Ulag kommunikasiýalarynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm strategik ulgamda ýurdumyzyň amala aşyrýan taslamalary halkara söwda-ykdysady, syýahatçylyk, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Milli ulag strategiýasynyň esasynda Merkezi Aziýanyň çäklerinden ençeme asyrlaryň dowamynda geçen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan pikir durýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde bu transkontinental ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyny olaryň dünýäniň ulag ulgamyna ýakynlaşmagy arkaly amala aşyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.
Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy taýdan eýeleýän ornuny täzeden dikeltmek BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerinde Ýewropanyň hem-de Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda örän uly ähmiýete eýedir.
Ýurdumyz dünýäniň ykdysady ösüşiniň esasy ýagdaýlarynyň biri bolan ulag ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyndan ugur alyp, bu babatda döwrebap düzümleriň döredilmegine örän uly üns berýär hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen aýry-aýry döwletler bilen bolşy ýaly, abraýly halkara guramalar bilen hem bilelikde sebit we transkontinental ähmiýetli iri taslamalaryň başyny başlaýar we olary yzygiderli durmuşa geçirýär.
Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ulanylmaga berilmegini mysal hökmünde agzap bolar. Ony gurmak baradaky başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürdi. Bu transkontinental ýol ýylda 10 — 12 million tonna çenli ýüki geçirmäge ukyplydyr. “Demirgazyk — Günorta” we “Gündogar — Günbatar” ulag geçelgeleriniň möhüm halkasyna öwrülen bu ýoluň üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleri daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň barha köp ünsüni çekýär. Şol hyzmatdaşlaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy bar.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň 10 aýynda HHR-den biziň ýurdumyzyň üsti bilen Eýran Yslam Respublikasyna konteýnerli ýükleriň geçirilmegi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,5 esse artdy. Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugrunyň umumy uzynlygy 10 müň kilometre golaýdyr. HHR-iň dürli senagat merkezlerinden iberilýän demir ýol düzümleriniň ýolda bolmagynyň wagty bolsa iki hepde töweregidir, bu bolsa deňiz ýoly bilen deňeşdirilendäkiden ortaça iki esse çaltdyr.
Demir ýol arkaly yzygiderli ýük daşalyşyny ýola goýmak hem-de bu üstaşyr-ulag taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň her birinde logistikany düzgünleşdirmek maksady bilen, ortaça 40 — 50 konteýnerden ybarat demir ýol düzüminiň ençeme synag gatnawlary amala aşyryldy. Şolar Iuw (Çžeszýan gündogar welaýaty), Çanşa (Hytaýyň günortasynda Hunan welaýaty), Inçuan (HHR-iň merkezi böleginde özbaşdak sebit) şäherlerinden hem-de ýurduň demirgazygyndaky Sian we Baýan-Nur şäherlerinden ugrady.
Iberijileriň hem-de ýükleri daşaýjylaryň isleglerinden ugur alyp, Türkmenistan boýunça harytly demir ýol düzümleriniň ýolda barmagynyň iki ugry: Gazagystan bilen serhetde “Serhetýaka” demir ýol bekedinden Sarahsa çenli, Eýran bilen günorta-gündogar serhede tarap ýa-da “Akýaýla” (Türkmenistan) — “Inçeburun” (EYR) bekedine çenli ugurlar göz öňünde tutuldy.
Demir ýol düzümleri bu ýoly iň öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan lokomotiw deposy ulanmaga berlen ýükleriň görnüşlerine görä saýpallanylýan “Bereket” bekedini hem nazara almak bilen, täze häzirki zaman polat ýollarynyň hem-de döwrebaplaşdyrylan beketleriň netijesinde, adatça, bellenen wagtdan çalt geçýärler.
Ýoly geçmegiň wagtynyň kemelmegi, degişlilikde, şol ugruň ykdysady düşewüntliligini artdyryp, ulag çykdajylaryny azaldýar. Şonuň üçin hem Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly häzir sebitde ýük daşamagyň esasy ugruna öwrülmek bilen, sebitiň iri ykdysady merkezlerini baglanyşdyrýar.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Serhetýaka — Akýaýla demir ýoly boýunça ýük daşalyşynyň mukdarynyň 3,5 esse artmagy hem munuň güwäsidir. Şol ugur bilen Eýrandan Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystana hem-de yzyna gaýdylanda bolsa, ýük daşalyşynyň möçberi 2 esse artdy.
Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan polat ýoly hem Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasynda ulaglarda ýük daşamagyň möhüm düzüm bölegi boldy. 2016-njy ýylyň noýabrynda Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly – Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysy ulanmaga berildi. Ol Hytaýa, Hindistana, Pakistanyň deňiz portlaryna çykalgany üpjün etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu taslamany Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzüm bölümleri amala aşyrdy. Çölüň çylşyrymly şertlerinde bu ýoly özleşdirmek we gurmak üçin köp tagallalar hem-de serişdeler sarp edildi.
Uzynlygy 88 kilometr bolan polat ýoluň ugrunda täze demir ýol menzilleri, lokomotiw depolary, köprüler, ätiýaçlyk we gapdal ýollar, beýleki düzümleýin desgalar bina edildi. “Ymamnazar” gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ugratmak boýunça täze terminal guruldy. Şeýle hem türkmen hünärmenleri Ymamnazardan Owganystanyň çäklerindäki Akina çenli demir ýoluň bölegini çekdiler.
“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän 2018-nji ýyl hem ulag ulgamynda iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna beslendi. Ine, fewral aýynda Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi we Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar.
Bu waka hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan berkeýändiginiň, Owganystanyň parahatçylykly ösüşine, onuň durmuş-ykdysady düzümleriniň dikeldilmegine, dostlukly döwletiň sebit hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna Türkmenistanyň anyk goşant goşýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir.
Türkmen-owgan ýolunyň gurluşygyny doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýän Türkmenistan dolulygyna öz üstüne aldy. Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan täzeden gurlan derejede demir ýoluň döwrebaplaşdyrylmagynyň netijesinde Turgundy bekediniň geçirijilik ukyby artdy, Owganystanyň haryt dolanyşygynda onuň ähmiýeti ýokarlandy, owgan önümlerini halkara bazarlara çykarmak hem-de ýurda gysga we amatly ýol bilen import harytlaryny getirmek mümkin boldy.
Sebitde ýaýbaňlandyrylan ulag düzümlerini kemala getirmegiň taslamasyna Owganystanyň goşulmagy bilen ýurt öz çäk taýdan ýerleşmeginiň bähbidini Ýewraziýa yklymynda ulag-üstaşyr halka hökmünde peýdalanmagyň täsin mümkinçiligine eýe bolar.
Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) demir ýolunyň açylmagy bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystany Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna we onuň üsti bilen gatnaw ýollarynyň halkara ulgamyna birikdirmek baradaky pikiri durmuşa geçirilýär. Polat ýollar hem-de awtoýollar Turgundy şäherini Aşgabat bilen, soňra Hazarda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara porty bilen birleşdirýär. Ondan aňryk geçelge Hazaryň üsti bilen Bakuwa çenli, soňra bolsa Tbilisiniň üsti bilen Ankara we Stambula çenli dowam eder.
Şu ýylyň geçen 10 aýynda Kerki — Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy demir ýol ugurlary boýunça ýük daşalyşynyň möçberiniň 2017-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilendäkiden iki esse artandygyny bellemek gerek. Görnüşi ýaly, bu polat ýollara bolan isleg aýdyňdyr, şolaryň ähmiýeti bu ugurlara täze çäkleriň, taslamalaryň, logistik ulgamlaryň goşulyşyna görä barha artar.
Onlarça ýurduň üstünlikli peýdalanýan ygtybarly ulag geçelgelerini üpjün edip, Türkmenistan demir ýol pudagynyň döwrebap tehnikalar — teplowozlar, oňaýly ýolagçy wagonlar, ýöriteleşdirilen wagonlar hem-de nebit we nebit önümlerini, suwuklandyrylan gazy, sementi, mineral dökünleri, dänäni daşamak üçin ýörite niýetlenen wagonlar bilen üpjün edilmegine uly üns berýär. Bu bolsa ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň möçberlerini has-da artdyrmak, üstaşyr-ulag ugurlarynyň çäklerini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda ulanmaga berlen Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portunyň Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň giňişliginiň ýurtlarynyň ählisi üçin neneňsi uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki zaman derejesindäki iň döwrebap bu toplum halkara ulag düzümleriniň möhüm halkasy bolmagyna hem-de Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, yklymda ulag akymlaryny has-da işjeňleşdirip, olaryň köpüsiniň Türkmenistanda jemlenmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň esasy deňiz menziliniň düzüminde ýük, ýolagçy we konteýner terminallary bolup, olar ýük ýükleýji we ýük düşüriji kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edilendir. Multimodal logistik binýat howa, awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly getirilen konteýnerli ýükleri aýawly saklap we utgaşykly işläp, olaryň suw ulagyna ýüklenilmegini ýa-da düşürilmegini üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň tutuş toplumyny amala aşyrmak mümkinçiligine eýedir.
