Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky iň soňky, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanyndaky mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlar dowam edýär. Halkara pul gaznasynyň 2017-nji we 2018-nji ýyllar üçin dünýä boýunça jemi içerki önümiň ösüşi babatdaky çaklamasynyň gowulanýandygyna garamazdan, käbir ýurtlarda ykdysadyýet örän haýal ösýär.
Şunuň bilen baglylykda, bolup geçýän özgertmeleri göz öňünde tutup, biz kabul eden maksatnamalarymyzy öz wagtynda ýerine ýetirmek we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik üçin, zerur bolan çäreleri gördük diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Netijede, tebigy gazy iri öndüriji bolup durýan Türkmenistan çylşyrymly daşarky şertlere, şol sanda nebitiň we gazyň nyrhlarynyň durnukly pese düşmegine hem-de söwda boýunça hyzmatdaşlary bolan ýurtlarda ykdysady işjeňligiň peselmegine uýgunlaşmagy başardy.
Şunuň bilen baglylykda, biz soňky bir-iki ýylyň dowamynda birnäçe çäreleri gördük diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet maýa goýumlaryny azaltdyk. Walýutanyň hümmetini kem-kemden peseltdik hem-de jemagat hojalygynyň hyzmatlary üçin bahalary bir gezek ýokarlandyrdyk. Şeýle hem, milli önümçilik binýadymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirdik. Tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze turba geçirijileri gurmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary kabul etdik. Uglewodorod serişdelerinden beýleki tebigy baýlyklarymyzy çykarmak we gaýtadan işlemek, aýratyn-da, hususy pudagy we telekeçiligi goldamak babatda köp işleri göz öňünde tutduk diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, geçirilen işleriň netijesinde, şu ýyl ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,5 göterim bolmagyna garaşylýar. Görlen şol çärelerden başga-da, bu ösüşe tebigy gazyň daşary ýurtlara iberilýän möçberleriniň artmagy, giň gerim bilen amala aşyrylýan karz syýasaty we beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de eksporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan senagat syýasaty ýardam berýär. Şonuň bilen baglylykda, Döwlet býujetimiziň ýetmezçiligi iň pes derejede saklanyp galýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, çaklamalara görä, puluň hümmetsizlenmegi hem durnukly ýagdaýda, takmynan, 6 göterim möçberde saklanar. Garaşylyşy ýaly, Döwlet býujeti hem girdejileriň we çykdajylaryň barabar möçberinde galar. Sebäbi, biz 2017-nji ýylda kabul eden ähli meýilnamalarymyzy we döwlet maksatnamalarymyzy ýerine ýetirdik. Geljek ýyl üçin gowy Döwlet býujetini kabul etdik. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrdyk. Zähmet haklaryny tölemekde hem hiç hili mesele ýok.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 52 mejlisi, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 17 mejlisi, döwlet derejesinde dürli maslahatlaryň hem 42-si geçirildi. Halkara işleri barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara 8 sapary amala aşyrandygyny belledi. Daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň ýurdumyza 20 sapary bolup geçdi.
2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti bilen daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň resmi wekilleriniň, ministrler derejesindäki resmi adamlaryň, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlarynyň, şeýle hem dürli halkara korporasiýalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň köp sanly duşuşyklary geçirildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geçip barýan ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegini, Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny hem-de ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek baradaky Rezolýusiýalarynyň kabul edilmegini, «Küştdepdi aýdym we tans dessurymyzyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini biziň diplomatiýamyzyň uly üstünligi hasaplap bolar.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna, Araly halas etmegiň halkara gaznasynda 2017–2019-njy ýyllarda başlyklyk etmegi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň çäreleriniň 20-sine gatnaşmagy Bitarap döwletimiziň halkara guramalarynyň çäklerinde alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallary bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, döwlet maslahatlarynda, şeýle hem halkara derejesindäki saparlarda we duşuşyklarda çylşyrymly, syýasy, ykdysady we durmuş meselelerine seredildi. Şol meseleler boýunça biziň bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan ugur alnyp, degişli çözgütler kabul edildi we resminamalara gol çekildi. Olaryň hemmesi, şeýle hem sazlaşykly, netijeli we maksada okgunly işleriň alnyp barylmagy, mähriban halkymyzyň giňden goldaw bermegi ykdysadyýetde we daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanmagyň girewi boldy.
