9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew we Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow gurluşyk we binagärlik ugurlary boýunça tejribe alyşmak üçin, 2016-njy ýylyň 12-14-nji apreli aralygynda Singapur Respublikasynyň Singapur şäherinde gulluk iş saparynda bolarlar.

***  

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, Gülşat Sahyýewna Mämmedowa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilmegi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.


***


Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty G.S.Mämmedowanyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň  Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilmegi bilen baglanyşykly, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 33-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar kabul etdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” saýlaw okrugy boýunça deputaty Gülşat Sahyýewna Mämmedowanyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilmegi bilen baglanyşykly, onuň deputatlyk ygtyýarlyklary möhletinden öň, 2016-njy ýylyň 8-nji aprelinden ýatyrylan diýlip hasap edildi. 


*** 


Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty B.A.Bazarowyň Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri wezipesine bellenilmegi bilen baglanyşykly,  “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 33-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar kabul etdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Lebap welaýatynyň 74-nji “Zergär” saýlaw okrugy boýunça deputaty Batyr Aganazarowiç Bazarowyň Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri wezipesine bellenilmegi bilen baglanyşykly, onuň deputatlyk ygtyýarlyklary möhletinden öň, 2016-njy ýylyň 8-nji aprelinden ýatyrylan diýlip hasap edildi. 

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Sapardurdyýewiç Arabow Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň başlygy wezipesine bellenildi.


***


Türkmenistanyň Prezidentiniň  Karary bilen, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Lýudmila Jahatowna Amanniýazowa Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. 


*** 


Türkmenistanyň Prezidentiniň  Karary bilen, Şemşat Atamyradowna Atanyýazowa başga işe geçmegi sebäpli, Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. 


*** 


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gülşat Täçmyradowna Orazmuhammedowa Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. 


*** 


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimligine “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti bilen: 


Mary şäherindäki Mollanepes we 19-njy fewral köçeleriniň aralygyndaky seýilgähiň durkuny täzelemek barada şertnama; 


seýilgähiň  çäginde restoranyň, garbanyşhananyň we dükanyň taslamalaryny düzmek we olary gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. 


Işlere 2016-njy ýylyň aprel aýynda  başlamak hem-de seýilgähi 2016-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 


*** 


«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri talaba laýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: 


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary 

Batyr Taganowiç Atdaýew Ahal welaýaty; 


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Satlyk Baýjanowiç Satlykow Balkan welaýaty; 


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary  Esenmyrat Orazgeldiýew Daşoguz welaýaty;


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow Lebap welaýaty;


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bäşimmyrat Atamyradowiç Hojamämmedow Mary welaýaty; 


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Şamuhammet Durdylyýew 

Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi. 


*** 


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2016-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkmenistana getirilýän, kafeli we keramiki plitkany ýelmeşdiriji, çäge we sement esasynda taýýarlanýan gury gurluşyk garyndylary üçin gümrük pajy bellenildi. 


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna, Türkmenistanyň Senagat ministrligine, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 


*** 


Aşgabat şäheriniň häkimliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyna serişdeleri geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen hem-de “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna geçilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyna geçirilýän maksatlaýyn ýygymlary hasaplamagyň we tölemegiň Tertibi tassyklanyldy. 


Aşgabat şäheriniň häkimligine, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 


***


Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy Kutlyýew Rustam Awezowiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy. 


***  


Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen  kemçilikleri üçin, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Çaryýew Saparberdä 

käýinç yglan edildi.   

***  

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwran Rahymberdiýewiç Orazmyradowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2016-njy ýylyň 8-nji aprelinde çykaran karary tassyklanyldy.


***


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwran Kerimbergenowiç Hojaýewi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2016-njy ýylyň 8-nji aprelinde çykaran karary tassyklanyldy.    


*** 


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwran Kerimbergenowiç Hojaýewi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2016-njy ýylyň 8-nji aprelinde çykaran karary tassyklanyldy.

 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Minskde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Hökümetara Türkmen-Belarus Toparynyň 8-nji Mejlisi Geçirildi