Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi hakyndaky Düzgünnama hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
«Türkmen atlary» döwlet birleşigine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem «Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.
Resminama bilen, bu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.