Ýakynda Türkmenistanda bolan Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti bu ugurda geçirilýän işlere oňyn baha berdi. Ykdysady ulgamda kabul eden çözgütlerimiziň we saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyny tassyklady diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Netijede, çylşyrymly şertlere garamazdan, şu ýyl bize örän köp işleri bitirmek we köp sanly meseleleri çözmek başartdy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Şu ýyl biz Olimpiýa şäherjiginiň binalar toplumynyň gurluşygyny tamamladyk diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Bu Oýunlara görlen taýýarlyk ýurdumyzda sporty ösdürmäge güýçli itergi berdi. Ussat türgenlerimiz şu ýyl geçirilen ähli halkara ýaryşlarynda 776 medala mynasyp boldular. Şolaryň 253-si altyn, 239-sy kümüş, 284-si hem bürünç medallardyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän iri kärhana, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleri, ençeme beýleki zawodlar we desgalar işe girizildi. Umumy meýdany iki million inedördül metrden hem geçýän ýaşaýyş jaýlarynyň, köp sanly çagalar baglarynyň, mekdepleriň we lukmançylyk edaralarynyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalaryň ulanmaga berilmegi bizi aýratyn-da begendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Häzirki döwürde umumy bahasy 43 milliard amerikan dollaryna golaý bolan jemi 1660 desganyň gurluşygy alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şeýlelikde, Bitarap Watanymyz sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmäge uly goşant goşdy we goşmagyny dowam edýär.
Umuman, şu ýylda syýasy we ykdysady häsiýetli köp sanly dürli ýaramaz we oňyn ýagdaýlaryň bolandygyna, şu ýylyň ähli döwletler üçin örän kynçylykly gelendigine garamazdan, biz ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary derejede, ýagny 6,5 göterim bolmagyna garaşýarys. Şu ýylyň jemlerine baha berenimizde, umuman, 2017-nji ýyl kynçylykly bolsa-da, Garaşsyz Watanymyz we mähriban halkymyz üçin gowy ýyllaryň biri boldy diýip, ynam bilen aýdyp bileris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, mejlise gatnaşyjylara geljek ýylda hem ýurdumyzda örän möhüm bolan birnäçe çäreleriň geçiriljekdigini ýatlatdy.Olaryň hatarynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Halkara awtoralli ýaryşy, şeýle hem «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamak ýaly çäreler bar, olaryň ählisi örän ýokary derejede geçirilmelidir.
Ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyl mundan ozal binýadyny döredip giden demokratiýasynyň esaslary ýolbaşçylaryň saýlawlylygyny, häzirki aýanlyk şertlerinde aýdylyşy ýaly, her bir adamyň erk-islegini erkin beýan etmegini aňladýar. Bu meseleleriň ählisi biziň däp-dessurlarymyzda we kada-kanunlarymyzda öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem, saýlawlar ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guramaçylykly we tertip-düzgüne laýyklykda geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Halkara awtoralli ýaryşy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň şular ýaly iri sport çäresini indi birinji gezek geçirmeýändigini belledi. Dünýä derejeli bu ýaryşlary hem V Aziýa oýunlary ýaly, örän ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek möhümdir.
«Türkmenistan–Owganystan–Pakistan– Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna ünsi jemlemek bilen, milli Liderimiz bu gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşmaga we oňa öz maýa goýumlaryny goýmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň köpdügini belledi. Onuň gurluşygynyň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygyny görensoňlar bolsa, oňa gatnaşmak isleýänleriň sany has-da artar diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramy bilen bagly şäherlerimiziň we obalarymyzyň işini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylyk meselesiniň üstünde durup geçdi. Şoňa görä-de, baýramçylyk günleri ýurdumyzda ähli jemagat, energetika, suw üpjünçiligi gulluklary, hassahanalar, ýolagçy awtoulaglary, dükanlar takyk we bökdençsiz işlemelidir, şeýle hem ähli ýerde tertip-düzgüniň berjaý edilişine berk gözegçilik etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl — 2018-nji ýyl It ýyly, Wepalymyzyň ýyly barada durup geçdi.
Ýyldyz hasapçylar iti parasatly, adalatly, üşükli jandar hasap edýärler. Onuň wepalydygyny, oňşuklydygyny belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýetip gelýän ýylyň geçen ýyla garanyňda has durnukly hem-de sazlaşykly boljakdygy barada pikirini aýtdy. Itiň ynsana örän wepaly we mähirli bolýandygyny biz bilýäris. Ol hemişe kömege taýýar. Kömege mätäçleri goraýar, garşydaşlary ýaraşdyrýar. Başa betbagtçylyk düşende güýçli duşmana berk garşy durýar, päliýamanlar, işýakmazlar, kezzaplar bilen haklaşýar.
Şeýle hem, it örän birahat jandar. Ol bütin ýylyň dowamynda asuda durmuşymyzyň goragynda durýar. Özi-de hemişe adalatyň tarapynda, eýesine hiç haçan ikilik etmeýär. Şoňa görä-de, biz it ýylynda ähli zatlaryň göwnejaý, talabalaýyk we adalatly boljakdygyna bil baglap bileris. It ýagdaýyň üýtgäp durmagyny halamaýan hem bolsa, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy oňa ýaraýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şunuň ýaly astrologiki çaklamalar täze ýylyň düşümli bolmagyna umyt döredýär. Sebäbi, it ýyly erjel we jepakeş adamlara üstünlik getirýär. Sylag-hormat, ýokary mertebe, döwletlilik we bagtyýarlyk olaryň hemrasy bolýar. It biziň ruhubelent, göwnaçyk, şadyýan bolmagymyza ýardam berýär. Ak göwünli, hoşniýetli jandar şöhrata kowalaşmaýar.
Indiki ýyl dostluk we dogruçyllyk rowaçlanar. Hatda bäsdeşlerimiz bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzda hem biz yza tesmän, öňden gelýän kada-kanunlarymyza ygrarly bolmalydyrys. Sebäbi, it ýylynda hiç kim bizi aldap ýa-da ýalňyşdyryp bilmez. Täze ýylda islendik işiň başyna barlanda, oňa döredijilikli çemeleşmeli. Nesip bolsa, it ýylynda biziň ähli ýollarymyz açyk bolar. Bu ýyl görlüp-eşidilmedik açyşlar ediler, ägirt uly taslamalar amala aşyrylar. Zähmetsöýer we işjeň adam öz göwnüne laýyk iş bilen meşgullanar. Onuň işleri ugruna bolar.
Täze ýyl adamlaryň saglygy bilen bagly düýpli mesele döremez diýip pikir edýärin. Ýöne, ýaramaz endikleri welin taşlamaly bolar. Temmäki we alkogolly içgiler ýaly zyýanly zatlara köp pul harç etmeli bolmaz diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Indiki ýylda adamlar bilen hemişeki ýaly gowy gatnaşykda bolmaly. Şeýtsek, betniýetler golaýymyza-da gelip bilmez. Sebäbi, ýanymyzda Wepaly hem bar. Ol bolsa, ýagşylara ýagşy göz bilen garaýar. Şonuň üçin, özümizi ruhy taýdan kämilleşdirsek, ýagşylyk etsek, dostlukda ýaşasak, bähbitli bolar.
Täze ýyl bize bagt, söýgi hem-de eşretli durmuş getirer ýaly, şu kadalara eýermek zerur diýip hasap edýärin. Ilki bilen, durmuşda ownukçyl bolmaly däl. Hiç kime zelel ýetirmeli däl. Adamlara ynanmaly. Durmuş meselelerinde sabyr-kanagatly we parasatly bolmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Täze ýylyň nyşany bolan it öý jandary. 2018-nji ýylda maşgala gymmatlyklaryna, agzybirlige, mähriban öý-ojagymyza aýratyn hormat goýmaly. It ýylynda köp wagtyňy maşgala ojagyňa sarp etmeli. Ýakynlaryňa goldaw hem kömek bermeli. Ýaňy hem belleýşim ýaly, it adalatly jandar. Adalat bar ýerinde bolsa, durmuşa höwes hem güýçli bolýar. Şeýle bolanda ýagşy özgerişlere, açylýan täze mümkinçiliklere, üstünliklere, dünýäde hakykatyň we adalatyň rowaçlanjakdygyna umyt artýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Şoňa görä-de, Täze ýyla arassa we nurana oý-pikirler bilen gadam basmagyň zerurdygy barada pikirini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara oýlanyşykly we döredijilikli çözgütleri çykarmaly diýip, Täze ýylda rowaçlygyň hemra bolmagyny, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, mähriban halkymyzyň durmuşyny has-da gowulandyrmakda ýene-de bir aýgytly ädimiň ädilmegini arzuw etdi.
Her ýyly belli bir şygar astynda geçirmegiň indi asylly däbe öwrülendigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz geljek ýyl üçin şygaryň «Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip kesgitlenendigini, şeýle hem 2018-nji ýylyň nyşanynyň hem tassyklanandygyny aýtdy. Bularyň ählisi bize bellän belent maksatlarymyza tarap öňe gitmäge kömek eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmeleri ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Täze ýylda berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. (TDH)