Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Аziýa oýunlarynyň geçiriljek desgalarynda hem-de täsin toplumyň beýleki desgalarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Olimpiýa şäherjiginde esasy desgalaryň gurluşygy tamamlandy.
Olimpiýa şäherjiginiň girelgesiniň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, V Аziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň, “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, Olimpiýa stadionyna bardy we onuň ikinji gatyna galyp, eýwandan 45 müň orunlyk münberli sport desgasyny synlady. Desgany synlamagyň barşynda hormatly Prezidentimiz oýunlaryň resmi nyşany hökmünde bu köpugurly stadionyň çeperçilik bezegine öwrülen bedewiň şekiline aýratyn üns berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Aziadanyň nyşanlary milli özboluşlylygy, ýurdumyzyň medeni-taryhy aýratynlyklaryny, tebigat dünýäsini we halk däp-dessurlaryny beýan etmelidir. Taryhyň dowamynda alajanyň türkmenleriň durmuşy bilen berk baglanyşykly bolandygyny nazara almak bilen, Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda, ahalteke bedewiniň boýnunda milli buýsanjymyz bolan alaja şekillendirilse, maksadalaýyk bolar, atyň kellesi şekillendirilen kompozisiýanyň bezegine ýüzärlik hem girizilse, ýerlikli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olimpiýa alawy üçin niýetlenen çanagyň bu otuň baldaklary bilen bezelmegini teklip etdi. Şol baldaklar bolsa öwşün atýan täji emele getirmelidir.
Halkymyzda dürli tumarlar hem giňden ýaýrapdyr, asyrlaryň dowamynda olara aýratyn ähmiýet berlipdir. Bu özboluşly tumarlar bize gadymy döwürlerden gelip ýetipdir hem-de häzirki güne çenli saklanyp galypdyr.
Olaryň arasynda ak we gara reňkli ýüplerden işilip ýasalan alaja aýratyn orun eýeleýär. Ýukajyk alajalar bilege, boýna dakylýar, egin-eşiklere çatylýar, olaryň has galyňlary bolsa öýüň içindäki diwara berkidilýär. Alajalar çagalaryň ellerine hem-de atlaryň boýnuna hem dakylýar. Häzirki wagtda alaja täze awtoulagyň ruluna hem daňylýar. Bu özboluşly tumarda adamy özüni alyp barmagyň belli bir düzgünleri, üstünlige bolan hyjuwy hem-de iň gowy isleg-arzuwlary jemlenendir. Wagtyň geçmegi bilen reňki babatda alajanyň görnüşi üýtgedi, onuň üsti täze reňkler bilen ýetirildi..
Şeýle hem türkmenler öýleriniň girelgesiniň ýokarsynda alaja bilen boglan, derde derman ýüzärlik ösümliginiň bir dessesini asyp goýýarlar. Ol Türkmenistanyň çäginde bitýän güýçli hem-de täsirli dermanlyk ösümligidir. Bu ösümlik barada gadymy “Awestada” hem ýatlanylyp geçilýär ( biziň eýýamymyzdan öňki VII-V asyrlar), onuň melhemlik häsiýetleri barada gadymy grek alymlary ýazyp geçipdirler.
Il arasynda ýüzärlik bu ot mukaddes hasaplanylýar. Ol öýi gözden-dilden, şum habardan goraýar. Bu ösümlik ähli howplaryň hem-de betbagtçylyklaryň, keselleriň öňüne böwet bolýar. Mysal üçin, goýy “arassalaýyş” tüssesini döretmek üçin peýdalanylýar. Häzirki zaman ylmy tarapyndan bu gadymy usulyň örän netijeli häsiýete eýedigi tassyklanyldy. Dürli halklarda dürli at bilen meşhur bolan ýüzärligiň tüssesiniň adamyň saglygy üçin howply bakteriýalaryň öňüni alýandygy hemmelere mälimdir.
Uly we möhüm işe başlamazdan öň, ýüzärlik ýakmak däbine eýerilip, olimpiýa çanagynyň alawy ýakylmazdan öň, ondan ak tüsse goýberilse, çuňňur many-mazmuna eýe bolar. Şu halatda ak tüsse biziň isleg-arzuwlarymyzyň päkligini, dostlugy hem-de özara gatnaşyklara ymtylmalarymyzy, ruhubelentligimizi alamatlandyrar.
Şeýle hem dürli dillerde dürli ýol görkezijileri, maglumat kitapçalaryny hem-de türkmen halkynyň medeni däp-dessurlary, onuň mirasy, Aziada-2017-niň nyşanlarynda beýan edilen çeper döredijiligiň aýratynlyklary, Olimpiýa şäherjiginiň we tutuş türkmen paýtagtynyň binagärlik bezegi barada gyzykly maglumatlar jemlenen kitapçalary taýýarlamak hem-de çap etmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz açylyş we ýapylyş dabaralaryny dünýäniň iň gowy tejribesine daýanyp, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, şeýle hem dabaralary guramagyň milli aýratynlyklaryny nazara almak bilen, çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi.