Türkmenistanyň Prezidenti “Areti” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň öňdebaryjy daşary ýurtlar, şol sanda Russiýanyň kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ygrarlydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz we gurluşyk pudaklarynda, şeýle hem dürli ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirilýän möhüm türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň has-de ilerlemegine “Areti” kompaniýasynyň goşandy bellenildi. Ýurdumyz bu ugurlaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Myhman daşary ýurt işewürleri üçin amatly şertleriň üpjün edilen türkmen bazarynyň uly geljeginiň bardygyny belläp, alyp barýan işleri barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Şeýle hem ol bar bolan tejribäniň esasynda we ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Işewüriň belleýşi ýaly, tutuş dünýäde Türkmenistanyň döwrebap ösüşine we ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň gerimine, şol sanda türkmen sportunyň ösüşine uly gyzyklanma bilen syn edilýär. Aşgabatda bina edilen Olimpiýa şäherjiginiň ajaýyp desgalarynyň dünýä derejesine eýe bolmagy guwançly ýagdaýdyr.
Amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň gerimine haýran galýandygyny belläp, myhman “Aşgabat 2017” taslamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galmagyny şertlendirjekdigine ynam bildirdi. Giň möçberli wakalar halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini, dostluk we işewür gatnaşyklaryň berkidilmegini, sebitde we dünýäde ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýagdaýyň emele gelmegini şertlendirer.
Duşuşygyň ahyrynda “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow özüne ynanylan taslamalary ýerine ýetirmekde buýrujylaryň islegleriniň hemişe nazarda tutuljakdygyna, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy hem-de özara peýdaly esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigini nygtady.
Milli Liderimiz we “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň belli “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Žil Remini kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäniň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalar, şol sanda milli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy hasaplanýan “Cifal” kompaniýasy bilen özara peýdaly gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki iş boýunça toplanan tejribäni nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy. Nebitgaz pudagy, senagat we raýat gurluşygy, konsalting we bilermen hyzmatlary gatnaşyklaryň esasy ugurlary hökmünde görkezildi.
Dünýäniň, şol sanda Ýewropanyň iri işewürlik düzümleriniň Türkmenistana bolan we barha ýokarlanýan gyzyklanmalary barada aýtmak bilen, myhman munuň özi sazlaşykly ösýän ýurduň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň we milli Liderimiziň ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegine, amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen daşary we içeri syýasatynyň aýdyň netijesidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Žil Remi özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň indi 25 ýyl bäri gatnaşyk edýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini belledi.
Şeýle hem milli we halkara ähmiýetli birnäçe iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi, şol sanda Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Cifal kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň çäklerinde GFR-iň “ILF” kompaniýasy bilen bilelikde TOPH-nyň işlerini taslamalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanyň hyzmatdaşlyga bolan işjeň çemeleşmelerini oňlap, ýokary ylmy-tehniki çözgütleri, täzeçil tehnologiýalary esasy ugur edinýän Türkmenistanyň dünýä işewürleriň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz we “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hoşlaşanlarynda, birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň möhüm ugurlaryna we türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň wezipelerine laýyk gelýän özara peýdaly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.