Mysal üçin, demir ýol duralga meýdançasy 450 wagona niýetlenendir. Ýyllyk ortaça kuwwatlylygy 400 müň standart konteýnere barabar bolan konteýner terminaly ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan gämileriň birbada üçüsinde ýük ýüklemek we ýük düşürmek işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Häzir ol ýurdumyzyň üstünden geçýän, şol sanda Owganystana barýan, Özbegistandan Ýewropa barýan ýükleri işlemek we beýlekiler üçin işjeň ulanylýar.
Ürgün ýükleriň terminaly dürli çig mal serişdelerini, nebithimiýa önümlerini, klinkeri, demir magdanyny, boksidi, alýumini, kömri, iýmleri, dökünleri, şeýle hem dänäni, şekeri, duzy we şuňa meňzeşleri geçirip ýüklemäge niýetlenendir. Bu önümleri saklamak üçin ammarlar we bunkerler guruldy.
Ýurdumyzyň deňiz söwda flotuny ösdürmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bellenen meýilnamalarda demir ýol wagonlaryny daşaýan paromlaryny gurmak işleri bar. Portda ýükleri düşürmek-ýüklemek işlerini ýerine ýetirmezden, wagonlary deňizde daşamagyň şeýle görnüşi iň ýokary öndürijilikli işleriň biri bolup, onuň ulanylmagy wagty ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portunyň öňdebaryjy düzümleri ýokary hilli teklipler we ýokary derejedäki hyzmatlar bilen bar bolan hem-de geljekde döräp biljek islegleri kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Onuň doly kuwwatyna çykmagy wagtyň geçmegi bilen yklym möçberindäki ýük daşamagyň logistik halkalarynda strategiki taýdan üýtgeşmelere getirer. Şonda iň gysga we has bähbitli ugurlar üçin iň oňaýly hökmünde Türkmenistanyň terminallary möhüm halka öwrüler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Ýewropa — Kawkaz —Aziýa (TRAСEKA) maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy we oňa gatnaşyjy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr, çünki Merkezi Aziýadan günbatar ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek maksadyny amala aşyrmak babatda uly orun eýeleýär.
Ýurdumyz Lazurit halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegini işjeň goldaýar. Bu ugur Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäklerinden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňizleriniň, Ortaýer deňziniň gurşawyna girýän sebitleri özünde jemleýän örän giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda, GDA, ŞHG agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitlerinde hem-de ýokary derejeli beýleki maslahatlarda beýan eden halkara başlangyçlary döwrüň täze ýagdaýlaryny hem-de isleglerini nazarda tutmak bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň berkidilmegine we ösdürilmegine gönükdirilendir. Hususan-da, gürrüň Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr-ulag mümkinçilikleriniň öwrenilmegini göz öňünde tutýan BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek baradaky Ýörite maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagy barada barýar.
Türkmen Lideriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolan netijeli teklipleriniň möhümdigine BMG-niň Baş Assambleýasynyň doly goldamagy bilen kabul edilen ulag meselesi babatdaky degişli Kararnamalary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň 2019 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady toparynyň (BMG ÝYT) içerki ulaglar baradaky Komitetiniň Býurosyna saýlanmagy hem bellärliklidir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen kitabynda ýurdumyz “aragatnaşygyň halkara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigi üçin geografik taýdan örän amatly ýagdaýa eýedir” diýip ýazýar. Şu artykmaçlyk hem Watanymyza ählumumy abadançylygyň bähbitlerine giň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin milli ulag ulgamyny bähbitli ulanmaga mümkinçilik berýär.