14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Paýtagtynda Awtoulagsyz Günüň Ekologiýa Netijeleri Jemlenildi

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2018-nji ýylda esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.

Ýurdumyzyň şaýollaryna we köçelerine sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän welosipedçileriň köpsanlysy çykdylar. Şonuň bilen birlikde, ekologiýa meselesi Welosiped gününiň çäreleriniň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzda bu çäräniň Awtoulagsyz gün diýlip yglan edilmegi ýöne ýere däldir.

Ekologiýa abadançylygy hakyndaky alada milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň aýrylmaz bölegidir, türkmen halkynyň, her bir raýatyň many-mazmunly we bagtyýar durmuşy, sagdynlygy bu syýasatyň özenini düzýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz tebigaty goraýyş ulgamynda köptaraply halkara resminamalarynyň 20-sine gatnaşýar. Geçen ýyl howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy. «Ozon gatlagyny goramak hakynda» we «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna halkara hukugynyň degişli kadalary ornaşdyryldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýy amatly diýlip häsiýetlendirilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä aýratyn üns berýär. Howa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen köpçülikleýin bag ekmek işleri, şol sanda ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyna ýardam berýän, pyýada gezelenç etmegiň, welosipedde ýa-da jemgyýetçilik ulagynda gatnamagyň artykmaçlyklaryna ünsi çekýän beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär.

3-nji iýunda ýurdumyzyň baş şäherinde sagat 06:00-dan 18:00-a çenli diňe welosipedlerde, awtobuslarda hem-de gaýragoýulmasyz gulluklaryň ulaglarynda hereket etmäge ygtyýar berildi. Bu çäre gözel paýtagtymyza awtoulag serişdeleriniň köpsanlysyndan wagtlaýynça «dynç almaga», awtoulaglaryň çykarýan zyňyndy gazlaryndan howany ep-esli derejede arassalamaga mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugy tarapyndan paýtagtymyzda şol gün hereketleriň çäklendirilmeginiň atmosfera howasyna täsirine gözegçilik geçirildi. Hünärmenler Aşgabat şäherindäki bäş sany hemişelik we göçme gözegçilik nokadyndan howa nusgalyklaryny alyp, onuň düzümine barlag işlerini geçirdiler.

Howa nusgalyklarynyň deňeşdirilmegi netijesinde awtoulag serişdeleriniň hereketleriniň, degişlilikde, zyňyndy galyndylaryň çäklendirilmegi bilen, tozanyň möçberi 20 göterim, kükürt dioksidiniň möçberi 10 göterim, azot dioksidiniň möçberi 40 göterim we fenolyň möçberi iki esse peseldi.

Şeýlelikde, zyýanly zyňyndylaryň esasy çeşmesi bolan awtoulaglaryň hereketlerini çäklendirmek çäresi, hakykatdan-da, düýpli netije berdi — paýtagtymyzda howanyň arassaçylyk derejesi ep-esli ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen awtoulagsyz günleriň yzygiderli geçirilmegi ak mermerli paýtagtymyzy ekologiýa taýdan arassa we ýaşamak üçin amatly şähere öwürmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işlere uly goşant bolup durýar. TDH

Degişli makalalar

Türkmen Aýdymçysy Çynaradan Muşdaklaryna Täze Aýdym

turkmenhabargullugy

Türkmenistan-BMG: Parahatçylyk Döredijilik Maksadynda Hyzmatdaşlyk

Daşoguz Welaýatynyň Suwly-Batgalyk Ýerlerinde Guşlaryň Höwürtgeleme Möwsümi Başlandy