14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Nebitgaz Toplumyna Maýa Goýumlar Artýar

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak üçin düýpli maliýe serişdeleri bölünip berilýär, ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudagyna goýulýan maýalaryň möçberi artdyrylýar.

2020-nji ýylyň dört aýynda ýangyç-energetika toplumy tarapyndan özleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberi 3,735 milliard manatdan gowrak boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,3 milliard dollar köpdür. Jemläp alanyňda, 2016-njy ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin 40 milliard manatdan gowrak serişde bölünip berildi.

Ilkinji nobatda, maýa goýumlar pudagyň kärhanalarynyň tehniki we tehnologiki enjamlaşdyrylmagyna gönükdirilýär. Şol sanda, enjamlaryň, materiallaryň, ýöriteleşdirilen tehnikalaryň satyn alynmagy maliýeleşdirilýär. Bu bolsa, geologiýa gözleg we buraw işleriniň gerimini düýpli giňelder, nebite we gaza baý känleriň senagat taýdan özleşdirilmegini tizleşdirer.

Ýerli we daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna täze kärhanalary, döwrebap önümçilik desgalaryny we binalaryny gurmak boýunça birnäçe taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Olaryň hatarynda — Gyýanlydaky polimer zawody we tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça Ahal welaýatyndaky zawod bar. Uzak wagtlap işlenip özleşdirilýän känleri ulanyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga hem uly üns berilýär.

8-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde bellenilişi ýaly, şu ýylyň dört aýynyň netijeleri boýunça nebitgaz toplumy boýunça esasy önümçilik görkezijileri ýyl boýunça bellenilen meýilnamalara laýyk gelýär.

Hususan-da, şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 3,2 million tonna nebit we gaz kondensaty hem-de 25 milliard kub metre golaý tebigy gaz çykaryldy. 650 müň tonnadan gowrak awtomobil benzini öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründen 90 müň tonna golaý artykdyr. Dizel ýangyjynyň önümçilik möçberleri 600 müň tonna, polipropilen – 28,6 müň tonna, suwuklandyrylan gaz – 70 müň tonnadan gowrak boldy.

Häzirki wagta çenli «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz çykarýan we iberýän ulgamlarynyň ygtybarly hereket etmegini üpjün etmek boýunça çäreleriň toplumy işlenip düzüldi. Şu maksat bilen birnäçe gazkompressor beketleriniň we beýleki iri desgalaryň «Marygazçykaryş», «Lebapgazçykaryş» müdirlikleri we «Türkmengazakdyryş» birleşigi tarapyndan enjamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bu kärhanalar tebigy gazyň çykarylyşyny, onuň ýokary hilli taýýarlygyny we sarp edijilere bökdençsiz ýetirilmegini üpjün edýärler.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Onlaýn Media Forum Makalasynda “Atavatan Türkmenistana” Uly Orun

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik