary bellenildi. Öňümizde birnäçe halkara çäreler, maslahatlar, şol sanda Hazar ykdysady forumy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň mejlisi bar. Milli Liderimiz bu ähmiýetli wakalary iň ýokary derejede guramak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek we hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça wezipeleriň ileri tutulýan derejededigi barada aýdyp, Ahal we Balkan welaýatlarynda birnäçe şäherçeleriň gurluşygyna eýýäm başlanandygyny belledi. Bu işler geljekde hem dowam etdiriler.
Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, 26-njy iýunda Lebap welaýatynda, 27-nji iýunda Mary welaýatynda, 28-nji iýunda bolsa Daşoguz welaýatynda täze şäherçeleriň düýbüni tutmak dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, wise-premýerlere häkimler bilen bilelikde ýokarda agzalan meseleleriň çözülişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy, garamagyndaky pudaklarda özgertmeleriň geçirilişine, desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna seretmegi tabşyrdy. Aýratyn-da, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine, umuman, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly ähli meselelere uly üns berilmelidir.
Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh